Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de ra­ýat­la­ry­my­zyň sag­ly­gy­ny go­ra­mak, ola­ry be­den­ter­bi­ýä we köp­çü­lik­le­ýin spor­ta çek­mek iş­le­ri­ne yzy­gi­der­li üns be­ril­ýär. “Adam jem­gy­ýe­tiň we döw­le­tiň esa­sy gym­mat­ly­gy­dyr” di­ýen ýö­rel­ge­den ugur al­ýan hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da iş­le­nip taý­ýar­la­ny­lan “Sag­lyk” Döw­let mak­sat­na­ma­sy ýur­du­my­zyň sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­nyň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­nyň döw­re­bap­laş­dy­ryl­ma­gy­na hem-de jem­gy­ýe­tiň we her bir ra­ýa­tyň dö­re­di­ji­lik müm­kin­çi­li­gi­ni has do­ly aç­ma­gy­na ýar­dam ed­ýän dur­muş gur­şa­wy­nyň dö­re­dil­me­gin­dä­ki or­nu­nyň ber­ki­dil­me­gi­ne gö­nük­di­ri­len­dir. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, şy­pa­ha­na hyz­mat­la­ry­nyň kä­mil­leş­di­ril­me­gi ýur­du­myz­da ama­la aşy­ryl­ýan giň möç­ber­li iş­le­riň mö­hüm ug­ry bo­lup dur­ýar.
Di­ýa­ry­my­zyň çar kün­jün­de gur­lup ula­n­ma­ga be­ril­ýän sag­lyk des­ga­la­ry, sport top­lum­la­ry, dür­li se­ýil­gäh­ler yn­san sag­ly­gy­ny go­ra­ma­gyň döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň mö­hüm ug­ry bo­lup dur­ýan­dy­gy­na şa­ýat­lyk ed­ýär. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň “Türk­me­nis­ta­nyň der­man­lyk ösüm­lik­le­ri” at­ly en­sik­lo­pe­dik ese­ri dün­ýä­niň luk­man­çy­lyk yl­my­nyň ös­me­gin­de my­na­syp or­ny eýe­le­ýän­di­gi bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Köp jilt­lik ese­riň dün­ýä­niň dür­li ýurt­la­ry­nyň di­li­ne ter­ji­me edil­me­gi mu­ňa do­ly şa­ýat­lyk ed­ýär. Türk­men top­ra­gyn­da ös­ýän mel­hem ot-çöp­le­riň dün­ýä halk­la­ryn­da gy­zyk­lan­ma dö­ret­me­gi ýö­ne ýer­den däl. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miziň eser­inde mel­hem ot­la­ryň ös­ýän ýer­le­ri, der­man­lyk hä­si­ýet­le­ri, ola­ryň taý­ýar­la­nyly­şy, ula­ny­ly­şy ba­ra­da gi­ňiş­le­ýin dü­şün­di­riş beril­me­gi onuň gym­ma­ty­ny art­dyr­ýar.
