Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de ýur­du­my­z ägirt uly ösüşlere bes­len­ýär. “Türk­me­nis­tan – ro­waç­ly­gyň Wa­ta­ny” ýy­lynda tä­ze üs­tün­lik­le­re ba­dal­ga ber­lip, ýur­du­my­zyň çar kün­je­gin­de “Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň ýur­du­my­zy 2019 – 2025-nji ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň Mak­sat­na­ma­sy­nyň” çäk­le­rin­de giň möç­ber­li tas­la­ma­lar dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Mu­ňa ge­çen hep­de­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da ge­çi­ri­len Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň mej­li­sin­de ber­len ha­sa­bat­lar hem aý­dyň gör­ke­zi­ji bo­lup dur­ýar. Pre­zi­dent Mak­sat­na­ma­sy­na la­ýyk­lyk­da, hä­zir­ki wagt­da ýur­du­myz­da bi­na­la­ryň we des­ga­la­ryň 11 müň 339-sy­nyň gur­lu­şyk iş­le­ri al­nyp ba­ryl­ýar. 2019-njy ýyl­da Aş­ga­bat şä­he­rin­de Pa­ra­hat ýa­şa­ýyş jaý top­lu­my­nyň, Ahal we­la­ýa­ty­nyň eda­ra ediş mer­ke­zi­niň, Le­bap we­la­ýa­tyn­da dört sa­ny tä­ze şä­her­çä­niň hem-de Ker­ki şä­he­rin­de ho­wa men­zi­li­niň, Bal­kan we­la­ýa­ty­nyň Ser­dar et­ra­byn­da tä­ze oba­nyň, Bal­kan we Da­şo­guz we­la­ýat­la­ryn­da has­sa­ha­na­la­ryň, “Aş­ga­bat–Türk­me­na­bat” ýo­ka­ry tiz­lik­li aw­to­mo­bil ýo­lu­nyň gur­lu­şy­gy­na baş­la­nyl­dy.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň gur­mak, dö­ret­mek baş­lan­gy­jy esa­syn­da Di­ýa­ry­my­zyň dür­li kün­je­gin­de giň göw­rüm­li me­de­ni-dur­muş hem-de önüm­çi­lik mak­sat­ly tas­la­ma­la­ryň durmuşa geçirilmegi “Döw­let adam üçin­dir!” diýen baş şy­ga­rymyzyň da­ba­ra­lan­ýan­dy­gy­nyň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr.
Mil­li Li­de­ri­mi­ziň taý­syz ta­gal­la­la­ry ne­ti­je­sin­de, ýur­du­my­zyň se­bit­le­rin­de tä­ze öz­ge­riş dün­ýä­si­niň sa­hy­pa­la­ry açyl­ýar. Ýur­du­my­zyň dür­li we­la­ýat­la­ryn­da tä­ze, döw­re­bap şä­her­çe­le­riň gu­rul­ma­gy ba­bat­da ta­ry­hy Ka­rar­lar ka­bul edil­di. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň gol çe­ken Ka­ra­ry­na la­ýyk­lyk­da, Ma­ry we­la­ýa­ty­nyň We­kil­ba­zar, Sa­kar­çä­ge we Türk­men­ga­la et­rap­la­ryn­da tä­ze, döw­re­bap şä­her­çe­ler gur­lar. Bi­na gur­mak, ýol çe­kip, köp­ri sal­dyr­mak hal­ky­myz­da asyl­ly we so­gap­ly sa­ýyl­ýan ýö­rel­ge­ler­dir. Ma­ry we­la­ýa­ty­nyň We­kil­ba­zar, Sa­kar­çä­ge we Türk­men­ga­la et­rap­la­ryn­da hem-de Ma­ry şä­he­rin­de gu­rul­jak ýa­şa­ýyş jaý­la­ry 3066 ho­ja­ly­ga, Da­şo­guz we­la­ýa­ty­nyň S. A. Ny­ýa­zow adyn­da­ky et­ra­by­nyň çä­gin­de gu­rul­ma­gy me­ýil­leş­di­ril­ýän