“Döw­let adam üçin­dir!” şy­ga­ry Türk­me­nis­tan­da ama­la aşy­ryl­ýan öz­gert­me­le­riň esa­sy binýadydyr. Bu şy­ga­ry iş ýü­zün­de dur­mu­şa ge­çirýän hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da yk­dy­sa­dy­ýe­tiň äh­li pu­dak­la­ry düýp­li döw­re­bap­laş­dy­ryl­dy, ila­tyň dur­muş we ýa­şa­ýyş şert­le­ri­niň de­re­je­si, äh­lu­mu­my me­se­le­le­riň çö­zül­me­gin­de Bi­ta­rap Wa­ta­ny­my­zyň or­ny we tä­si­ri ýo­kar­lan­dy.
Ýur­du­my­zyň pa­ra­sat­ly, yn­san­per­wer, pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji­lik­li ösü­şe gö­nük­di­ri­len içe­ri we da­şa­ry sy­ýa­sa­ty hal­ky­myz ta­ra­pyn­dan do­ly gol­da­nyl­ýar. Şo­nuň ne­ti­je­sin­de, Türk­me­nis­tan­da dost­luk, ag­zy­bir­lik we ru­hu­be­lent­lik da­ba­ra­lan­ýar. Hal­ky­my­zyň aba­dan we asu­da dur­muş­da ýa­şa­ma­gy üçin gi­je-gün­diz ala­da ed­ýän hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň alyp bar­ýan dur­muş sy­ýa­sa­ty­nyň ne­ti­je­sin­de, hä­zir­ki wagt­da ýüz­ler­çe has­sa­ha­na­lar, ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri, or­ta mek­dep­ler we ça­ga­lar bag­la­ry, sport bi­len meş­gul­lan­ma­ga ni­ýet­le­nen döw­re­bap bi­na­lar gu­rul­dy we gu­rul­ýar. Ýur­du­my­zyň ra­ýat­la­ry­na äh­li ugur­lar­da, hu­su­san-da, luk­man­çy­lyk hyz­ma­ty­nyň hem-de bi­lim ber­me­giň ýo­ka­ry de­re­je­le­ri ga­za­nyl­dy.
Ila­tyň hal-ýag­da­ýy­nyň go­wu­lan­dy­ryl­ma­gy hem-de ul­gam­la­ýyn esas­da ýyl-ýyl­dan yzy­gi­der­li ýo­kar­lan­dy­ryl­ma­gy di­ňe yk­dy­sa­dy taý­dan kuw­wat­ly döw­let­de ama­la aşy­ryl­ýar. Türk­me­nis­tan hä­zir­ki wagt­da şeý­le kuw­wa­ta eýe­di­gi­ni aý­dyň gör­kez­mek bi­len, gel­jek­de hem ila­tyň gir­de­ji­si­ni dur­nuk­ly ýag­daý­da art­dyr­ma­gy göz öňün­de tut­ýar. Ýur­du­my­zyň halk ho­ja­ly­gy­nyň äh­li pu­dak­la­ry tä­ze ösüş­le­re hem-de üs­tün­lik­le­re bes­len­ýär. Ge­liň, ma­ka­la­my­zyň şu ýe­rin­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň taý­syz ta­gal­la­la­ry ne­ti­je­sin­de, ýur­du­myz­da ama­la aşy­ryl­ýan giň ge­rim­li öz­gert­me­ler ba­bat­da aý­ry-aý­ry pu­dak­lar bo­ýun­ça kä­bir my­sal­la­ra ser sa­la­lyň:

Yk­dy­sa­dy­ýet top­lu­my:

Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň öň­den­gö­rü­ji­lik­li yk­dy­sa­dy ösüş sy­ýa­sa­tynyň ne­ti­je­sin­de, ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň ösüş dep­gi­ni ýo­ka­ry gör­ke­zi­ji­le­re bes­len­ýär. Umu­man, ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy ösüş dep­gi­ni dün­ýä­niň yk­dy­sa­dy ösüş dep­gi­nin­den bir­nä­çe es­se ýo­ka­ry bol­ma­gy bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Mu­ňa mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň şu ýy­lyň 5 aýy­nyň mak­ro­yk­dy­sa­dy gör­ke­zi­ji­le­ri hem aý­dyň su­but­na­ma­dyr. Şu ýy­lyň ýan­war-maý aý­la­ry ara­ly­gyn­da je­mi içer­ki önü­miň ösü­şi ýo­ka­ry de­re­je­de, ýag­ny 6,2 gö­te­rim möç­ber­de bol­dy. Bu dö­wür­de ýur­du­myz­da ön­dü­ri­len önüm­le­riň de­giş­li dö­wür­de eks­port edi­len möç­be­ri 14 gö­te­rim art­dy. Şol bir wagt­da im­por­tyň möç­be­ri bol­sa, 20 gö­te­rim azal­dy. Ösüş dep­gi­ni se­na­gat pu­da­gyn­da 4 gö­te­rim, ulag we ara­gat­na­şyk top­lu­myn­da 10,1 gö­te­rim, söw­da­da 11,8 gö­te­rim, oba ho­ja­ly­gyn­da 3,5 gö­te­rim we hyz­mat­lar ul­ga­myn­da 8 gö­te­rim ýo­kar­lan­dy. Gur­lu­şyk pu­da­gyn­da hem oňyn ne­ti­je­ler üp­jün edil­di. Umu­man, äh­li mi­nistr­lik­ler we pu­dak eda­ra­la­ry bo­ýun­ça je­mi ön­dü­ri­len önüm ge­çen ýy­lyň de­giş­li döw­ri bi­len de­ňeş­di­ri­len­de, 6,3 gö­te­rim art­dy.

Ne­bit­-gaz pu­da­gy:

Ne­bit-gaz ýur­du­my­zyň esa­sy baý­lyk­la­ry­nyň bi­ri bo­lup, ug­le­wo­do­rod se­riş­de­le­ri­niň uly möç­ber­li gor­la­ry ne­bit­gaz se­na­ga­ty­ny we yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň beý­le­ki pu­dak­la­ry­ny ös­dür­mek­li­ge esas bo­lup hyz­mat ed­ýär. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň öň­den­gö­rü­ji­lik­li sy­ýa­sa­ty ne­ti­je­sin­de, ýur­du­myz­da ýan­gyç-ener­ge­ti­ka top­lu­my­ny mak­sat­na­ma­la­ýyn ös­dür­mek­de giň ge­rim­li ma­ýa go­ýum tas­la­ma­la­ry dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Bu ugur­da hä­zir­ki wagt­da gur­lu­şy­gy güýç­li dep­gin­de al­nyp ba­ryl­ýan Türk­me­nis­tan-Ow­ga­nys­tan-Pa­kis­tan-Hin­dis­tan gaz ge­çi­ri­ji­si­niň gur­lu­şy­gy­nyň tas­la­ma­sy uly äh­mi­ýe­te eýe­dir. Bu tas­la­ma ýur­du­my­za köp möç­ber­de gir­de­ji getir­mek­den baş­ga-da, goň­şy halk­la­ryň ojak­la­ry­na ýy­ly­lyk we ýag­ty­lyk ge­ti­rer.
Ne­bit­-gaz pu­da­gy­ny di­wer­si­fi­ka­si­ýa ýo­ly bi­len ös­dür­mek ba­bat­da hem uly iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Bu ba­bat­da gaz­hi­mi­ýa ug­ry has ta­pa­wut­la­nyp bar­ýar. Te­bi­gy ga­zy hi­mi­ki taý­dan aras­sa­lap, dün­ýä ba­za­ryn­da bäs­deş­li­ge ukyp­ly önüm­le­ri ön­dür­mek­lik ýo­la go­ýul­dy. Bu ba­bat­da iri gaz­hi­mi­ýa kär­ha­na­la­ry dö­re­dil­ýär. Mu­ňa my­sal edip, Bal­kan we­la­ýa­ty­nyň Ga­ra­bo­gaz şä­he­rin­de gur­lan kar­ba­mid önüm­çi­li­gi bo­ýun­ça za­wo­dy, 386 müň ton­na po­lie­ti­le­n hem-de 81 müň ton­na po­lip­ro­pi­le­n çy­kar­ma­ga ni­ýet­le­nen Gy­ýan­ly po­li­mer za­wo­dy­ny, Ahal we­la­ýa­ty­nda gurlan tebigy gaz­dan awtomobil ben­zinini öndürýän iri za­wo­dy aýt­mak bo­lar. Şeý­le önüm­çi­lik­le­riň dö­re­dil­me­gi ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň mun­dan beý­läk-de ös­dü­ril­me­gi­ne, ug­le­wo­do­rod se­riş­de­le­ri­niň sarp ediş ba­zar­la­ry­ny gi­ňelt­mä­ge uly iter­gi ber­ýär.

