Gül­den-gü­le go­nup ýö­ren ke­be­lek­ler örän owa­dan mör-mö­jek­le­riň bi­ri­dir. Ola­ryň ga­nat­la­ryn­da dür­li reňk­li geo­met­rik we beý­le­ki şe­kil­ler bar. Bu tä­sin jan­dar­lar ba­ra­da bil­mek hem­mä­miz üçin gy­zyk­ly bol­sa ge­rek.
Ýer ýü­zün­de ke­be­lek­le­riň 100 müň­den gow­rak gör­nü­şi bar. Ola­ryň kä­bir­le­ri ba­ry-ýo­gy bir­nä­çe gün ýa­şa­ýan bol­sa, iň uzak ýa­şa­ýa­ny­nyň 11 aý öm­ri bar. Gün­ba­tar pig­mi ma­wy­sy (“Brep­hi­di­um exilis”) at­ly ke­be­le­ji­giň 12-20 mil­li­met­re ýet­ýän ga­na­ty bo­lup, ol iň ki­çi ke­be­lek ha­sap­lan­ýar­dy. Em­ma 2017-nji ýyl­da Hy­taý­da “Tong­gei­mi­ni­ma shouet yuan” at­ly ke­be­le­giň bar­dy­gy anyk­lan­dy. Onuň ga­na­ty­nyň uzyn­ly­gy 12-17 mil­li­met­re ba­ra­bar. Gü­le ýa-da şa­ha­jy­ga go­nup du­ran ke­be­le­giň bar­dy­gy­ny aň­şyr­mak aň­sat däl. Beý­le­ki mör-mö­jek­le­riň we jan­dar­la­ryň hem daş­ky gör­nüş­le­ri ýa­şa­ýan ýe­rin­dä­ki ösüm­lik­le­re meň­zeş bol­ýar. Bu ola­ryň duş­man­la­ryn­dan go­ran­mak­la­ry­na ýa-da giz­le­nip aw aw­la­ma­gy­na müm­kin­çi­lik ber­ýär. Ke­be­lek­le­riň er­ni ýa-da çüň­ki bol­man, olar in­çe­jik hol­tum­la­ry bi­len gül­le­riň su­wy we mi­we­le­riň şi­re­si bi­len iý­mit­len­ýär.
Ke­be­lek­ler gül­le­riň şi­re­si­niň ta­ga­my­ny aýak­la­ry bi­len duý­ýar­lar. Olar il­ki şi­rä­niň ta­ga­my­ny aýa­gy bi­len da­dyp, ha­la­sa­lar, ep­le­nip du­ran hol­tum­jy­gy bi­len sor­ýar. Adat­ça, ola­ryň hol­tu­my ep­le­nip dur­ýar. Ke­be­lek­ler hol­tu­my bi­len şi­rä­niň ta­ga­my­ny da­dyp gör­me­li bol­sa­lar, bu ýag­daý ola­ryň iý­mit­len­mek üçin wagt we ener­gi­ýa ýi­tir­me­gi­ne se­bäp bo­lar­dy. Ary­la­ryň ta­gam duý­mak uky­by ke­be­lek­le­riň­ki­den has ýitidir. Ary­lar hem dil­le­ri, hem-de aýak­la­ry bi­len ta­gam duý­ýar­lar.
Ke­be­lek­le­riň “Microp­te­ry­gi­dae” at­ly maş­ga­la­sy­nyň ag­za­la­ry di­ňe gül­le­riň po­len­le­ri bi­len iý­mit­le­nip, ola­ryň çeý­neý­ji agyz­la­ry bol­ýar.

