Tä­ze Ze­lan­di­ýa­da­ky “Wai­to­mo Glow­worm” at­ly go­wak dün­ýä­niň iň tä­sin ýer­le­ri­niň bi­ri ha­sap­lan­ýar. «Glow­worm» ýag­ty saç­ýan tom­zak bo­lup, olar ga­raň­ky go­wa­gyň için­de tä­sin gör­nü­şi eme­le ge­tir­ýär. Tüm ga­raň­ky go­wak­da ýa­şa­ýan bu jan­dar­lar öz­le­ri­ne iý­mit tap­mak üçin daş-tö­we­re­gi­ne ýag­ty­lyk saç­ýar­lar. Ola­ryň müň­ler­çe­si­niň bir­wagt­da he­re­ket et­me­gi bi­len go­wa­gyň içi ýag­tyl­ýar. “Arachnocam­pa” diý­lip at­lan­dy­ryl­ýan bu jan­dar­lar go­wa­gyň ýo­kar­syn­da we di­war­la­ryn­da ýa­py­şyp dur­ýar­lar. Ola­ryň yşyk saç­ma­gy hi­mi­ki tä­sir­leş­me ne­ti­je­sin­de ýü­ze çyk­ýar. Bu mör-mö­jek­ler adat­ça çyg­ly we kö­le­ge ýer­ler­de ýa­şa­ýar­lar. “Wai­to­mo Glow­worm” go­wa­gy ga­ty çuň bo­lup, içi­ne gir­mek üçin ýüp bi­len aşak düş­me­li. Bu ýe­re gel­ýän­ler giň go­wa­gyň için­de köl­de ga­ýyk­ly hem-de ga­ýa­lyk­la­ryň ara­syn­da py­ýa­da ge­ze­lenç ed­ýär­ler. Ýy­lyň is­len­dik pas­lyn­da hem tä­sin go­wa­gy gör­mä­ge gel­ýän­ler köp. Se­bä­bi onuň içi­niň tem­pe­ra­tu­ra­sy he­mi­şe 12-14 de­re­je­de sak­lan­ýar. Bu mör-mö­jek­le­riň di­ňe Tä­ze Ze­lan­di­ýa­da ýa­şa­p, en­tek li­çin­ka wag­ty iý­mit­len­mek üçin ýag­ty saç­ýar. Ho­wa­da­ky kis­lo­rod bi­len tä­sir­leş­ýän li­çin­ka­da­ky hi­mi­ki ele­ment­ler ýag­ty­lyk dö­red­ýär. Li­çin­ka­la­ryň di­war­dan asy­lyp du­ran ke­re­bi ýa­py­şy­jy hä­si­ýe­te eýe bo­lup, ýag­ty­ly­ga ge­len mör-mö­jek­ler oňa ýa­pyş­ýar. Şeý­le­lik­de, li­çin­ka du­za­ga dü­şen awu­ny tut­ýar. Onuň li­çin­ka döw­ri 9 aý do­wam ed­ýär.