Se­na­gat we kom­mu­ni­ka­si­ýa top­lu­my:

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly baş­lan­gyç­la­ry esa­syn­da ulag-ara­gat­na­şyk we se­na­gat pu­da­gy özü­niň tä­ze ösüş döw­rü­ni baş­dan ge­çir­ýär. Bu ul­gam­da mil­li Li­de­ri­mi­ziň ba­şy­ny baş­lan iri möç­ber­li tas­la­ma­la­ry, şol san­da, he­re­ket ed­ýän we gu­rul­ýan tä­ze aw­to­mo­bil hem­-de de­mir ýol­la­ry­ny döw­re­bap­laş­dyr­mak, ra­ýat awia­si­ýa­sy­nyň, gä­mi gat­na­wy­nyň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­ny düýp­li tä­ze­le­mek we gi­ňelt­mek bo­ýun­ça tas­la­ma­lar üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Paý­tag­ty­myz Aş­ga­bat­da gur­lan ägirt uly ho­wa men­zi­li, Türk­men­ba­şy şä­he­rin­dä­ki Hal­ka­ra de­ňiz por­ty we beý­le­ki iri möç­ber­li tas­la­ma­lar ýur­du­my­zyň ulag-üs­ta­şyr müm­kin­çi­lik­le­ri­niň giň ge­ri­me eýe bol­ma­gy­na şert dö­ret­di. Hu­su­sy pu­da­gyň we­kil­le­ri­niň gat­naş­ma­gyn­da dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän Aş­ga­bat–Türk­me­na­bat ýo­ka­ry tiz­lik­li aw­to­mo­bil ýo­ly bol­sa, ýur­du­my­zyň hal­ka­ra ulag-üs­ta­şyr inf­rastruk­tu­ra­sy­ny tä­ze sep­git­le­re çy­kar­ma­ga, Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ug­ry bo­ýun­ça goň­şy döw­let­ler bi­len söw­da-yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ry­ny mun­dan beý­läk hem ös­dür­mä­ge gö­nük­di­ri­len­dir.
Hä­zir­ki wagt­da Türk­me­nis­tan de­mir we aw­tou­lag ýol­la­ry­nyň ösen ul­ga­my­ny we mul­ti­mo­dal trans­kon­ti­nen­tal ýol­la­ry gur­ma­gyň ha­sa­by­na ýük­le­ri da­şa­mak üçin, De­mir­ga­zyk–Gü­nor­ta, Gün­ba­tar–Gün­do­gar ug­ry bo­ýun­ça lo­gis­tik dü­zü­miň köp­şa­ha­ly ul­ga­my­ny dö­red­ýär. Ol özü­ne Ha­zar we Ga­ra de­ňiz­le­ri­ne, Bal­ti­ka se­bit­le­ri­ne üs­ta­şyr yk­lym­la­ýyn ge­çel­ge­le­ri bir­leş­dir­ýär.
Mil­li Li­de­ri­mi­ziň bi­möç­ber ala­da­la­ry ne­ti­je­sin­de, ýur­du­myz se­na­gat taý­dan ösen döw­let­le­riň ha­ta­ry­na ynam­ly goşul­ýar. Dür­li se­na­gat önüm­le­ri­niň önüm­çi­lik­le­ri gu­rul­ýar. Dok­ma se­na­ga­tyn­da dür­li önüm­ler dün­ýä ba­za­ry­na çy­ka­ryl­ýar. Gur­lu­şyk pu­da­gy­na de­giş­li önüm­çi­lik giň ge­rim­de do­wam et­di­ril­ýär.

Sag­ly­gy go­ra­ýyş, sport we ylym-bi­lim ul­ga­my:

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ylym-bi­lim, sport we sag­lygy goraýyş ul­gam­la­ry bo­ýun­ça öň­de goý­ýan we­zi­pe­le­ri­niň üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi bi­len ýur­du­myz sag­dyn­ly­gyň hem-de bag­ty­ýar­ly­gyň döw­le­ti­ne öw­rül­di. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň spor­ty wa­gyz et­mek­de şah­sy gö­rel­de­si ýur­du­my­zyň jem­gy­ýet­çi­li­gi­niň äh­li dü­züm­le­ri ta­ra­pyn­dan iş­jeň gol­da­wa eýe bo­lup, ol hem jem­gy­ýe­tiň sag­dyn bol­ma­gy­na ge­tir­di. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da iş­le­nip dü­zü­len “Sag­lyk” döw­let mak­sat­na­ma­sy­nyň ne­ti­je­sin­de, ýur­du­my­zyň sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my hal­ka­ra de­re­je­sin­de yk­rar edi­len ul­ga­ma öw­rül­di. Ýur­du­myz­da her ýyl yzy­gi­der­li ýag­daý­da gur­lup ulan­ma­ga be­ril­ýän has­sa­ha­na­lar, sag­lyk mer­kez­le­ri hal­ky­my­za be­ril­ýän luk­man­çy­lyk hyz­mat­la­ry­nyň hi­li­niň has-da ýo­kar­lan­ma­gy­na my­na­syp go­şant goş­ýar.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň taý­syz ta­gal­la­la­ry bi­len ýur­du­myz sport döw­le­ti­ne öw­rül­di. Soň­ky ýyl­lar­da “Aş­ga­bat Azia­da­sy” bi­len baş­la­nan hem-de yzy­gi­der­li ýag­daý­da do­wam ed­ýän hal­ka­ra sport ýa­ryş­la­ry­nyň bi­ziň ýur­du­myz­da ge­çi­ril­me­gi mil­li Li­de­ri­mi­ziň sport ul­ga­myn­da­ky hal­ka­ra baş­lan­gyç­la­ry­nyň ro­waç­lan­ýan­dy­gy­nyň su­but­na­ma­sy­dyr. 2020-nji ýyl­da sam­bo bo­ýun­ça Dün­ýä çem­pio­na­ty­nyň, 2021-nji ýyl­da we­lot­rek bo­ýun­ça Dün­ýä çem­pio­na­ty­nyň Aş­ga­bat­da ge­çi­ril­me­gi Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň sport se­ne­na­ma­sy­na al­tyn harp­lar bi­len ýa­zyl­jak ta­ry­hy wa­ka­la­ra öw­rü­ler.
Bag­ty­ýar­lyk döw­rü­miz­de ýaş­la­ryň döw­re­bap bi­lim al­ma­gy, edep­li-ter­bi­ýe­li bo­lup ýe­tiş­mek­le­ri üçin, äh­li şert­ler dö­re­dil­ýär. Di­ýa­ry­myz­da yl­my eda­ra­la­ryň işi­niň ne­ti­je­li­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­ga gö­nük­di­ri­len bir­nä­çe dü­züm­le­ýin öz­gert­me­ler ama­la aşy­ryl­ýar. Bu bol­sa ýur­du­my­zyň jem­gy­ýet­çi­lik dur­mu­şyn­da ylym-bi­li­miň tut­ýan or­nu­nyň ýo­ka­ry­dy­gy­na şa­ýat­lyk ed­ýär.

