Azi­ýa­nyň inf­rast­ruk­tu­ra bo­ýun­ça ma­ýa go­ýum­lar ban­ky­nyň do­lan­dy­ry­jy­lar ge­ňe­şi­niň il­kin­ji mej­li­si ge­çi­ril­di. Hy­ta­ýyň paý­tag­ty Pe­kin şä­he­rin­de ge­çi­ri­len bu ýyg­nak­da kä­bir tas­la­ma­la­ra il­kin­ji ma­li­ýe kö­me­gi­ni ber­mek ha­kyn­da­ky çöz­güt ka­bul edil­di.
Ma­li­ýe eda­ra­sy­nyň il­kin­ji ýyg­na­gy­na Hy­taý Halk Res­pub­li­ka­sy­nyň Hö­kü­met baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry Çžan Gao­li hem gat­naş­dy. Ol bu ýer­de eden çy­ky­şyn­da Azi­ýa­nyň ban­ky­nyň beý­le­ki ma­li­ýe eda­ra­la­ry bi­len ys­ny­şyk­ly hyz­mat­daş­lyk gat­na­şyk­la­ry­ny ýo­la goý­ma­ga baş­lan­dy­gy­ny mä­lim et­di. Hy­ta­ýyň ýo­ka­ry de­re­je­li döw­let ýol­baş­çy­sy ban­kyň dü­zü­min­dä­ki döw­let­le­riň ag­ram­ly bö­le­gi­niň Ýü­pek ýo­lu­nyň ug­run­da ýer­leş­ýän­di­gi­ni bel­läp, bu ugur­da tä­ze baş­lan­gyç­la­ryň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi­ne de­ger­li ýar­dam et­jek­di­gi­ni aýt­dy.
2015-nji ýy­lyň iýun aýyn­da dö­re­di­len ban­kyň dü­zü­min­de 57 döw­let bar. Gel­jek ýyl­lar­da bu gör­ke­zi­ji 100-e go­laý­lar. Bu ba­ra­da Azi­ýa­nyň inf­rast­ruk­tu­ra­lar bo­ýun­ça ma­ýa go­ýum­lar ban­ky­nyň baş­ly­gy Szin Lis­ýun ha­bar ber­di. Onuň aýt­ma­gy­na gö­rä, şu ýy­lyň ahy­ry­na çen­li ag­za ýurt­la­ryň sa­ny 100-e ýe­ter. 2017-nji ýyl­dan tä­ze ag­za­la­r ka­bul edi­lip baş­la­nar.
Azi­ýa­nyň iri ma­li­ýe eda­ra­la­ry­nyň bi­ri­ne öw­rü­len bu bank özü­niň il­kin­ji tas­la­ma­la­ry­ny ma­li­ýe­leş­dir­mek ha­kyn­da­ky çöz­gü­di ka­bul et­di. Bu ugur­da – Bang­la­deş­de, In­do­ne­zi­ýa­da, Pa­kis­tan­da hem-de Tä­ji­gis­tan­da tas­la­ma­lar dur­mu­şa ge­çi­ri­ler. Mu­nuň üçin 509 mil­li­on dol­lar ma­li­ýe kö­me­gi gö­nük­di­ri­ler.
— Bi­ziň işe baş­la­ny­my­za al­ty aý bol­dy. Ban­kyň öz üs­tü­ne alan we­zi­pe­le­ri­ni ýe­ri­ne ýe­tir­mä­ge baş­lan­dy­gy me­ni diý­seň be­gen­dir­ýär. Biz il­kin­ji tas­la­ma­la­ry­my­zy dur­mu­şa ge­çir­mä­ge baş­la­dyk. Azi­ýa ýurt­la­ryn­da il­kin­ji 4 tas­la­ma­ny ma­li­ýe­leş­dir­mek ba­bat­da ýö­ri­te gaz­na dö­re­dil­di – di­ýip, ban­kyň baş­ly­gy aýt­dy.