l­myň aja­ýyp gud­rat­la­ry­nyň bi­ri Abu Reý­han Mu­ham­met ibn Ah­met Bi­ru­ny­dyr. Ol dö­wür­deş­le­ri­niň ara­syn­da bi­lim­le­ri­niň giň­li­gi we hem­me­ta­rap­la­ýyn çuň­lu­gy üçin ”de­ňiz” la­ka­my­ny gö­te­rip­dir. Al-Bi­ru­ny 973-1048-nji ýyl­lar­da ýa­şap ge­çip­dir. Bi­ru­ny öz döw­rü­niň meş­hur hö­küm­dar­la­ry­nyň köş­gün­de bo­lup, ylym bi­len meş­gul­la­nyp­dyr. Ol 1017-nji ýyl­dan baş­lap, tä öm­rü­niň ahy­ry­na (1048-nji ýy­la) çen­li Gaz­na­da bo­lup, öz yl­my iş­le­ri­ni Gaz­na­ly hö­küm­dar­la­ryň ho­wan­dar­ly­gy as­tyn­da do­wam et­di­rip­dir. Bi­ru­nä ho­wan­dar­lyk et­mek bag­ty­na eýe bo­lan hö­küm­dar­la­ryň bi­ri hem Mah­myt Gaz­na­ly­dyr.
Mah­myt Gaz­na­ly alym­la­ryň pi­kir­le­ri­ni, ga­ra­ýyş­la­ry­ny diň­läp­dir, hat­da kä­bir ýag­daý­lar­da olar bi­len je­de­le­-de gi­ri­şip­dir. Gün­do­ga­ryň bi­rin­ji da­na­sy hök­mün­de ylym dün­ýä­sin­de ab­ra­ýy bar­ha art­ýan Bi­ru­nä Sol­tan Mah­myt aý­ra­tyn hor­mat go­ýup­dyr. P.G.Bul­ga­ko­wyň, I.Ti­mo­fe­ýe­wiň, XIII asyr ta­ryh­çy­sy Ýa­kut al-Ha­ma­wy­nyň mag­lu­mat­la­ry­na gö­rä, Sol­tan alym bi­len mas­la­hat­laş­ma­ga, ony özü­niň ge­çir­ýän mej­lis­le­ri­ne ça­gyr­ma­ga, da­şa­ry ýurt­lar­dan söw­da­gär­ler, il­çi­ler ge­le­nin­de, onuň pi­ki­ri­ni bil­mä­ge uly is­leg bil­di­rip­dir.
Mah­myt Gaz­na­ly Bi­ru­ny­nyň yl­my bar­lag­la­ry ge­çir­mek­li­gi üçin äh­li şert­le­ri dö­re­dip­dir. 1019-njy ýyl­dan baş­lap, döw­let gaz­na­syn­dan Bi­ru­ny­nyň yl­my bar­lag­la­ry ge­çir­mek­li­gi we ge­rek­li gu­ral­la­ry edin­mek­li­gi üçin se­riş­de­ler yzy­gi­der­li goý­be­ri­lip baş­la­nyp­dyr. Mag­lu­mat­la­ra gö­rä, Bi­ru­ny Gaz­na­da ob­ser­wa­to­ri­ýa gur­du­ryp­dyr. Mah­my­dyň ber­ýän se­riş­de­le­ri­niň ha­sa­by­na Bi­ru­ny yl­my bar­lag­la­ry ge­çir­mek üçin gu­ral­la­ry, en­jam­la­ry edi­nip, 1019-njy ýyl­da ägirt uly di­war kwad­ra­ty­ny dü­züp­dir. Şeý­le-de ol öz döw­rü­niň iň kä­mil gu­ral­la­ry­ny edi­nip­dir. Bi­ru­ny­da kom­pos­da­nam has kä­mil ”ast­rol­ýa­bi­ýa” at­ly gu­ra­lyň bir­nä­çe gör­nü­şi bo­lup­dyr.
