Ma­hal-ma­hal dö­wür, ömür, yn­san ha­kyn­da oý­lan­ma­lar dün­ýä­si­ne gark bo­lup otu­ra­nym­da, hal­ky­my­za Ze­min­de ta­ry­hy-me­de­ni ýa­dy­gär­lik­le­re iň baý ül­kä­niň, halk­la­ryň me­de­ni yk­bal­la­ry­na tä­sir eden, yn­san­la­ryň ru­hy dün­ýä­si­ni gö­zel­leş­dir­ýän, kö­ňül­le­re öwüş­gin ber­ýän mil­li gym­mat­lyk­la­ryň, ru­hy ýö­rel­ge­le­riň mi­ras ga­lan­dy­gy­na buý­san­ýa­ryn. Mil­le­ti­miz öz ta­ry­hyn­da bu mil­li mi­ras­la­ra öz paý­ha­sy­ny hem ze­hi­ni­ni, yh­la­sy­ny hem söý­gü­si­ni siň­di­rip­dir. Be­gen­ji­ni hem-de buý­san­jy­ny bol­sa aja­ýyp saz­la­ra we aý­dym­la­ra öw­rüp­dir. Säh­ra­lar­da we çöl­ler­de, dag­lar­da we düz­ler­de, der­ýa­la­ryň we de­ňiz­le­riň ke­nar­la­ryn­da ýa­şan, dur­muş gö­zel­lik­le­ri­ni bü­tin dur­ky bi­len ka­bul eden hal­ky­myz be­ýik ru­hy gym­mat­lyk­la­ry hem dö­re­dip­dir.
Ta­ryh hal­ky­my­zyň yn­san öm­rü­niň iň bagt­ly pur­sat­la­ry ha­kyn­da­ky me­de­ni gym­mat­lyk­la­ry – baý maz­mun­ly däp­le­ri we des­sur­la­ry bi­ziň gün­le­ri­mi­ze çen­li kä­mil­leş­di­rip ge­len­di­gi­ni yk­rar ed­ýär. Hut şo­nuň üçin ba­şy­my­zyň tä­ji bo­lan Türk­me­nis­ta­nyň ady, ru­hu­be­lent­lik, tä­miz ah­lak­ly­lyk, asyl­ly­lyk, mert­lik, myh­man­sö­ýer­lik we yn­san­per­wer­lik bi­len yk­lym­lar­da ady­gan hal­ky­my­zyň mil­li ýö­rel­ge­le­ri­niň mer­te­be­si bu gün dün­ýä­de be­lent tu­tul­ýar.
Dün­ýä me­de­ni­ýe­ti dün­ýä halk­la­ry­nyň me­de­ni­ýet­le­ri­niň je­mi­dir. Mes top­rak­da eki­len aga­jyň bol mi­we ge­ti­ri­şi ýa­ly, her bir halk öz me­de­ni­ýe­ti bi­len dün­ýä me­de­ni­ýe­ti­niň baý­laş­ma­gy­na go­şan­dy­ny goş­ýar. Türk­men me­de­ni­ýe­ti hem umu­ma­dam­zat me­de­ni­ýe­ti­niň baý­laş­ma­gy­na uly go­şant go­şan me­de­ni­ýet­dir, şol bir wag­tyň özün­de hem bü­tin adam­za­dyň baý­ly­gy­dyr. Bu me­de­ni­ýet özü­niň ösü­şin­de uzak ta­ry­hy ýo­ly — adam­za­dyň dö­re­ýiş döw­rün­den, tä bi­ziň gün­le­ri­mi­ze çen­li eý­ýam­la­ry aşyp, heň­ňam­la­ry hem-de dö­wür­le­ri ge­çip gel­ýär. Türk­me­nis­ta­nyň müň­ýyl­lyk­lara uzaýan buý­sanç­ly me­de­ni­ýe­ti adam­za­dyň geç­mi­şi­ne göz aý­la­ma­ga, halk­la­ryň we me­de­ni­ýet­le­riň öza­ra gat­na­şy­gy­na dü­şün­mä­ge hem-de ola­ry ös­dür­mä­ge ýar­dam ber­ýär.
Yn­san di­ňe mad­dy gym­mat­lyk­lar bi­len ýa­şap bil­me­ýär. Hut şo­nuň üçin hem Türk­me­nis­ta­nyň çä­gin­de ýa­şan mil­let­ler kal­by­ny, ru­hy dün­ýä­si­ni baý­laş­dyr­ma­ga, dün­ýä we ýa­şaý­şa bo­lan ga­ra­ýyş­la­ry­ny kä­mil­leş­dir­mä­ge aý­ra­tyn äh­mi­ýet be­rip­dir­ler. Gün­do­ga­ry öw­re­ni­ji­le­riň, ar­heo­log­la­ryň, sun­ga­ty we me­de­ni­ýe­ti öw­re­ni­ji­le­riň ün­sü­ni çek­ýän bu ýurtda be­ýik me­de­ni­ýet we kuw­wat­ly döw­let bi­len bir­lik­de, öz­bo­luş­ly ru­hy däp-des­sur­lar hem ke­ma­la ge­lip­dir.

Je­mal Ga­ra­me­so­wa,
Aş­ga­bat şä­her me­de­ni­ýet
mü­dir­li­gi­niň Mer­kez­leş­di­ri­len
ki­tap­ha­na­lar ul­ga­my­nyň
Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky mer­ke­zi
ki­tap­ha­na­sy­nyň ki­tap­ha­na­çy­sy.