15-nji iýul­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz zäh­met rug­sa­dy­nyň il­kin­ji gü­nün­de dö­re­di­ji­lik bi­len meş­gul­la­nyp, “Türk­me­nis­ta­nyň der­man­lyk ösüm­lik­le­ri” ki­ta­by­nyň 11-nji jil­di­ni ta­mam­la­dy. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz yl­my işin­de dür­li ke­sel­le­ri be­jer­mek üçin ot­lar­dan, ýap­rak­lar­dan, mi­we­ler­den hem-de der­man­lyk ösüm­lik­le­riň kök­le­rin­den der­man­la­ry taý­ýar­la­ma­gyň we ulan­ma­gyň usul­la­ry­ny sal­gy ber­ýär. Şeý­le hem bu ýer­de şo­la­ryň hä­si­ýet­le­ri, aý­ra­tyn­lyk­la­ry, ösüp ýe­tiş­ýän ýer­le­ri, te­bi­gy go­ry, der­man­lyk çig ma­ly­nyň gör­nüş­le­ri we hi­mi­ki dü­zü­mi ba­ra­da ta­kyk hem-de do­ly mag­lu­mat­lar be­ril­ýär. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň ta­gal­la­la­ry ne­ti­je­sin­de, Türk­me­nis­tan­da te­bi­gy baý­lyk­la­ry­my­zy oý­la­ny­şyk­ly peý­da­lan­mak, mäh­ri­ban te­bi­ga­ty­my­zy go­ra­mak we baý­laş­dyr­mak, ony gel­jek­ki ne­sil­le­ri­mi­ze kö­pö­wüş­gin­li­li­gin­de hem-de gö­zel­li­gin­de ýe­tir­mek bo­ýun­ça iri tas­la­ma­lar ama­la aşy­ryl­ýar. Ýur­du­my­zyň der­man­lyk ösüm­lik­le­ri ba­ra­da gym­mat­ly mag­lu­mat­lar jem­le­nen döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň iri göw­rüm­li yl­my işi sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­nyň iş­gär­le­ri üçin esa­sy gol­lan­ma­la­ryň bi­ri­dir.
Bu düýp­li ese­riň tä­ze jil­di­niň hem peý­da­ly we is­leg bil­di­ril­ýän mag­lu­mat­la­ryň gym­mat­ly çeş­me­si­ne öw­rü­lip, hal­ky­myz­da we da­şa­ry ýurt­la­ryň giň oky­jy­lar köp­çü­li­gi­niň ara­syn­da uly meş­hur­lyga eýe boljakdygy gür­rüň­siz­dir, şeý­le hem Türk­me­nis­ta­nyň Sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty iş­gär­le­ri­niň gü­nü­ne aja­ýyp sow­gat bo­lar.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da ýur­du­my­zyň sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty pu­da­gyn­da ge­çi­ril­ýän öz­gert­me­le­riň ne­ti­je­sin­de, köp san­ly ke­sel­le­riň öňi alyn­dy. Ilat ara­syn­da sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ne eýer­mek, ka­da­ly iý­mit­len­mek, zy­ýan­ly en­dik­ler­den daş­da dur­mak, spor­tuň dür­li gör­nüş­le­ri bi­len meş­gul­lan­mak ýa­ly kä­mil ýö­rel­ge­ler ös­dü­ril­di. “Türk­me­nis­tan – sag­dyn­ly­gyň we ru­hu­be­lent­li­giň ýur­dy” di­ýen şy­gar bi­len umu­my­mil­li de­re­je­de köp­çü­lik­le­ýin sport we be­den­ter­bi­ýe bäs­le­şik­le­ri­ni ge­çir­mek dä­be öw­rül­di.
Ta­ryh üçin uzak bol­ma­dyk dö­wür­de, “Sag­lyk” Döw­let mak­sat­na­ma­sy­ny dur­mu­şa ge­çir­me­giň aý­gyt­ly ýo­lun­da il­kin­ji no­bat­da, ýur­du­my­zyň sag­lyk ul­ga­my­nyň ka­nun­çy­lyk bin­ýa­dy pug­ta­lan­dy­ryl­dy. Sag­ly­gy go­ra­ýyş pu­da­gy­nyň esa­sy ugur­la­ry­ny hem-de we­zi­pe­le­ri­ni ka­da­laş­dy­ry­jy “Ra­ýat­la­ryň sag­ly­gy­ny go­ra­mak ha­kyn­da­ky”, “Ra­dia­si­ýa howp­suz­ly­gy ha­kyn­da­ky”, “Agyz su­wy ha­kyn­da­ky”, “Der­man­çy­lyk işi we der­man üp­jün­çi­li­gi ha­kyn­da­ky” ýa­ly Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nun­la­ry ka­bul edil­di. Sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­nyň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy hem pug­ta­lan­dy­ryl­dy. Ýur­du­my­zyň we­la­ýat mer­kez­le­rin­de ça­ga­la­ryň we ene­le­riň sag­ly­gy­nyň go­ral­ma­gy üçin äh­li ze­rur şert­ler bi­len üp­jün edi­len “Ene mäh­ri” mer­kez­le­ri iş­läp baş­la­dy.