Gur­lu­şyk we ener­ge­ti­ka top­lu­my:

“Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň ýur­du­my­zy 2019-2025-nji ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň Mak­sat­na­ma­sy­nyň” çäk­le­rin­de giň möç­ber­li gur­lu­şyk tas­la­ma­la­ry ama­la aşy­ryl­ýar. Tä­ze Pre­zi­dent Mak­sat­na­ma­sy­na la­ýyk­lyk­da, hä­zir­ki wagt­da ýur­du­myz­da bi­na­la­ryň we des­ga­la­ryň 11 müň 339-sy­nyň gur­lu­şyk iş­le­ri al­nyp ba­ryl­ýar. 2019-njy ýyl­da Aş­ga­bat şä­he­rin­de Pa­ra­hat ýa­şa­ýyş jaý top­lu­my­nyň, Ahal wela­ýa­ty­nyň eda­ra ediş mer­ke­zi­niň, Le­bap we­la­ýa­tyn­da dört sa­ny tä­ze şä­her­çä­niň hem-de Ker­ki şä­he­rin­de ho­wa men­zi­li­niň, Bal­kan we­la­ýa­ty­nyň Ser­dar et­ra­byn­da tä­ze oba­nyň, Bal­kan we Da­şo­guz we­la­ýat­la­ryn­da has­sa­ha­na­laryň, “Aş­ga­bat–Türk­me­na­bat” ýo­ka­ry tiz­lik­li aw­to­mo­bil ýo­lu­nyň gur­lu­şy­gy­na baş­la­nyl­dy.
Paý­tag­ty­my­zyň de­mir­ga­zyk bö­le­gin­de ägirt uly şä­her­gur­lu­şyk tas­la­ma­sy bo­lan “Aş­ga­bat — si­ti” tas­la­ma­sy­ny dur­mu­şa ge­çir­mä­ge taý­ýar­lyk gö­rül­ýär. Bu tas­la­ma­nyň çäk­le­rin­de ýur­du­myz­da il­kin­ji ge­zek 30-35 gat­ly jaý­lar gu­rl­ar.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň taý­syz ta­gal­la­la­ry bi­len Ga­raş­syz döw­le­ti­mi­ziň elekt­roe­ner­ge­ti­ka pu­da­gy hem ösüş­li ýol bi­len öňe bar­ýar. Tä­ze ta­ry­hy eý­ýa­myň ýyl­la­ry için­de bu iri pu­da­gyň önüm­çi­lik kuw­wa­ty düýp­li art­dy­ryl­ýar. Ma­ry­nyň döw­let elekt­rik stan­si­ýa­sy­nyň çäk­le­rin­de ut­ga­şyk­ly do­la­ny­şyk­da iş­le­ýän kuw­wa­ty 1574 me­ga­wa­ta deň bo­lan tä­ze elekt­rik stan­si­ýa­sy hem uly äh­mi­ýe­te eýe­dir. Ýur­du­myz­da je­mi tas­la­ma kuw­wa­ty 6721,6 me­ga­wa­ta deň bo­lan 12 sa­ny elekt­rik be­ke­di­ he­re­ket ed­ýär. Bu des­ga­lar­da 36 gaz we 12 bug tur­bi­na­la­ry iş­le­ýär. Hä­zir­ki wagt­da TOPH gaz ge­çi­ri­ji­si bi­len ugur­daş, güý­je­nme­si 500 ki­lo­wolt bo­lan Türk­me­nis­tan-Ow­ga­nys­tan-Pa­kis­tan elekt­rik ge­çi­ri­ji­si­niň tas­la­ma­sy­ny dur­mu­şa ge­çir­mek me­ýil­leş­di­ril­ýär. Bu tas­la­ma­nyň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi türk­men elekt­rik ener­gi­ýa­sy­ny Ow­ga­nys­tan we Pa­kis­tan Ys­lam Res­pub­li­ka­la­ry­na iber­mä­ge müm­kin­çi­lik be­rer.

