Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de gü­neş­li Di­ýa­ry­my­zyň her bir gü­ni be­ýik ýe­ňiş­le­re, üs­tün­lik­le­re bes­len­ýär. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň yg­lan eden “Döw­let adam üçin­dir!” di­ýen baş şy­ga­ry­ny ýö­rel­ge edi­nen ag­zy­bir hal­ky­myz halk ho­ja­ly­gy­nyň äh­li ugur­la­ryn­da buý­san­dy­ry­jy üs­tün­lik­le­ri ga­zan­ýar. Be­re­ke­diň bin­ýa­dy bo­lup dur­ýan ene top­rak­dan bol ha­syl ýyg­na­ýan gal­la­çy ba­ba­daý­han­la­ry­myz “Türk­me­nis­tan – ro­waç­ly­gyň Wa­ta­ny” ýy­ly­nyň orak möw­sü­min­de Wa­tan har­ma­ny­na guş­gur­sak ak bug­da­ýyň 1 mil­li­on 650 müň ton­na­sy­ny tab­şyr­mak bi­len tä­ze zäh­met üs­tün­li­gi­ni ga­zan­dy­lar. Bu hoş ha­bar tu­tuş hal­ky­myz­da uly ru­hu­be­lent­lik dö­ret­di. Oba ho­ja­ly­gyn­da ýe­ti­len şeý­le be­lent sep­git hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň ag­ro­se­na­gat pu­da­gyn­da ama­la aşyr­ýan giň ge­rim­li öz­gert­me­le­ri­niň ro­waç­lyk­la­ra bes­len­ýän­di­gi­ni ýe­ne bir ýo­la tas­syk­la­ýar.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz eder­men oba zäh­met­keş­le­ri­ni ga­za­nan üs­tün­li­gi bi­len gut­lap, Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň mäh­ri­ban hal­ky­na, zäh­met­sö­ýer ba­ba­daý­han­la­ry­na, eder­men gal­la­çy­la­ry­na ibe­ren Gut­la­gy­­n­da: “Gal­la­çy ba­ba­daý­han­la­ry­my­zyň ýyl­bo­ýy çe­ken zäh­me­ti­niň ne­ti­je­sin­de ýur­du­myz­da ga­za­ny­lan bu uly üs­tün­lik “Türk­me­nis­tan — ro­waç­ly­gyň Wa­ta­ny” di­ýip yg­lan eden ýy­ly­my­za my­na­syp sow­gat­dyr, asu­da dur­muş­da bag­ty­ýar ýa­şa­ýan hal­ky­my­zy­ň­­ ha­lal sa­çak­la­ry­nyň rys­gal-be­re­ke­di­dir, bar­ha ös­ýän-öz­ger­ýän we kuw­wat­lan­ýan döw­le­ti­mi­ziň azyk bol­çu­ly­gy­nyň, aba­dan­çy­ly­gy­nyň hem-de ber­ka­rar­ly­gy­nyň ha­ky­ky ke­pil­na­ma­sy­dyr” di­ýip bel­le­di. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň bu söz­le­ri daý­han zäh­me­ti­ne go­ýul­ýan be­lent sar­pa­nyň aý­dyň be­ýa­ny bo­lup, eder­men gal­la­çy­la­ry­my­zyň buý­sanç­ly ba­şy­ny gö­ge ýe­tir­ýär.
Mil­li Li­de­ri­miz öz Gut­la­gyn­da Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de türk­men daý­han­la­ry­nyň ön­dü­ri­ji­lik­li zäh­met çek­mek­le­ri üçin döw­le­ti­miz ta­ra­pyn­dan äh­li şert­le­riň dö­re­dil­me­gi, ola­ryň ha­lal zäh­me­ti­ne my­na­syp ba­ha be­ril­me­gi eder­men daý­han­la­ry­my­zyň ene top­ra­ga yh­las siň­di­rip, on­dan oba ho­ja­lyk ekin­le­ri­niň bol ha­sy­ly­ny ön­dür­mek­le­ri­ne we tä­ze zäh­met üs­tün­lik­le­ri­ni ga­zan­mak­la­ry­na bo­lan hö­we­si­ni has-da art­dyr­ýan­dy­gy­ny bel­le­di. Şeý­le hem döw­le­t Baş­tu­ta­ny­myz baş mak­sa­dy­nyň ýur­du­myz­da azyk bol­çu­ly­gy­ny dö­ret­mek­den yba­rat­dy­gy­ny bel­läp, eder­men ba­ba­daý­han­la­ry­myz ta­ra­pyn­dan ata-ba­ba­la­ry­my­zyň asyr­lar bo­ýy sün­nä­läp, sun­gat de­re­je­si­ne ýe­ti­ren daý­han­çy­lyk kä­ri­niň hä­zir­ki za­man yl­my­nyň ga­za­nan­la­ry bi­len yzy­gi­der­li baý­laş­dy­ryl­ma­gy, us­sat me­ha­ni­za­tor­la­ry­myz ta­ra­pyn­dan dün­ýä­niň ýo­ka­ry ön­dü­ri­ji­lik­li kä­mil teh­ni­ka­la­ry­na ba­şar­nyk­ly erk edi­lip, yh­las­ly zäh­met çe­kil­me­gi ne­ti­je­sin­de, be­re­ket­li türk­men top­ra­gyn­da ekin­le­riň bol ha­sy­ly­nyň ön­dü­ril­ýän­di­gi­ni, şo­nuň bi­len bir ha­tar­da, sa­ha­wat­ly top­ra­gy­myz­da ak bug­da­ýyň bol ha­sy­ly­ny ös­dü­rip ýe­tiş­dir­mek­de we ýe­tiş­di­ri­len ha­sy­ly ýit­gi­siz ýyg­nap al­mak­da us­sat gal­la­çy daý­han­la­ry­myz ta­ra­pyn­dan ýo­ka­ry ne­ti­je­ler ga­za­nyl­ýan­dy­gy­ny nyg­ta­dy.