Ýur­du­my­zyň äh­li ýe­rin­de döw­re­bap şy­pa­ha­nalar gur­lup ulan­ma­ga be­ril­di. Olarda hal­ka­ra de­re­je­sin­de luk­man­çy­lyk hyz­mat­la­ry­ durmuşa ornaşdyrylýar.

SAG­LY­GY GO­RA­ÝYŞ UL­GA­MYN­DA
HAL­KA­RA HYZ­MAT­DAŞ­LY­GY
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň alyp bar­ýan “Açyk ga­py­lar” sy­ýa­sa­ty ne­ti­je­sin­de, da­şa­ry ýurt­lar bi­len dost­luk-do­gan­lyk gatna­şyk­la­ry bar­ha ilerleýär. Sag­ly­gy go­ra­ýyş bo­ýun­ça bu hyz­mat­daş­lyk Ger­ma­ni­ýa, Ýa­po­ni­ýa, Awst­ri­ýa, ABŞ, Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy, Rus­si­ýa, Be­la­rus, Tür­ki­ýe we beý­le­ki döw­let­ler bi­len ýo­la goý­lup, bar­ha gi­ňel­dil­ýär. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň da­şa­ry ýurt­la­ra bo­lan döw­let, res­mi we iş sa­par­la­ry­nyň çäk­le­rin­de ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­ýan me­se­le­le­riň ara­syn­da sag­ly­gy go­ra­ýyş bo­ýun­ça hyz­mat­daş­lyk hem il­kin­ji­le­riň ha­ta­ryn­da dur­ýar we onuň ilerle­megine itergi berýär. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ta­gal­la­la­ry esasynda Ger­ma­ni­ýa bi­len sag­ly­gy go­ra­ýyş ugur­la­ry bo­ýun­ça hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gyň berk düý­bi tu­tul­dy.
Ýur­du­myz­da sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­myn­da ýe­ti­len be­lent sep­git­ler, bu ugur­da­ky teh­no­lo­gi­ýa­nyň soň­ky ga­za­nan­la­ry­nyň iş­jeň or­naş­dy­ryl­ma­gy ba­bat­da hem köp san­ly hal­ka­ra fo­rum­lar­dyr mas­la­hat­lar ge­çi­ril­ýär. Türk­me­nis­ta­nyň Sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty iş­gär­le­ri­niň gü­nü­niň öň ýa­nyn­da paý­tag­ty­myz­da GDA gat­na­şy­jy döw­let­le­riň Sag­ly­gy go­ra­ýyş ba­bat­da hyz­mat­daş­lyk bo­ýun­ça ge­ňe­şi­niň mej­li­si ge­çi­ril­di. Oňa bu gu­ra­ma ag­za döw­let­ler­den sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­na de­giş­li bi­ler­men­ler we hü­när­men­le­riň köp san­ly­sy gat­naş­dy.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz bu mej­li­se gat­na­şy­jy­la­ra ibe­ren Gut­la­gyn­da: “Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan se­bit­de yla­laş­dy­ry­jy mer­kez bol­mak bi­len çäk­len­män, eý­sem, öz ra­ýat­la­ry­nyň sag­ly­gy ha­kyn­da hem he­mi­şe uly ala­da ed­ýär. Ýur­du­myz­da adam­la­ryň sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ne eýer­mek­le­ri ne­ti­je­sin­de ka­da­ly iý­mit­len­mek, ýo­kanç däl ke­sel­le­riň öňü­ni al­mak, zy­ýan­ly en­dik­ler­den daş­da dur­mak, zäh­met bi­len dynç al­şy saz­la­şyk­ly ut­gaş­dyr­mak, spor­tuň dür­li gör­nüş­le­ri bi­len meş­gul­lan­mak ýa­ly kä­mil ýö­rel­ge­ler ös­dü­ril­ýär. Ge­çi­ri­len bu iş­ler ila­tyň öm­rü­niň or­ta­ça do­wam­ly­ly­gy­nyň art­ma­gy­na, ke­sel­çi­li­giň de­re­je­si­niň pe­sel­me­gi­ne, howp­ly ýo­kanç ke­sel­le­riň düý­bün­den ýok edil­me­gi­ne ýar­dam ber­di. Döw­re­bap usul­lar bi­len ge­çi­ril­ýän wa­gyz-ne­si­hat iş­le­ri­niň ne­ti­je­sin­de bol­sa ra­ýat­la­ry­myz­da sag­lyk ba­ra­da tä­ze dü­şün­je­ler ke­ma­la gel­di” diý­lip bel­le­nil­ýär.