Söw­da we te­le­ke­çi­lik ul­ga­my:

Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň baş­da dur­ma­gyn­da söw­da hem-de hu­su­sy pu­da­gy ös­dür­mek ba­bat­da hem giň ge­rim­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Şu ýy­lyň 5 aýy­nyň jem­le­ri­ne ser sa­la­nyň­da, bu pu­dak­lar­da­ky ösüş­ler mese-mälim gö­rün­ýär. Söw­da we da­şa­ry yk­dy­sa­dy ara­gat­na­şyk­lar mi­nistr­li­gi bo­ýun­ça söw­da do­la­ny­şy­gy­nyň möç­be­ri 24 gö­te­rim, şol san­da bö­lek sa­tuw ha­ryt do­la­ny­şy­gy­nyň möç­be­ri 24,4 gö­te­rim, lo­maý ha­ryt do­la­ny­şy­gy­nyň möç­be­ri 23,6 gö­te­rim, ön­dü­ri­len önü­miň möç­be­ri bol­sa 14,4 gö­te­rim art­dy. Döw­let ha­ryt-çig mal bir­ža­sy bo­ýun­ça bir­ža söw­da­la­ry­nyň 105-si ge­çi­ril­di. Şo­la­ryň bar­şyn­da 12 müň 681 şert­na­ma ha­sa­ba alyn­dy. Söw­da-se­na­gat eda­ra­sy bo­ýun­ça ha­sa­bat döw­rün­de hyz­mat­la­ryň möç­be­ri 26,5 gö­te­rim art­dy we ser­gi­le­riň hem-de mas­la­hat­la­ryň 6-sy ge­çi­ril­di. Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si bo­ýun­ça se­na­gat önüm­le­ri­niň ön­dü­ri­li­şi 21,8 gö­te­rim, oba ho­ja­lyk hem-de azyk önüm­le­ri­niň möç­be­ri 4,9 gö­te­rim art­dy. Döw­le­ti­mi­ziň gol­daw ber­me­gi ne­ti­je­sin­de, da­şa­ry ýurt­la­ra eks­port edi­len azyk ha­ryt­la­ry­nyň möç­be­ri 26,2 gö­te­rim, azyk däl we se­na­gat ha­ryt­la­ry­nyň möç­be­ri 3,3 gö­te­rim ýo­kar­lan­dy.

Oba­se­na­gat top­lu­my:

