Her ýyl Tür­ki­ýä­niň Iz­mir we­la­ýa­tyn­da ge­çi­ril­ýän bu ýa­ry­şa dün­ýä­niň 26 döw­le­tin­den 400-e ýa­kyn ýer­li we hal­ka­ra tas­la­ma­lar hödürlenýär. Okuw­çy­lar bäs­le­şi­kde je­mi bäş ugur­dan — hi­mi­ýa, bio­lo­gi­ýa, fi­zi­ka, ma­te­ma­ti­ka-komp­ýu­ter teh­no­lo­gi­ýa­la­ry we ener­gi­ýa-in­že­ner­çi­lik ugurlaryndan öz ýa­san zatlaryny we oý­lap ta­pyş­la­ry­ny açyp gör­kez­mä­ge müm­kin­çi­lik ga­zan­ýar­lar. Dün­ýä ýü­zün­de 35-e go­laý hal­ka­ra şe­re­ket­ler bi­len bi­le­lik­de he­re­ket ed­ýän bu gu­ra­ma ta­kyk ylym­lar bo­ýun­ça tej­ri­be­li ýol­baş­çy­lar Oguz­han Öz­ga­ýa we Umyt Ga­ra­de­mir ta­ra­pyn­dan dö­re­dil­di. Bu bäs­le­şi­giň esa­sy mak­sa­dy ýaş ze­hin­le­ri bi­lim we teh­no­lo­gi­ýa açyş­la­ry­na hö­wes­len­dir­mek, hä­zir­ki za­man dep­gi­ni bi­len ut­gaş­dyr­mak, daş­ky gur­şa­wy ne­ti­je­li oý­lan­ma­lar esa­syn­da zy­ýan­ly se­riş­de­ler­den sap­la­mak ug­run­da yl­my tä­ze­lik­ler bi­len ta­nyş­dyr­mak, dün­ýä bo­lan ga­ra­ýyş­la­ry­ny has-da gi­ňelt­mek, şeý­le-de me­de­ni dost­lu­gy ber­kit­mek­den yba­rat­dyr.
Türk­me­nis­tan­ly to­par öz ge­ze­gin­de fi­zi­ka we hi­mi­ýa ugur­la­ry­na de­giş­li tas­la­ma­lar bi­len çy­kyş edip, baý­rak­ly orun­la­ra my­na­syp bol­du­lar. Aş­ga­bat şä­he­ri­niň ýö­ri­te­leş­di­ri­len 97-nji or­ta mek­de­bi­niň hi­mi­ýa mu­gal­ly­my Ata­my­rat Şa­ha­no­wyň ýol­baş­çy­ly­gyn­da ady­bir mek­de­biň 10-njy synp okuw­çy­la­ry Ab­raý Ba­ky­ýew, Aý­ja­han Gul­ha­no­wa, 9-njy synp okuw­çy­sy Ys­ma­ýyl Ber­di­ýew we 28-nji or­ta mek­de­biň 10-njy synp okuw­çy­sy Zü­leý­ha Gylyç­ha­no­wa dagylar hormat hatlarydyr al­tyn me­dal­lar bi­len Wa­ta­ny­my­za do­la­nyp gel­di­ler.
Ýol­baş­çy mu­gal­lym Ata­my­rat Şa­ha­now öz ýü­rek buý­san­jy­ny şeý­le be­ýan edýär:
– Ylym-bi­lim adam­za­dyň ýe­tip bil­jek iň be­ýik no­ka­dy­ bolup, öz­ge­ri­şiň we kä­mil­li­giň ýo­da­syn­da ynam­dar ulag­dyr. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň san­ly bi­lim ul­ga­my kon­sep­si­ýa­sy­na ba­dal­ga ber­me­gi netijesinde, ýur­du­myz­da bi­li­miň äh­li ba­bat­da ös­me­gi üçin uly işler durmuşa geçirilýär. Bu bol­sa, mekdep okuwçylarynyň hal­ka­ra de­re­je­sin­de geçirilýän bilim bäsleşiklerinde baýrakly orunlary eýelemegine ýardam edýär.
Bu hal­ka­ra tas­la­ma bäs­le­şi­gi­niň ahyr­ky gün­le­rin­de ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji gu­ra­ma tarapyndan okuw­çy­la­ra ýer­li mu­zeý­le­riň, me­de­ni ojak­la­ryň şol san­da ga­dy­my grek-rim ýa­dy­gär­lik­ler top­lu­my­nyň ta­nyş­dyr­ylma­gy ýaş­lar­da ýat­dan çyk­ma­jak ýakymly täsirleri galdyrdy.
Ylym-bi­li­me uly sar­pa goý­ýan, hal­ka­ra bäs­le­şik­ler­de türk­men baý­da­gy­nyň al-as­man­da parla­ma­gy ug­run­da ir­gin­siz ala­da ed­ýän mäh­ri­ban Li­de­ri­mi­ze al­kyş­la­ry­myz çäk­sizdir!

Aý­je­mal GUR­BA­NO­WA,
Hal­ka­ra yn­san­per­wer ylym­la­ry we ösüş
uni­wer­si­te­ti­niň žur­na­lis­ti­ka hü­nä­ri­niň ta­ly­by.