Oýun oý­na­mak di­ňe bir be­den taý­dan däl, aň taý­dan hem kä­mil­leş­mä­ge ýar­dam ed­ýär. “Til­ki, til­ki, sa­gat nä­çe?” at­ly oýun hem dün­ýä­niň dür­li ýurt­la­ryn­da ça­ga­la­ryň iň söý­gü­li oýun­la­ry­nyň bi­ri­dir. To­par bo­lup oý­nal­ýan oýun­da ça­ga­la­ryň ara­syn­dan bi­ri “til­ki” saý­lan­ýar. Mu­ny sa­na­waç ar­ka­ly saý­lap bi­ler­si­ňiz! Beý­le­ki oýun­çy­lar «til­ki­den» 20 ädim ýa­ly uzak­da, ha­tar bo­lup dur­ýar­lar. Oýun­çy­lar “Til­ki, til­ki, sa­ga­dyň nä­çe bol­dy?” di­ýip so­ra­ýar­lar. «Til­ki» is­len­dik bir sa­ny aýd­ýar. Beý­le­ki ça­ga­lar «til­ki­niň» aý­dan sa­ny ýa­ly ädim äd­ýär­ler. Bu san 1-den 12-ä çen­li bol­ma­ly­dyr. Eger «til­ki» ki­çi­räk san aýt­sa, oňa go­laý bar­ýan­ça­lar gaý­ta­dan sa­nap, ýö­re­ýär­ler. «Til­ki­niň» yzyn­da­ky ça­ga­lar ony ýu­waş­ja­dan el­le­ýär­ler we ga­çyp baş­la­ýar­lar. «Til­ki» ki­mi tut­sa, şol hem «til­ki» bol­ýar. Bu oý­ny ýa­da­ýan­ça­ňyz oý­nap bi­ler­si­ňiz!