Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­lan­gy­jy bi­len, şu ýy­lyň 12-nji aw­gus­tyn­da “Awa­za” mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gi­niň ün­sü­ni özün­de jem­le­jek iri çä­re – bi­rin­ji Ha­zar yk­dy­sa­dy fo­ru­my ge­çi­ri­ler. Bu fo­rum Ha­zar se­bi­tin­de hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mä­ge de­giş­li me­se­le­le­riň giň top­lu­my­ny ara alyp mas­la­hat­laş­ma­ga hem-de öza­ra bäh­bit­li gat­na­şyk­la­ryň ýo­la go­ýul­ma­gy­na ýar­dam eder.
Bu hal­ka­ra fo­rum mil­li Li­de­ri­miz ta­ra­pyn­dan he­mi­şe üns mer­ke­zin­de sak­lan­ýar. Şu hep­dä­niň do­wa­myn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň Bal­kan we­la­ýa­ty­na ama­la aşy­ran iş sa­pa­ry hem ýur­du­myz­da ge­çi­ril­jek iri hal­ka­ra fo­ru­ma taý­ýar­lyk iş­le­ri bi­len ta­nyş­ma­ga gö­nük­di­ril­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ýur­du­my­zyň gün­ba­tar we­la­ýa­tyn­a iş sa­pa­ry­nyň çäk­le­rin­de Türk­men­ba­şy şä­he­ri­niň Hal­ka­ra de­ňiz por­tu­na bar­dy. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz bu ýerde Mej­li­siň Baş­ly­gy­nyň, wi­se-prem­ýer­le­riň, har­by we hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ryň ýol­baş­çy­la­ry­nyň, Bal­kan we­la­ýa­ty­nyň hä­ki­mi­niň gat­naş­ma­gyn­da iş mas­la­ha­ty­ny ge­çir­di. Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­za şu ýy­lyň aw­gust aýyn­da “Awa­za” mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da ge­çi­ril­jek bi­rin­ji Ha­zar yk­dy­sa­dy fo­ru­my­na taý­ýar­lyk gör­lü­şi­niň bar­şy ba­ra­da ha­sa­bat be­ril­di.
Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, Fo­ru­myň gün ter­ti­bi Ha­zar se­bi­tin­de hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mä­ge de­giş­li me­se­le­le­riň giň top­lu­my­ny gur­şap al­ýar. Oňa gat­naş­mak üçin hö­kü­met ag­za­la­ry, mi­nistr­lik­le­riň we pu­dak­la­ýyn eda­ra­la­ryň ýol­baş­çy­la­ry, ke­nar­ýa­ka se­bit­le­riň we ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji eda­ra­la­ryň baş­tu­tan­la­ry, bank ul­ga­my­nyň, iş­le­ri Ha­zar bi­len bag­ly bo­lan fir­ma­la­ryň we kom­pa­ni­ýa­la­ryň we­kil­le­ri, şeý­le hem hal­ka­ra yk­dy­sa­dy, ma­li­ýe, ulag, eko­lo­gi­ýa we beý­le­ki gu­ra­ma­la­ryň, yl­my mer­kez­le­riň iş­gär­le­ri ça­gy­ryl­dy.
Me­ýil­leş­di­ri­len çä­re­le­riň ha­ta­ryn­da “Ha­zar in­no­wa­si­on teh­no­lo­gi­ýa­lar” we “Türk­men säh­ra­sy-2019” ser­gi­le­ri we Hal­ka­ra mas­la­hat bar.

Mas­la­hat­da dün­ýä möç­be­rin­de Ha­zar se­bi­ti­niň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň eýe­le­ýän or­ny, ne­bit­gaz, elekt­roe­ner­ge­ti­ka, ulag, söw­da, oba­se­na­gat, sy­ýa­hat­çy­lyk we beý­le­ki pu­dak­lar­da ma­ýa go­ýum taý­dan özü­ne çe­ki­ji­li­giň ösü­şi­niň ýag­daý­la­ry ýa­ly mö­hüm me­se­le­ler ara al­nyp mas­la­hat­la­şy­lar.