Bug­daý – be­re­ke­diň göz­ba­şy, rys­ga­lyň çeş­me­si. On­da bag­ty­ýar ýa­şaý­şy­my­zyň öze­ni­ni özün­de jem­le­ýän ke­rem­li güýç bar. Ak bug­daý­ly meý­dan­lar­da be­re­ket bol­çu­ly­gy bar. Mil­li Li­de­ri­miz zäh­met adam­la­ry­na ýo­ka­ry sar­pa goý­ýar. Ola­ryň iş, dur­muş şert­le­ri­niň go­wu­lan­dy­ryl­ma­gy ba­ra­da çyn­la­kaý ala­da ed­ýär. Ne­ti­je­de, türk­men ba­ba­daý­han­la­ry gu­wan­dy­ry­jy üs­tün­lik­le­ri ga­za­nyp, ýur­du­myz­da azyk bol­çu­ly­gy­ny art­dyr­mak­da my­na­syp go­şant­la­ry­ny goş­ýar­lar. Gal­la meý­dan­la­ry mu­kad­des ýer­ler­dir. Çö­rek adam­zat ýa­şaý­şy­nyň göz­ba­şy­dyr. Çö­re­gi be­re­ket­li sa­ça­ga go­ýup, maş­ga­la bo­lup iý­mek­lik uly bagt­dyr. Ha­lal­ly­gy he­mi­şe baş hem­ra­sy edin­ýän hal­ky­myz päk zäh­me­te yk­ba­ly­ny bag­lap ge­lip­dir. Eke­ran­çy­lyk bi­len bag­la­ny­şyk­ly ýö­rel­ge­ler daý­han­la­ry­my­zyň öz­bo­luş­ly se­ne­di­ni ke­ma­la ge­ti­rip­dir. Türk­me­nis­tan bu gün sö­züň do­ly ma­ny­syn­da ak bug­da­ýyň Wa­ta­ny­dyr.
Guş­gur­sak dä­ne bi­len di­ňe bir içer­ki ba­za­ry­my­zy do­ly üp­jün et­mek bi­len çäk­le­nil­män, eý­sem, onuň eks­por­ta ug­ra­dyl­ýan möç­be­ri hem bar­ha art­ýar. Çö­rek we çö­rek önüm­le­ri­ni ön­dür­ýän kär­ha­na­la­ryň sa­ny ýyl­sa­ýyn kö­pel­ýär. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ak pa­ta ber­me­gi bi­len be­re­ket­li türk­men top­ra­gy­na taş­la­nan bug­daý to­hu­my­nyň bir dä­ne­si müň bo­lup gaý­dyp gel­ýär.

