Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen Rezolýusiýa esasynda döredilen Bütindünýä welosiped güni ýurdumyzda uly dabaralara beslenip geçirildi. Mälim bolşy ýaly, geçen ýylyň aprel aýynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji maslahatynyň 82-nji mejlisinde 3-nji iýun — Bütindünýä welosiped güni diýip yglan edilipdi.
Türk­me­nis­tan bi­len bir ha­tar­da, Bü­tin­dün­ýä we­lo­si­ped gü­ni dün­ýä­niň köp­san­ly ýurt­la­ryn­da hem bel­le­ni­lip ge­çil­di. Paý­tag­ty­myz Aş­ga­bat­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň gat­naş­ma­gyn­da we­lo­si­ped­li ýö­riş ge­çi­ril­di. Hal­ka­ra We­lo­si­ped­çi­le­riň bir­le­şi­gi­niň (UCI) baş­ly­gy Da­wid Lap­part­ýeniň, “ARE­TI” Hal­ka­ra kom­pa­ni­ýa­lar to­pa­ry­nyň Pre­zi­den­ti I.Ma­ka­rowyň, şeý­le hem dün­ýä meş­hur tür­gen­leriň bu hal­ka­ra baý­ram­çy­ly­gyň hor­mat­ly myh­man­la­ry bol­ma­gy hem mil­li Li­de­ri­mi­ziň baş­lan­gy­jy­nyň dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gi­niň gyz­gyn gol­da­wy­na eýe bol­ýan­dy­gy­ny ýe­ne-de bir ge­zek aý­dyň­ly­gy bi­len gör­kez­ýär. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz hem-de da­ba­ra gat­na­şy­jy­lar il­ki Ar­ça­bil, soň­ra Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan şa­ýol­la­ryn­dan he­re­ket edip, 15 müň metr ara­ly­gy ge­çe­nin­den soň­ra ar­zy­ly pel­le­ha­na gel­di­ler.
Türk­men Li­de­ri­niň tu­tuş dün­ýä­de sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­niň pug­ta­landyryl­ma­gy­na hem-de we­lo­si­ped spor­tu­nyň köp­çü­lik­le­ýin ýaý­baň­lan­dy­ryl­ma­gy­na gö­nük­di­ri­len mö­hüm äh­mi­ýet­li baş­lan­gy­jy esa­syn­da hal­ka­ra baý­ram­çy­lyk – Bü­tin­dün­ýä we­lo­si­ped gü­nünde üs­tü­miz­dä­ki ýyl­da hem tä­ze re­kord­la­ryň şa­ýa­dy bol­duk.
Bil­şi­miz ýa­ly, ge­çen ýyl bu baý­ram­çy­ly­gyň öňü­sy­ra­syn­da kö­pu­gur­ly “Aş­ga­bat” sta­dio­nyn­da we­los­port bo­ýun­ça köp­çü­lik­le­ýin tür­gen­le­şik sa­pa­gy ge­çi­ri­lip, ony Gin­ne­siň re­kord­lar ki­ta­by­nyň we­kil­le­ri we­los­port bo­ýun­ça dün­ýä­de gu­ra­lan iň köp­çü­lik­le­ýin tä­lim be­riş sa­pa­gy hök­mün­de ha­sa­ba al­yp­dy. Giň möç­ber­li we­lo­si­ped çä­re­si­ne 3 müň 246 adam gat­na­şyp­dy.
“Türk­me­nis­tan – ro­waç­ly­gyň Wa­ta­ny” ýy­lyn­da bel­le­nip ge­çi­len hal­ka­ra baý­ram­çy­lyk 2019-njy ýy­la mah­sus hä­si­ýe­te eýe bol­dy. Şu ýyl­ky ýur­du­my­zyň we­lo­si­ped sö­ýü­ji­le­ri­niň go­ýan re­kor­dy bu san bi­len hem bag­la­ny­şyk­ly bol­dy. Şu ýy­lyň 1-nji iýu­nyn­da Olim­pi­ýa şä­herçesinde bir ha­tar bo­ýun­ça iň do­wam­ly we­lo­si­ped­li ýö­ri­ş gur­a­lyp, ol hem “Gu­in­ness World Records”-yň ýo­ka­ry ba­ha­sy­na my­na­syp bol­dy. 2 müň 19 we­lo­si­ped­çi bi­ri-bi­ri bi­len kes­git­li ara­lyk­da bir ha­ta­ra dü­zül­di­ler we Olim­pi­ýa şä­her­çesiniň da­şyn­dan öw­rüm edip, 3300 metr ara­ly­gy geç­di­ler. Şeý­le uly göw­rüm­li çä­re 2019-njy ýy­lyň 3-nji mar­tyn­da Hin­dis­tan­da goý­lan re­kor­dyň tä­ze­len­me­gi­ne ge­tir­di. Bu wa­ka “Gu­in­ness World Records” kom­pa­ni­ýa­sy ta­ra­pyn­dan bel­li­ge alyn­dy we de­giş­li gü­wä­na­ma bi­len tas­syk­la­nyl­dy. Ol gü­wä­na­ma hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­lan­gy­jy esa­syn­da Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy ta­ra­pyn­dan esaslandyrylan Bü­tin­dün­ýä we­lo­si­ped gü­ni my­na­sy­bet­li da­ba­ra­da gow­şu­ryl­dy. Mun­dan baş­ga-da, ýur­du­myz­da Bü­tin­dün­ýä we­lo­si­ped gü­ni my­na­sy­bet­li köp­çü­lik­le­ýin we­lo­si­ped­li ýö­riş­ler, köp san­ly sport çä­re­le­ri ge­çi­ril­di.
