Döw­let aý­dyň ösüş ýo­lu­na dü­şen­de onuň äh­li ul­gam­la­ryn­da uly üs­tün­lik­ler ga­za­nyl­ýar. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň: “Ylym-bi­lim hal­ky­my­zyň eş­ret­li dur­mu­şy­nyň, bag­ty­ýar gel­je­gi­niň göz­ba­şy­dyr” di­ýen pa­ra­sat­ly şy­ga­ryn­dan ugur alyp, ýur­du­myz­da ýaş­la­ryň dün­ýä öl­çeg­le­ri­ne la­ýyk ýo­ka­ry de­re­je­de bi­lim al­ma­gy, hü­när öw­ren­me­gi hem-de kä­mil şah­sy­ýet bo­lup ke­ma­la gel­me­gi üçin giň müm­kin­çi­lik­ler dö­re­dil­ýär. Ýur­du­myz­da dur­muş-yn­san­per­wer ylym­la­ry­ny ös­dür­me­giň Döw­let mak­sat­na­ma­sy­na la­ýyk­lyk­da, jem­gy­ýe­tiň ru­hy, aň-bi­lim, me­de­ni taý­dan saz­la­şyk­ly ösü­şi­ni üp­jün et­mek­de, giň dün­ýä­ga­ra­ýyş­ly ýaş­la­ry ke­ma­la ge­tir­mek­de uly iş­ler ama­la aşy­ryl­ýar. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň hut özü­niň gat­naş­ma­gyn­da, 2014-nji ýy­lyň maý aýy­nyň 16-syn­da gur­lup, ulan­ma­ga ber­len Hal­ka­ra yn­san­per­wer ylym­la­ry we ösüş uni­wer­si­te­ti bi­lim ul­ga­myn­da tä­ze bir ädim bol­dy.
Bu ugur­da esa­sy bi­lim ösüş­le­ri­niň bi­ri, il­kin­ji no­bat­da, mil­li we dün­ýä tej­ri­be­si­ni ulan­mak bi­len, Hal­ka­ra yn­san­per­wer ylym­la­ry we ösüş uni­wer­si­te­tin­de Bo­lon pro­se­siň dur­mu­şa ge­çi­ri­lip baş­lan­ma­gy­dyr. Ýo­ka­ry okuw mek­de­bi­niň dü­zü­min­de 17 hü­när bo­lup, okuw­lar de­giş­li me­ýil­na­ma­lar we hal­ka­ra öl­çeg­le­ri­ne la­ýyk gel­ýän okuw mak­sat­na­ma­la­ry esa­syn­da al­nyp ba­ryl­ýar. Şol bir wagt­da uni­wer­si­te­tiň ta­lyp­la­ry jem­gy­ýet­çi­lik we döw­let çä­re­le­ri­ne iş­jeň gat­na­şyp, bi­lim de­re­je­le­ri­ni, tej­ri­be­le­ri­ni bar­ha art­dyr­ýar­lar. Uni­wer­si­te­ti­miz­de pro­fes­sor-mu­gal­lym­la­ry­myz bi­len bir ha­tar­da, da­şa­ry ýurt­ly mu­gal­lym­lar hem zäh­met çek­ýär­ler.
Hal­ka­ra yn­san­per­wer ylym­la­ry we ösüş uni­wer­si­te­ti bi­len da­şa­ry ýurt­la­ryň ab­raý­ly ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň 8-si­niň ara­syn­da hyz­mat­daş­lyk ýo­la go­ýul­dy. Uni­wer­si­te­ti­miz bi­len Awst­ri­ýa­nyň Krems IMC ama­ly ylym­lar uni­wer­si­te­ti­niň ara­syn­da Öza­ra dü­şü­niş­mek ha­kyn­da Äht­na­ma­nyň esa­syn­da ba­ka­lawr trans­mil­li mak­sat­na­ma­sy­nyň nus­ga­sy taý­ýar­la­nyl­dy. Bu hyz­mat­daş­ly­gyň ne­ti­je­sin­de ta­lyp­la­ra iki (HYYÖU we Krems IMC) dip­lom ber­mek göz öňün­de tu­tul­ýar. Hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gyň çä­gin­de 39 mu­gal­lym, ge­çen ýy­lyň do­wa­myn­da bol­sa 29 ta­lyp da­şa­ry ýurt­lar­da gur­a­lan hü­när kä­mil­leş­di­riş okuw­la­ry­na, yl­my-ama­ly kon­fe­ren­si­ýa­la­ra, şeý­le hem hal­ka­ra fo­rum­la­ra gat­naş­dy­lar.
Da­şa­ry ýurt dil­le­ri­ni okat­ma­gyň Kon­sep­si­ýa­sy­ny, san­ly bi­lim ul­ga­my Kon­sep­si­ýa­sy­ny ýe­ri­ne ýe­tir­mek bo­ýun­ça ýo­ka­ry okuw mek­de­bi­miz­de de­giş­li iş­ler durmuşa geçirilýär. Oka­dyl­ýan ders­ler iň­lis di­lin­de al­nyp ba­ryl­ýar, mun­dan baş­ga-da ýa­pon, hy­taý hem-de ital­ýan dil­le­ri hem oka­dyl­ýar. Elekt­ron ki­tap­ha­na, uni­wer­si­te­tiň elekt­ron ne­şir­le­ri por­ta­ly ta­lyp­la­ry­myz we mu­gal­lym­la­ry­myz ta­ra­pyn­dan iş­jeň ula­nyl­ýar.
Şu okuw ýy­lyn­da Hal­ka­ra yn­san­per­wer ylym­la­ry we ösüş uni­wer­si­te­tin­de ýur­du­myz bo­ýun­ça il­kin­ji ge­zek “Bi­li­mi do­lan­dyr­mak” taý­ýar­ly­gy­nyň ug­ry bo­ýun­ça ma­gist­ra­tu­ra oku­wy açy­lyp, on­da ýaş­la­ryň 37-si bi­lim al­ýar. Yn­ha, 2019-njy “Türk­me­nis­tan — ro­waç­ly­gyň Wa­ta­ny” ýy­lyn­da uni­wer­si­te­ti­mi­ziň uçu­rym­la­ry Hal­ka­ra yn­san­per­wer ylym­la­ry we ösüş uni­wer­si­te­ti­niň ba­ka­lawr we ma­gistr de­re­je­le­ri­ni alan il­kin­ji uçu­rym­lar hök­mün­de ta­ry­ha gi­rer.
Eziz Wa­ta­ny­my­zy has-da ös­dür­mek­de, ýaş­la­ryň ylym­ly-bi­lim­li we giň dün­ýä­ga­ra­ýyş­ly bol­ma­gy ug­run­da ägirt uly iş­le­ri dur­mu­şa ge­çir­ýän Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň ja­ny sag, öm­ri uzak bolsun, il-ýurt bäh­bit­li iş­le­ri ro­waçlyklara beslensin!

Ma­ýa ÝAZ­MY­RA­DO­WA,
Hal­ka­ra yn­san­per­wer ylym­la­ry we ösüş
uni­wer­si­te­ti­niň ta­ly­by.