Ke­be­lek­ler, esa­san, gi­je we gün­diz he­re­ket ed­ýän iki to­pa­ra bö­lün­ýär. Gi­je­ki ke­be­lek­le­riň iri we agyr göw­re­si bo­lup, ala­ga­raň­ky­da ýa-da gi­je­si­ne iý­mit­len­ýär. Ola­ryň ujy ýi­ti an­ten­na­la­ry bo­lup, kä­bir gör­nüş­le­ri­niň an­ten­na­la­ry da­ra­ga meň­ze­ýär. Adat­ça, so­lak reňk­li, uç­ma­ga has ukyp­ly bol­an bu ke­be­lek­ler dynç al­ýan wag­ty ga­na­ty bi­len üs­tü­ni ýap­ýar­lar. Ola­ryň eşi­diş we ys alyş duý­gu­la­ry ösen bo­lup, kä­bir gör­nüş­le­ri 5 km uzak­dan beý­le­ki ag­za­la­ry­nyň ysy­ny al­ýar. Gün­di­zi­ne uç­ýan ke­be­lek­le­riň an­ten­na­la­ry in­çe bo­lan­soň, beý­le duý­gur däl­dir.
Gün­di­zi­ne peý­da bol­ýan ke­be­lek­leriň ganatlary in­çe we owa­dan bo­lup, an­ten­na­la­ry­nyň ujy top­ja­ga­za meň­ze­ýär. Bu ke­be­lek­ler ýu­waş he­re­ket ed­ýär­ler. Go­nan wag­ty ga­nat­la­ry­ny köp­lenç dik sak­la­ýar­lar. Em­ma gün­di­zi­ne uç­ýan ke­be­lek­le­riň ara­syn­da hem so­lak reňk­li we galyň ganatlylary duş gel­ýär.

Ke­be­lek­le­riň ba­ry-ýo­gy 24 sa­gat ýa­şa­ýa­ny hem bar. Em­ma uzak ýa­şa­ýan­la­ry gyş uku­sy­na gid­ýär ýa-da ýy­ly ýer­le­re göç­ýär. Olar ýüz­ler­çe ki­lo­metr ara­ly­ga uçup bil­ýär­ler. Ang­li­ýa­da ýa­şa­ýan ke­be­le­giň bir gör­nü­şi ho­wa so­wap baş­la­nyn­da, De­mir­ga­zyk Af­ri­ka göç­ýär. Guş­la­ryň­ky­dan ta­pa­wut­ly­lyk­da ke­be­lek­ler di­ňe bir ta­ra­pa göç­ýär. Ýag­ny, olar yzy­na do­lan­ma­ýar. Di­ňe Ame­ri­ka­da ýa­şa­ýan «pa­ty­şa» ke­be­lek­le­ri yzy­na do­lan­ýar. Em­ma ola­ryň öz­le­ri däl-de, özün­den soň­ky ne­sil­le­ri yzy­na gel­ýär. “Da­nai­dae” maş­ga­la­sy­na de­giş­li bo­lan bu jan­dar­lar Ka­na­da­nyň de­mir­ga­zy­gyn­dan Mek­si­ka çen­li dört müň ki­lo­met­r ara­lyk­da yzy­gi­der­li gat­na­ýar­lar. Ola­ryň Mek­si­ka­dan Ka­na­da ba­ryp ýet­me­gi üçin 4 aý ge­rek. Bu wag­tyň do­wa­myn­da ola­ryň üç nes­li ça­lyş­ýar. Uku­dan oýa­nan ke­be­lek­le­riň bi­rin­ji nes­li ABŞ-nyň gü­nor­ta­sy­na ba­ryp ýet­ýär. Ikin­ji ne­sil Ka­na­da­nyň gü­nor­ta­sy­na bar­ýar. Üçün­ji nes­liň we­kil­le­ri Ka­na­da­nyň de­mir­ga­zy­gy­na bar­ýar we iýu­lyň ahy­ry­na çen­li ýa­şa­ýar.
Kä­bir ke­be­lek­ler zä­her­li bo­lup, olar örän ha­ýal uç­ýar. Bu jan­dar­la­ryň ga­na­ty­nyň na­gyş­la­ry gö­zü­ňi ga­maş­dyr­ýar. Bu bol­sa, duş­man­la­ryn­dan go­ran­ma­ga ýar­dam ed­ýär. Kä­bir ke­be­lek­le­riň ga­na­tyn­da kel­lä­niň ýa-da an­ten­na­nyň şe­ki­li bo­lup, şu­lar ar­ka­ly duş­man­la­ry­ny al­da­ýar.