Ýur­du­myz­da ok­gun­ly ös­dü­ril­me­gi­ne döw­let ta­ra­pyn­dan il­kin­ji de­re­je­de äh­mi­ýet be­ril­ýän oba ho­ja­ly­gy mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň mö­hüm ugur­la­ry­nyň bi­ri­dir. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz pu­da­gyň döw­re­bap de­re­je­de ös­dü­ril­me­gi üçin yzy­gi­der­li mö­hüm ka­rar­la­ra gol çe­kip, ýur­du­my­zyň oba ho­ja­lyk önüm­le­ri­ni ön­dü­ri­ji­le­ri­ni yk­dy­sa­dy taý­dan hö­wes­len­dir­mek üçin döw­let gol­da­wyny ber­ýär. Şo­nuň ne­ti­je­sin­de, her ýyl pag­ta­nyň hem-de bug­da­ýyň bol ha­sy­ly ýyg­nal­ýar. 2019-njy ýyl­dan baş­lap, bug­da­ýyň we pag­ta­nyň tä­ze döw­let sa­tyn alyş ba­ha­la­ry gi­ri­zil­di. 1 ton­na bug­da­ýyň sa­tyn alyş ba­ha­sy 2 es­se, ýag­ny 400 ma­nat bo­lan­dy­gyn­dan 800 ma­na­da çen­li ýo­kar­lan­dy­ryl­dy. Daý­han­lar hem-de daý­han bir­le­şik­le­ri teh­ni­ka, to­hum, mi­ne­ral dö­kün­ler, suw we hyz­mat­la­ryň beý­le­ki gör­nüş­le­ri bi­len ýe­ňil­lik­li şert­ler­de üp­jün edil­ýär. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň mal­dar­çy­lyk pu­da­gy­ny kä­mil­leş­dir­mek ba­bat­da ed­ýän ta­gal­la­la­ry ne­ti­je­sin­de, iri we ow­nuk şah­ly mal­la­ry ös­dü­rip ýe­tiş­dir­mek bi­len meş­gul­lan­ýan hu­su­sy ho­ja­lyk­la­r dö­re­di­lip, ýur­du­myz­da azyk bol­çu­ly­gy üpjün edilýär.

Me­de­ni­ýet ul­ga­my:

“Me­de­ni­ýet–hal­kyň kal­by­dyr” di­ýip bel­le­ýän hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz mil­li me­de­ni­ýe­ti­mi­zi, sun­ga­ty­my­zy döw­re­bap ös­dür­mek we dün­ýä ýaý­mak ba­bat­da giň ge­rim­li iş­leri alyp bar­ýar. Türk­me­nis­tan döw­le­ti­miz özü­niň aý­dym-saz, ki­no, şe­kil­lend­iriş sun­ga­ty bi­len, şeý­le-de folk­lor eser­le­ri, aja­ýyp bi­na­gär­li­gi, be­hiş­di be­dew­le­ri, zer­gär­çi­li­gi, ha­ly­çy­ly­gy, nak­gaş­çy­ly­gy we kü­lal­çy­ly­gy bi­len dün­ýä me­de­ni­ýe­ti­niň ös­me­gi­ne sal­dam­ly go­şant go­şan ýurt­dur. Şo­nuň üçin döwlet Baştutanymyz mil­li me­de­ni­ýe­ti­mi­ziň saz­la­şyk­ly ös­dü­ril­me­gi­ne uly üns ber­ýär. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ata­lyk ala­da­sy bi­len her ýyl ýur­du­myz­da Me­de­ni­ýet we sun­gat iş­gär­le­ri­niň hem-de Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň şyg­ry­ýet gü­ni my­na­sy­bet­li Me­de­ni­ýet hep­de­li­gi ge­çi­ril­ýär. Bu çä­re ýur­du­my­zyň ta­ry­hy-me­de­ni mi­ra­sy­ny, umu­ma­dam­zat gym­mat­lyk­la­ry­nyň gen­ji-ha­zy­na­sy­na ägirt uly go­şant go­şan hal­ky­my­zyň be­ýik me­de­ni­ýe­ti­ni do­lulygyna göz öňü­ne ge­tir­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär. Şo­nuň bi­len bir­lik­de, ol hä­zir­ki za­man türk­men me­de­ni­ýe­ti­niň tä­sir­li se­riş­de­le­ri­ni gör­ke­zip, mil­li sun­ga­ty­my­zyň äh­li gör­nüş­le­ri­ni – ope­ra we aý­dym-saz, ki­ne­ma­tog­ra­fi­ýa we teatr, şe­kil­len­di­riş we ama­ly-ha­şam, ede­bi­ýat we halk dö­re­di­ji­lik sun­gat­la­ry­ny şöh­le­len­dir­ýär.