Bi­le­lik­dä­ki ma­ýa go­ýum tas­la­ma­la­ry­ny we mak­sat­na­ma­la­ry dur­mu­şa ge­çir­me­giň müm­kin­çi­lik­le­ri­ne, aý­ra­tyn, ýö­ri­te we er­kin yk­dy­sa­dy zo­lak­la­ry, bi­le­lik­dä­ki kär­ha­na­la­ry dö­ret­mä­ge we ös­dür­mä­ge, şeý­le hem san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­te ke­nar­ýa­ka döw­let­le­riň se­bit­le­ri­niň ara­syn­da­ky hyz­mat­daş­ly­gyň gel­je­gi uly ugur­la­ry­na, söw­da-yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ryň hu­kuk taý­dan düz­gün­leş­di­ril­me­gi­ne, sta­tis­ti­ki mag­lu­mat­la­ryň al­şyl­ma­gy­na we beý­le­ki­le­re aý­ra­tyn üns ber­ler.
Mun­dan baş­ga-da, mas­la­ha­tyň bar­şyn­da wi­se-prem­ýer­ler ke­nar­ýa­ka­syn­da, aý­ra­tyn-da, “Awa­za” mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da oňaý­ly eko­lo­gi­ýa ýag­da­ýy­ny go­rap sak­la­mak, şy­pa­ha­na­nyň çäk­le­rin­de tä­ze se­ýil­gäh zo­lak­la­ry­ny dö­ret­mek hem-de bar bo­lan ba­gy-bos­san­lyk­la­ry aba­dan­daş­dyr­mak mak­sa­dy bi­len ýaý­baň­lan­dy­ry­lan giň ge­rim­li çä­re­ler ba­ra­da ha­bar ber­di­ler.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz iş mas­la­ha­tyn­dan soň­ra bi­rin­ji Ha­zar yk­dy­sa­dy fo­ru­my­nyň çäk­le­rin­de ge­çi­ril­jek “Ha­zar in­no­wa­si­on teh­no­lo­gi­ýa­lar” we Türk­men säh­ra­sy — 2019” hal­ka­ra ser­gi­le­ri­niň guraljak ýer­le­ri bi­len ta­nyş­dy. Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, Ha­za­ryň in­no­wa­si­on teh­no­lo­gi­ýa­lar ser­gi­sin­de Türk­me­nis­ta­nyň ser­gi bö­lü­mi 880 ine­dör­dül metr meý­dan­da ýer­le­şer, da­şa­ry ýurt kom­pa­ni­ýa­la­ry üçin je­mi 1332 ine­dör­dül metr bö­lü­nip be­ril­di. Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň bel­leý­şi ýa­ly, ylym we teh­no­lo­gi­ýa­lar ul­ga­myn­da soň­ky iş­läp taý­ýar­la­ma­lar, ýur­du­myz­da dur­mu­şa ge­çi­ri­len hem-de gel­je­ge ni­ýet­le­nen, şol san­da ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­ly önüm­le­ri çy­kar­ýan hä­zir­ki za­man kär­ha­na­la­ry­ny gur­mak bo­ýun­ça me­ýil­leş­di­ri­len in­no­wa­si­on tas­la­ma­lar gör­ke­zil­jek bu ser­gi be­ze­len­de, in­no­wa­si­on çöz­güt­ler ula­nyl­ma­ly­dyr.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz öň­ki dö­wür­de çäk­le­rin­den Be­ýik Ýü­pek ýo­ly ge­çen ýur­du­my­zyň üs­ta­şyr-ulag müm­kin­çi­li­gi­ni gör­kez­mä­ge ni­ýet­le­nen “Türk­men säh­ra­sy – 2019” hal­ka­ra aw­to­ser­gi­niň ge­çi­ril­jek ýe­rini syn­la­dy. Tä­ze ta­ry­hy eý­ýam­da Türk­me­nis­tan en­çe­me asyr­la­ryň do­wa­myn­da Ýew­ra­zi­ýa­nyň halk­la­ry­ny bag­la­nyş­dy­ran ady ro­wa­ýa­ta öw­rü­len bu ýo­ly iş­jeň tä­ze­den di­kel­dip, “De­mir­ga­zyk-Gü­nor­ta” we “Gün­do­gar-Gün­ba­tar” trans­kon­ti­nen­tal ulag ge­çel­ge­le­ri­ni gur­mak bi­len, aw­to­mo­bil we de­mir ýol, ho­wa we de­ňiz ýol ugur­la­ry­nyň ul­ga­my­ny gi­ňeld­ýär.