ýa­şa­ýyş jaý we des­ga­lar top­lu­my 1496 ho­ja­ly­ga, Le­bap we­la­ýa­ty­nyň Çär­jew, Sa­ýat, Ha­laç hem-de Ker­ki et­rap­la­ryn­da gu­rul­jak şä­her­çe­ler 3500 ho­ja­ly­ga, gur­lu­şy­gy­na ba­dal­ga ber­len Ahal we­la­ýa­ty­nyň do­lan­dy­ryş mer­ke­zi — Gök­de­pe et­ra­by­nyň çä­gin­dä­ki tä­ze şä­her 70 müň­den gow­rak ho­ja­ly­ga ni­ýet­len­ilýär. Şeý­le-de, ýa­ňy-ýa­kyn­da “Al­tyn asyr” Türk­men kö­lü­niň çä­gin­de 212 ho­ja­lyk üçin ni­ýet­le­nen tä­ze, döw­re­bap oba­nyň, giň ge­rim­li dur­muş-önüm­çi­lik top­lu­my­nyň gur­lu­şy­gyna ba­dal­ga berildi. Bu­la­ryň ählisi hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da ýur­du­myz­da adam hak­da edil­ýän ala­da­nyň ýo­ka­ry su­but­na­ma­la­ry­dyr. Oba adam­la­rynyň bagt­ly hem-de asu­da dur­muş­da ýa­şa­ma­gy ug­run­da ta­gal­la ed­ýän hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň bimöçber aladalary bi­len gu­rul­jak tä­ze şä­her­çe­ler, köp san­ly tä­ze döw­re­bap oba­lar bag­ty­ýar dur­mu­şyň ro­waç­lan­ma­gy­na iter­gi be­rer.
Ýur­du­myz­da tä­ze nus­ga­da­ky şä­her­le­riň, şä­her­çe­le­riň we oba­la­ryň gur­lu­şy­gy­na ba­dal­ga be­ril­me­gi mil­li Li­de­ri­mi­ziň dur­muş-yk­dy­sa­dy sy­ýa­sa­ty­ny üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çir­me­giň ýo­lun­da­ky mö­hüm ädi­me öw­rül­di. Onuň esa­sy ug­ry hal­ky­my­zyň amat­ly ýa­şaý­şy üçin aň­ry­baş şert­le­riň dö­re­dil­me­gi­dir. Şä­her­gur­lu­şyk tas­la­ma­la­ry­ny dur­mu­şa ge­çir­mek, se­bit­le­ri top­lum­la­ýyn ýag­daý­da se­na­gat­laş­dyr­mak, mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­zi we hu­su­sy pu­da­gy kö­pu­gur­ly esas­da ös­dür­mek bo­ýun­ça we­zi­pe­le­riň oňyn çöz­gü­di­ne gö­nük­di­ri­len­dir. Mu­nuň özi mäh­ri­ban Wa­ta­ny­my­zyň gül­läp ös­me­gine, hal­ky­my­zyň aba­dan­çy­lyk de­re­je­si­niň ýo­kar­lan­ma­gy­na ýar­dam ber­ýär. Şu­nuň bi­len bir­lik­de, ýur­du­myz se­na­gat taý­dan güýç­li dep­gin­ler bi­len ös­ýär. Ýur­du­my­zyň äh­li se­bit­le­ri­ni bir­leş­dir­ýän tä­ze ulag ýol­la­ry gu­rul­ýar. “Aş­ga­bat–Türk­me­na­bat” ýo­ka­ry tiz­lik­li aw­to­mo­bil ýo­lu­nyň gu­r­lu­şy­gy uly dep­gin­ler bi­len do­wam et­di­ril­ýär. Bu ýol­lar Ahal we­laýa­ty­nyň çäk­le­rin­de bir­le­şip, ýur­du­my­zyň gün­do­ga­ryn­da we gün­ba­ta­ryn­da ýer­le­şen iki çet­ki se­bi­ti öza­ra bag­la­nyş­dy­rar.
Eziz Di­ýa­ry­my­zy ösüş­le­riň we bag­ty­ýar­ly­gyň me­ka­ny­na öwür­ýän hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ja­ny sag, ba­şy dik, döw­let­li iş­le­ri he­mi­şe ro­waç bol­sun!

Aý­dog­dy TE­KÄ­ÝEW,
S. A. Ny­ýa­zow adyn­da­ky
TO­HU-nyň ta­ly­by.