Türk­me­nis­tan­da spor­tuň beý­le­ki gör­nüş­le­ri bi­len bir ha­tar­da, we­lo­si­ped spor­tu­nyň hem tä­ze ösü­şe eýe bol­ýan­dy­gy­ny bel­le­mek ge­rek. Bu spor­tuň ös­dü­ril­me­gi ba­bat­da köp iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­di we ge­çi­ril­ýär. Öňü­miz­däki ýyllarda bu ugur­da paý­tag­ty­myz­da hal­ka­ra ýa­ryş­lar ge­çi­ri­ler. Hal­ka­ra We­lo­si­ped­çi­le­riň bir­le­şi­gi­niň (UCI) baş­ly­gy Da­wid Lap­part­ýe­niň ha­bar be­r­şi ýa­ly, 2021-nji ýyl­da we­lot­rek bo­ýun­ça Dün­ýä çem­pio­na­ty ýur­du­myz­da ge­çi­ri­ler. Paý­tag­ty­myz­da­ky Olim­pi­ýa şä­her­çesindäki hä­zir­ki za­man ýa­pyk we­lot­re­gi bu ge­çi­ril­jek ýa­ry­şyň mer­ke­zi­ne öw­rü­ler. Onuň we­lo­si­ped ýo­da­jyk­la­ry äh­li öl­çeg­ler bo­ýun­ça de­giş­li hal­ka­ra stan­dart­la­ra hem-de şu­nuň ýa­ly des­ga­la­ra bil­di­ril­ýän döw­re­bap ta­lap­la­ra la­ýyk gel­ýär. Bu ýer­de dö­re­di­len şert­ler iri hal­ka­ra ýa­ryş­la­ry, şol san­da dün­ýä çem­pio­nat­la­ry­ny gu­ra­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär. We­lo­si­ped top­lu­my­nyň çä­gin­de äh­li ze­rur dü­züm­ler – 6 müň orun­lyk to­ma­şa­çy­lar mün­be­ri, tür­gen­ler we tä­lim­çi­ler, teh­ni­ki hem-de hyz­mat ediş iş­gär­le­ri üçin ýö­ri­te otag­lar göz öňün­de tu­tul­dy. Şeý­le hem soň­lu­gy bi­len 2026-njy ýyl­da ýur­du­myz­da we­los­port bo­ýun­ça ada­ty ýol ýa­ry­şy­nyň hem ge­çi­ril­me­gi­niň göz öňün­de tu­tul­ma­gy, bu spor­tuň Türk­me­nis­tan­da­ky ab­ra­ýy­ny has-da be­len­de gal­dyr­ma­ga äh­li müm­kin­çi­lik­le­ri dö­re­der.
Şeý­le­lik­de, Olim­pi­ýa şä­herçesiniň bin­ýa­dyn­da ýa­pyk we­lot­re­giň işe gi­ri­zil­me­gi mil­li we­lo­si­ped spor­ty he­re­ke­ti­niň ta­ry­hyn­da tä­ze sa­hy­pa­ny aç­dy. Bu des­ga­nyň hi­li­ne We­lo­si­ped­çi­le­riň hal­ka­ra bir­le­şi­gi­niň hü­när­men­le­ri hem ýo­ka­ry ba­ha ber­di­ler.
Adam sag­ly­gy­ny, oza­ly bi­len bol­sa, ösüp gel­ýän ýaş ne­sil hak­da­ky ala­da­ny döw­let äh­mi­ýet­li il­kin­ji we­zi­pe hök­mün­de yg­lan eden hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň we­lo­si­pe­de erk et­mek ba­bat­da­ky şah­sy gö­rel­de­si ýaş­la­ryň bar­ha köp san­ly­sy­ny spor­tuň bu gör­nü­şi bi­len meş­gul­lan­ma­ga çek­ýär. Ol hem hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­ni giň­den or­naş­dyr­mak, be­den­ter­bi­ýä­ni we spor­ty wa­gyz et­mek bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň aý­dyň yk­rar­na­ma­sy­dyr.

Jeý­hun GEL­DI­ÝEW,
S. A. Ny­ýa­zow adyn­da­ky TO­HU-nyň
mu­gal­ly­my.