Şu gün­ler ýur­du­my­zyň oba ho­ja­ly­gyn­da gyz­ga­laň­ly möw­süm do­wam ed­ýär. Dä­ne ora­gy möwsüminde zäh­met üs­tün­lik­le­ri gaý­nap joş­ýar. Ýur­du­my­zyň eder­men gal­la­çy­la­ry uly zäh­met ýeň­şi­ni ga­za­nyp, gal­la ka­bul ediş bö­lüm­le­ri­ne 1 mil­li­on ton­na­dan gow­rak bug­daý tabşyryldy. Ýe­ti­len sep­git gal­la­çy­la­ryň esa­sy we­zi­pe­si­niň — ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ri­len gal­la ha­sy­ly­ny ýit­gi­siz ýyg­nap al­mak we­zi­pe­si­niň höt­de­sin­den ab­raý bi­len gel­jek­dik­le­ri­ne ynam dö­red­ýär.

Bug­daý ora­gyn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň oba zäh­met­keş­le­ri ba­ra­da­ky ala­da­sy ne­ti­je­sin­de sa­tyn al­nan kuw­wat­ly oba ho­ja­lyk teh­ni­ka­la­ry ula­nyl­ýar. Hu­su­san-da, ora­gyň gyz­ga­laň­ly döw­rün­de meý­dan­lar­da tä­ze sa­tyn al­nan dä­ne oru­jy döw­re­bap kom­baýn­lar hem-de ýyg­na­lan ha­sy­ly ka­bul ediş bö­lüm­le­ri­ne da­şa­ýan ulag­lar gi­je-gün­diz­le­ýin ýo­ka­ry ön­dü­ri­ji­lik­li iş­le­dil­ýär. Teh­ni­ka­la­ra hyz­mat et­mek, ora­ga gat­na­şy­jy­la­ryň me­de­ni­ýet­li dynç al­ma­gy­ny üp­jün et­mek üçin hem­me şert­ler dö­re­dil­ýär. Şo­nuň ne­ti­je­sin­de hem ýur­du­myz­da gal­la­nyň bol ha­sy­ly ýit­gi­siz ýyg­nal­ýar.
Ýo­ka­ry ha­syl Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de mil­li Li­de­ri­mi­ziň oba adam­la­ry­nyň hal-ýag­da­ýy­ny ýo­kar­lan­dyr­mak, ola­ryň ýa­şa­ma­gy hem-de zäh­met çek­me­gi üçin iň oňat şert­le­ri dö­ret­mek we umu­man, Wa­ta­ny­my­zyň oba ho­ja­ly­gy­ny ös­dür­mek ug­run­da­ky yzy­gi­der­li ala­da­la­ry­na ýur­du­my­zyň eke­ran­çy­la­ry­nyň my­na­syp go­şan­dy­dyr.
Gal­la ora­gy do­wam ed­ýär, ka­bul ediş bö­lüm­le­ri­ne her gün­de ak bug­da­ýyň müň­ler­çe ton­na­sy tab­şy­ryl­ýar. Gal­la­çy­lar ýe­tiş­di­ri­len be­re­ket­li ha­sy­ly soň­ky dä­ne­si­ne çen­li ýyg­nap al­mak, döw­le­te bug­daý tab­şyr­mak bo­ýun­ça öz üst­le­ri­ne alan şert­na­ma­la­ýyn borç­na­ma­la­ry­ny ýe­ri­ne ýe­tir­mek hy­ju­wy bi­len ön­dü­ri­ji­lik­li zäh­met çek­ýär­ler.
Oba ho­ja­ly­gy­nyň ok­gun­ly ös­dü­ril­me­gi hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň eziz Wa­ta­ny­my­zyň yk­dy­sa­dy kuw­wa­ty­ny art­dyr­ma­ga, hal­ky­my­zyň aba­dan­çy­ly­gy­ny has-da ýo­kar­lan­dyr­ma­ga gö­nük­di­ri­len sy­ýa­sa­ty­nyň mö­hüm ug­ru­dyr. Oba ho­ja­ly­gyn­da da­şa­ry ýurt­lar­dan ge­ti­ril­ýän ha­ryt­la­ryň or­nu­ny tut­ýan önüm­le­riň möç­be­ri­ni art­dyr­ma­ga hem-de dür­li oba ho­ja­lyk önüm­le­ri­niň gör­nüş­le­ri­ni gi­ňelt­me­giň ha­sa­by­na ýur­du­my­zyň eks­port kuw­wa­ty­ny ýo­kar­lan­dyr­ma­ga ýar­dam ed­ýän giň ge­rim­li öz­gert­me­ler ama­la aşy­ryl­ýar.

Ata ÝAZYÝEW,
S. A. Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby.