Frank­furt ki­tap ýar­mar­ka­sy­nyň (Frank­fur­ter Buchmes­se) wi­se-pre­zi­den­ti To­mas Min­kus dün­ýä­niň ki­tap söw­da­sy ba­za­ryn­da­ky gel­jek­ki öz­ge­riş­ler ba­ra­da gür­rüň ber­di. Her ýyl gu­ral­ýan ki­tap fo­ru­my­na dün­ýä­niň köp ýurt­la­ry­nyň hü­när­men­le­ri ne­şir­ýat in­no­wa­si­ýa­la­ry we ki­tap ba­za­ry­nyň ösü­şi bi­len ta­nyş bol­mak üçin bu ýe­re gel­ýär­ler. Ýa­ňy-ýa­kyn­da Mosk­wa­nyň “Ga­raž” bi­lim mer­ke­zi­niň we Frank­furt ki­tap ýar­mar­ka­sy­nyň bi­le­lik­dä­ki tas­la­ma­sy­nyň çäk­le­rin­de ýar­mar­ka­nyň wi­se-pre­zi­den­ti To­mas Min­kus Mosk­wa­da sa­par­da bol­dy. Ol ki­tap ba­za­ry­nyň şu gün­ki ýag­da­ýy ba­ra­da gy­zyk­ly mag­lu­mat­la­ry ber­di.
Ki­tap ba­za­ry­nyň glo­bal söw­da­sy 115 mil­liard dol­lar­dan yba­rat­dyr. Ola­ryň 40 gö­te­rim­den gow­ra­gy üç ýur­duň pa­ýy­na düş­ýär: ABŞ (26 mil­liard dol­lar), Hy­taý (11 mil­liard dol­lar) we Ger­ma­ni­ýa (10 mil­liard dol­lar).
ABŞ-nyň ki­tap ba­za­ry­nyň ýa­ryn­dan gow­ra­gy­ny «Hachet­te”, “Har­perCol­lins”, “Macmil­lan”, “Pen­gu­in Ran­dom Hou­se”, “Si­mon&Schus­ter” ýa­ly esa­sy ne­şir­ýat­la­ryň 5-isi eýe­le­ýär. Ga­lan­la­ry bol­sa, 300 sa­ny or­ta­ça kom­pa­ni­ýa­la­ryň hem-de 8300 sa­ny ga­raş­syz ki­çi ne­şir­ýat­la­ryň pa­ýy­na düş­ýär.
2020-nji ýy­la çen­li ki­tap ba­za­ry­nyň glo­bal söw­da­sy 0,4 gö­te­rim pe­se düş­jek­di­gi çak edil­ýär, elekt­ron ki­tap­la­ryň ba­za­ry bol­sa, ter­si­ne 10,4 gö­te­rim ösüş ga­za­nar. Umu­man, To­mas Min­ku­syň pi­ki­ri­ne gö­rä, elekt­ron ki­tap­la­ry sa­tyn al­ma­ga is­le­giň ýo­kar­lan­ma­gy ka­gyz ki­tap­la­ry sa­tyn al­ma­ga hem is­leg dö­re­dip, elekt­ron ki­tap­lar ka­gyz ki­tap­lar bi­len bäs­leş­me­ýär.
Ge­çen ýyl her bi­ri 1 mil­li­on­dan gow­rak nus­ga bi­len çap edi­len di­ňe bäş sa­ny ki­tap ame­ri­kan ki­tap ba­za­ry­ny ös­dür­di. Olar ABŞ-nyň ozal­ky Pre­zi­den­ti Ba­rak Oba­ma­nyň aýa­ly Mi­şel Oba­ma­nyň “Eme­le gel­me” (Becoming), ame­ri­kan te­le­ýyl­dy­zy Jo­an­na Geýn­siň “Mag­no­li­ýa­ly stol” (Mag­no­lia Tab­le), ame­ri­kan ýa­zy­jy­sy Reý­çel Hol­li­siň “Gyz, özü­ňe gel!”, (Girl, Wash Your Face), ame­ri­kan ýa­zy­jy­sy Jeff Kin­ni­niň “Gow­şa­gyň gün­de­li­gi” (Dia­ry of a Wim­py Kid) we ame­ri­kan žur­na­lis­ti Maýkl Wol­fuň “Ýa­lyn we ga­har” (Fi­re and Fu­ry) at­ly ki­tap­la­ry­dyr.
2017-2018-nji ýyl­lar ara­ly­gyn­da ABŞ-nyň “Non/ficti­on” ba­za­ry­nyň möç­be­ri 5 gö­te­rim ar­typ, hä­zir­ki wagt­da ol ýur­duň ki­tap söw­da­syn­da esa­sy orun­la­ryň bi­ri­ni eýe­le­ýär. “Non/ficti­on” to­pa­ry­na de­giş­li eser­ler, tos­la­ma­la­ra däl-de, ha­ky­ky wa­ka­la­ra esas­lan­ýar. Şo­nuň üçin bu to­pa­ra de­giş­li eser­ler ki­tap önüm­çi­li­gin­de uly is­leg­den peý­da­la­nyp, ola­ra adat­ça aş­pez­lik sun­ga­ty­na de­giş­li ki­tap­lar, me­mu­ar­lar, es­se­ler, en­sik­lo­pe­di­ýa­lar, söz­lük­ler, yl­my-po­pul­ýar eser­ler, psi­ho­lo­gi­ýa we şah­sy ösüş ba­ra­da­ky ki­tap­lar, fi­lo­so­fi­ýa we beý­le­ki­ler gir­ýär.
ABŞ-da ge­çen ýyl au­dio­ki­tap­la­ryň sa­tu­wy 37 gö­te­rim art­dy. Bu ugur­da hy­ýa­ly tril­ler­ler, ta­ryh, me­mu­ar­lar we de­giş­me­ler has meş­hur­ly­ga eýe bol­ýar. To­mas Min­ku­syň bel­le­me­gi­ne gö­rä, hä­zir­ki wagt­da bu ugur­da tä­ze ýa­zy­jy­la­ra uly müm­kin­çi­lik­ler bar.
Ge­çen ýyl ABŞ-da çe­per ede­bi­ýa­tyň sa­tu­wy 16 gö­te­rim azal­dy.
Ame­ri­ka­da öz­baş­dak ne­şir­ýa­tyň sa­tu­wy ýo­kar­lan­ýar: 2017-nji ýyl­dan bä­ri öz­baş­dak aw­tor­la­ryň 780 müň­den 1 mil­lio­na çen­li ki­tap­la­ry köp­çü­li­ge ýe­ti­ril­di. Şeý­le hem 2017-nji ýy­lyň mag­lu­mat­la­ry­na gö­rä, şu ugur­da­ky ka­gyz ki­tap­la­ryň sa­tu­wy 38% kö­pel­di.
Ki­tap söw­da­syn­da in­ter­net ägir­di “Ama­zon”-yň pa­ýy hem bar­ha ýo­kar­lan­ýar. Hä­zir­ki wagt­da çap edil­ýän äh­li ki­tap­la­ryň ýa­ry­sy­nyň sa­tu­wy hem-de elekt­ron gör­nü­şi­niň 90 gö­te­ri­mi onuň pa­ýy­na düş­ýär.
Hä­zir ABŞ-da 460-dan gow­rak ne­şir­ýat agent­li­gi iş­le­ýär. Olar adyk­ma­dyk aw­tor­la­ra we tä­ze baş­lan ýa­zy­jy­la­ra meş­hur­lyk ga­zan­ma­ga ýar­dam ed­ýär­ler.

Maýsa Meredowa, TDB we SI-nyň talyby.