GAL­LA­ÇY­LA­RA
BA­GYŞ­LA­NAN DA­BA­RA
Ýur­du­my­zyň äh­li ýe­rin­de bol­şy ýa­ly, paý­tag­ty­myz­da hem ýur­du­my­zyň oba ho­ja­lyk pu­da­gyn­da ga­za­ny­lan üs­tün­lik­le­re, gal­la­çy kä­ren­de­çi­le­riň ýe­ten ýo­ka­ry sep­git­le­ri­ne ba­gyş­la­nan da­ba­ra­lar ge­çi­ril­di. Paý­tag­ty­my­z­yň “Aş­ga­bat” aý­dym-saz mer­ke­zin­de ýur­du­my­zyň gal­la­çy­la­ry­nyň ga­za­nan be­ýik ýeň­şi my­na­sy­bet­li da­ba­ra ge­çi­ril­di. Wa­tan har­ma­ny­na 1 mil­li­on 650 müň ton­na­dan gow­rak bug­daý tab­şy­ran gal­la­çy­la­ry­my­zyň zäh­met­sö­ýer­li­gi­ni, türk­men top­ra­gy­nyň sa­ha­wa­ty­ny wasp eden bu da­ba­ra hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ak bug­daý us­sat­la­ry­na ber­ýän ýo­ka­ry gol­da­wy­nyň, zäh­met gah­ry­man­la­ry­nyň çek­ýän ha­lal zäh­me­ti­niň wasp­çy­sy­na öw­rül­di. Da­ba­ra gat­na­şy­jy­la­ryň ha­ta­ryn­da Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň ag­za­la­ry, Mej­li­siň ýol­baş­çy­la­ry, Türk­me­nis­tan­da iş­le­ýän dip­lo­ma­tik we­kil­ha­na­la­ryň ýol­baş­çy­la­ry, mi­nistr­lik­le­riň we pu­dak­la­ýyn eda­ra­la­ryň, paý­tag­ty­my­zyň hem-de we­la­ýat hä­kim­lik­le­ri­niň, jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň, köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň we­kil­le­ri, ylym we me­de­ni­ýet iş­gär­le­ri, sun­gat us­sat­la­ry, ýa­şu­lu­lar, ta­lyp ýaş­lar, paý­tag­ty­my­zyň ýa­şaý­jy­la­ry we myh­man­la­ry bol­dy.
Bu ýer­de oba zäh­met­keş­le­ri­niň, ussat daý­han­la­ryň tu­tan­ýer­li we joş­gun­ly zäh­me­ti­niň hem-de türk­men top­ra­gy­nyň be­re­ket­li­li­gi­niň şa­ny­na Türk­me­nis­ta­nyň oba­se­na­gat top­lu­my­nyň ga­za­nan­la­ry­nyň ser­gi­si hem ýaý­baň­lan­dy­ryl­dy. Baý­ram­çy­lyk da­ba­ra­sy­nyň do­wa­myn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň Per­ma­ny­na la­ýyk­lyk­da Ga­raş­syz Döw­let­le­riň Ar­ka­la­şy­gy­nyň To­hum­çy­lyk me­se­le­le­ri bo­ýun­ça hö­kü­me­ta­ra ut­gaş­dy­ry­jy ge­ňe­şi­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry I. I. Kuz­mi­ne Türk­me­nis­ta­nyň “Bi­ta­rap­lyk” or­de­ni gow­şu­ryl­dy. Myh­man özü­ne bil­di­ri­len ýo­ka­ry sy­lag üçin hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ze çäk­siz ho­şal­ly­gy­ny bil­di­rip, söz söz­le­di. Soň­ra bu ýer­de ýur­du­my­zyň dür­li kün­jek­le­rin­den ge­len we al­tyn baş­ly bug­da­ýyň bol ha­sy­ly­ny ýyg­na­ma­gy ba­şa­ran daý­han­la­ryň en­çe­me­si­ne hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň adyn­dan gym­mat ba­ha­ly sow­gat­lar gow­şu­ryl­dy.
Mun­dan baş­ga-da, S. A. Ny­ýa­zow adyn­da­ky Türk­men oba ho­ja­lyk uni­wer­si­te­tin­de “Türk­me­nis­tan – ro­waç­ly­gyň Wa­ta­ny” ýy­lyn­da ýur­du­my­zyň gal­la­çy­lyk pu­da­gyn­da ga­za­ny­lan üs­tün­lik­ler” at­ly yl­my-önüm­çi­lik mas­la­ha­ty ge­çi­ril­di. Mas­la­ha­tyň işi­ne Oba ho­ja­lyk top­lu­my­nyň mi­nistr­lik­le­ri­niň we pu­dak eda­ra­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry, oba ho­ja­lyk pu­da­gy­na de­giş­li yl­my-bar­lag ins­ti­tut­la­ry­nyň alym­la­ry we yl­my iş­gär­le­ri, da­şa­ry ýurt­la­ryň öň­de­ba­ry­jy kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň we gu­ra­ma­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry, ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň we­kil­le­ri, şeý­le hem pro­fes­sor-mu­gal­lym­lar we ta­lyp ýaş­lar gat­naş­dy­lar. Mas­la­ha­tyň işi­ne GDA-nyň To­hum­çy­lyk me­se­le­le­ri bo­ýun­ça hö­kü­me­ta­ra ut­gaş­dy­ry­jy ge­ňe­şi­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry, Bü­tin­rus­si­ýa şa­ly­çy­lyk yl­my-bar­lag ins­ti­tu­ty­nyň di­rek­to­ry, Ger­ma­ni­ýa Fe­de­ra­tiw Res­pub­li­ka­sy­nyň “CLA­AS” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň we­ki­li, Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň “Şel­ko­wo ag­ro­him” paý­dar­lar jem­gy­ýe­ti­niň baş di­rek­to­ry, Ame­ri­ka­nyň Bir­le­şen Ştat­la­ry­nyň “John Dee­re”, “Case” kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň we­kil­le­ri, Mer­ke­zi Azi­ýa se­bi­ti bo­ýun­ça yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­lyk ins­ti­tu­ty­nyň di­rek­to­ry­nyň orun­ba­sa­ry, BMG-niň Ösüş mak­sat­na­ma­sy­nyň “Türk­me­nis­tan­da şä­her­le­riň dur­nuk­ly ös­dü­ri­li­şi: Aş­ga­bat­da we Awa­za­da ýa­şyl şä­her­le­riň top­lum­la­ýyn ös­dü­ri­li­şi” at­ly tas­la­ma­nyň bi­ler­me­ni, Mer­ke­zi Azi­ýa­nyň se­bit­le­ýin eko­lo­gik me­se­le­ler bo­ýun­ça mer­ke­zi­niň “Suw, bi­lim we hyz­mat­daş­lyk” at­ly tas­la­ma­sy­nyň ug­ruk­dy­ry­jy­sy gat­naş­dy.