Hormatly Prezidentimiziň baş­tu­tan­ly­gyn­da mil­li luk­man­çy­lyk pu­da­gy hil taý­dan tä­ze de­re­je­le­re çyk­dy. Mil­li sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­na gö­nük­di­ril­ýän ägirt uly ma­ýa go­ýum­lar, top­lum­la­ýyn mak­sat­na­ma­la­ryň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi, ony dün­ýä öl­çeg­le­ri­niň we hä­zir­ki za­man ta­lap­la­ry­nyň ýo­ka­ry de­re­je­si­ne çy­kar­ma­ga itergi berýär. Durmuşa ornaşdyrylýan işleriň netijesinde, bir­nä­çe howp­ly ke­sel­le­riň öňüniň alynmagynda gowy netijeler gazanyldy. Sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­nyň öň­de­ba­ry­jy hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ry ta­ra­pyn­dan Türk­me­nis­tan çi­lim­keş­li­ge gar­şy gö­reş­mek bo­ýun­ça öň­de­ba­ry­jy ýurt­la­ryň bi­ri hök­mün­de ka­bul edil­di. Ýur­du­myz tem­mä­ki tüs­se­sin­den azat ýurt­la­ryň bi­ri­ne öw­rül­di. Ýur­du­myz­da köp san­ly ýo­kanç ke­sel­le­riň ýok edi­len­di­gi ha­kyn­da­ky hal­ka­ra şa­ha­dat­na­ma­lar Türk­me­nis­ta­nyň mil­li luk­man­çy­lyk pu­da­gy­nyň ga­zan­ýan üs­tün­lik­le­ri­niň je­del­siz yk­rar­na­ma­sy­na öw­rül­di.
Be­lent yn­san­per­wer ýö­rel­ge­ler, sag­ly­gy go­raý­şyň yl­my we hu­kuk esa­sy­nyň pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy, şä­her­ler­de we oba­lar­da luk­man­çy­ly­gyň äh­li de­re­je­ler­de Bü­tin­dün­ýä sag­ly­gy go­ra­ýyş gu­ra­ma­sy­nyň ýö­rel­ge­le­ri­ne la­ýyk­lyk­da ös­dü­ril­me­gi, bu­la­ryň hem­me­si sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­myn­da döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň — luk­man­çy­lyk we yk­dy­sa­dy ylym­la­ryň dok­to­ry, Türk­me­nis­ta­nyň Ylym­lar aka­de­mi­ýa­sy­nyň aka­de­mi­gi, da­şa­ry ýurt­la­ryň köp san­ly uni­wer­si­tet­le­ri­niň, ins­ti­tut­la­ry­nyň, hal­ka­ra aka­de­mi­ýa­la­ryň hor­mat­ly aka­de­mi­gi, pro­fes­so­ry hem-de dok­to­ry hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň sy­ýa­sa­ty­nyň aý­ra­tyn­lyk­la­ry­dyr.