AZYK BOL­ÇU­LY­GY­NYŇ BERK BIN­ÝA­DY
Ýur­du­my­zyň gal­la­çy­la­ry uly zäh­met ýeň­şi­ni ga­zan­dy­lar. Hä­zir­ki dö­wür­de top­ra­ga aýaw­ly ga­ra­mak däp­le­ri tä­ze ma­ny-maz­mu­na eýe bol­ýar. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­lan­gy­jy bo­ýun­ça oba ho­ja­ly­gyn­da dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän giň möç­ber­li öz­gert­me­ler aý­dyň ne­ti­je­si­ni ber­ýär. Daý­han­la­ra ägirt uly ýe­ňil­lik­ler be­ril­ýär, pu­da­gy tä­ze teh­ni­ka­lar bi­len üp­jün et­mek işi giň ge­rim­de al­nyp ba­ryl­ýar, iň tä­ze teh­no­lo­gi­ýa­lar we yl­my iş­läp taý­ýar­la­ma­lar iş­jeň or­naş­dy­ryl­ýar, şo­lar ata-ba­ba­la­ry­my­zyň ýer­den re­je­li peý­da­lan­mak ba­ra­da­ky kö­pa­syr­lyk tej­ri­be­si bi­len bi­le­lik­de oba ho­ja­ly­gy­ny çalt dep­gin­ler bi­len ös­dür­me­giň yg­ty­bar­ly bin­ýa­dy­na öw­rül­ýär. Oba ho­ja­lyk önüm­le­ri­ni ön­dü­ri­ji­le­riň döw­let ta­ra­pyn­dan hem­me­ta­rap­la­ýyn gol­da­nyl­ma­gy, türk­men oba­sy­ny ös­dür­mek üçin kuw­wat­ly dur­muş-yk­dy­sa­dy bin­ýa­dyň üp­jün edil­me­gi oba­se­na­gat top­lu­myn­da ön­dü­ril­ýän önüm­le­riň möç­ber­le­ri­niň art­dy­ryl­ma­gy­nyň gi­re­wi­dir.
Şu ýyl ýur­du­myz­da 760 müň gek­tar meý­da­na bug­daý ekil­di. Gal­la ora­gy­nyň gyz­ga­laň­ly möw­sü­min­de dün­ýä­niň meş­hur kom­pa­ni­ýa­la­ry ta­ra­pyn­dan ön­dü­ri­len gal­la ýyg­na­ýan kom­baýn­la­ry­nyň 2 mü­ňe go­la­ýy iş­le­dil­di. Bu döw­re­bap teh­ni­ka­lar gi­je-gün­di­ziň do­wa­myn­da bök­denç­siz iş­le­di­lip, eke­ran­çy­la­ra ýe­tiş­di­ri­len bol ha­sy­ly ýit­gi­siz hem-de çalt ýyg­nap al­ma­ga ýar­dam et­di. Umu­man, bu­la­ryň äh­li­si mil­li Li­de­ri­mi­ziň ýur­du­myz­da azyk bol­çu­ly­gy­ny dö­ret­mek, şol san­da içer­ki ba­za­ry özü­miz­de ön­dü­ril­ýän gal­la bi­len do­ly üp­jün et­mek bo­ýun­ça öň­de go­ýan we­zi­pe­le­ri­niň üs­tün­lik­li çö­zül­ýän­di­gi­niň aý­dyň su­but­na­ma­sy bo­lup dur­ýar.