Gaz­na­ly köş­gün­de iş­län wag­ty, ýag­ny 1017-1048-nji ýyl­lar­da Abu Reý­han Bi­ru­ny dün­ýä yl­my­na uly go­şant go­şan meş­hur iş­le­ri­ni ýa­zyp­dyr. Sö­zü­miz gu­rak bol­maz ýa­ly, Bi­ru­ny­nyň Gaz­na­ly­la­ryň ho­wan­dar­ly­gyn­da dö­re­den kä­bir yl­my iş­le­ri­niň at­la­ry­ny ýat­lap ge­çe­liň! Ýe­riň geo­lo­gik gat­lak­la­ry­ny, dag­la­ryň dö­re­me­gi­niň, gu­ry ýer bi­len de­ňiz­le­riň ýer­le­ri­niň üýt­ge­me­gi­ni be­ýan ed­ýän ”Geo­de­zi­ýa” at­ly ki­ta­by 1018-nji ýyl­da ýa­zy­lyp baş­lan­ýar we 1025-nji ýy­lyň 20-nji okt­ýab­ryn­da ta­mam­lan­ýar. Bu ki­tap­da Bi­ru­ny­nyň ýaş­lyk ýyl­la­ryn­dan gy­zyk­la­nan ylym­la­ry – prak­ti­ki ast­ro­no­mi­ýa we ma­te­ma­ti­ki ge­og­ra­fi­ýa ba­ra­da gi­ňiş­le­ýin be­ýan edi­lip­dir. 1025-1027-nji ýyl­lar­da ýa­zy­lan, ma­te­ma­ti­ka yl­my­nyň dür­li pu­dak­la­ry­ny öz içi­ne al­ýan ”Hor­da­lar” ki­ta­by, ”Fer­ga­ny­nyň ”ele­ment­le­ri­ne” dü­ze­diş­ler” at­ly ast­ro­no­mik ha­sap­la­ma de­giş­li ki­ta­by, Ýe­riň sfe­ra­sy­na, şeý­le-de ast­ro­no­mi­ýa ba­gyş­lap, ”Jaý­la­ryň mer­ke­zi­ni kes­git­le­mek­de azi­mut­la­ryň te­ge­lek­le­ri­ni peý­da­lan­mak ha­kyn­da­ky” at­ly ki­ta­by gollanma esasynda ulanylan eserleriň käbiridir. ”Gno­mi­ka” – bu Bi­ru­ny­nyň fi­zi­ka, funk­sio­nal ma­te­ma­ti­ka, prak­ti­ki ast­ro­no­mi­ýa de­giş­li ýa­zan düýp­li iş­le­ri­niň bi­ri­dir. ”Ýyl­dyz­lar ha­kyn­da ylym” (1030 ý.) at­ly işi­ni Bi­ru­ny ta­kyk ylym­lar bi­len gy­zyk­lan­ýan Reý­ha­na at­ly bir ze­na­na ba­gyş­lap­dyr. Bu ki­tap­da geo­met­ri­ýa, arif­me­ti­ka, ast­ro­no­mi­ýa, ge­og­ra­fi­ýa, hro­no­lo­gi­ýa de­giş­li mag­lu­mat­lar ýer­leş­di­ri­lip, ol 530 so­rag­dan we jo­gap­dan yba­rat­dyr. Bi­ru­ny­nyň bu işi­ni alym I.Ý.Kraç­kows­kiý yl­myň dür­li pu­dak­la­ry­ny öz içi­ne al­ýan uly en­sik­lo­pe­di­ýa di­ýip at­lan­dyr­ýar. Aýyň as­man sfe­ra­sy bo­ýun­ça he­re­ket ed­ýän ýol­la­ry­na ba­gyş­la­nan ”Aýyň du­ral­ga­la­ry­ny anyk­la­mak ha­kyn­da” at­ly ki­ta­bynyň, bi­ziň gün­le­ri­mi­ze ge­lip ýet­me­dik, ýö­ne şol ýyl­lar­da ýa­zy­lan ”Ast­ro­no­mi­ýa­nyň aça­ry” at­ly ki­tabynyň, 1010-njy ýyl­da ýa­zy­lyp gu­ta­ry­lan we il­kin­ji uly göw­rüm­li işi bo­lan ”Hro­no­lo­gi­ýa” ki­ta­by­nyň ta­ry­hy äh­mi­ýe­ti has-da ulu­dyr. ”Hro­no­lo­gi­ýa” atly ki­tap­da Ho­rez­miň X-XI asyr ta­ry­hy ba­ra­da gym­mat­ly mag­lu­mat­lar be­ýan edil­ýär. Bi­ru­ny­nyň Ho­rez­miň ta­ry­hy ba­ra­da ”Ho­rez­miň meş­hur adam­la­ry” di­ýen ki­ta­by hem bo­lup­dyr. Em­ma ol ki­tap bi­ziň gün­le­ri­mi­ze ge­lip ýet­män­dir.
Bi­ru­ny­nyň bi­ze mi­ras ga­lan eser­le­ri­niň için­de ling­wis­ti­ka we ede­bi­ýat yl­my­na de­giş­li trak­tat­la­ry hem bar. Bi­ru­ny il­kin­ji bo­lup, şy­gyr öl­çeg ka­da­la­ry­ny (sansk­rit we arap aru­zy) yl­my kom­pa­ra­tiw esas­da öw­re­nen alym­dyr. Ol özü­niň ”Hin­dis­tan” at­ly işin­de, ga­dy­my hin­di ”çhan­du” – goş­gy ul­ga­my­ny öw­re­nip­dir we se­re­dil­ýän şy­gyr öl­çeg­le­ri­niň umu­my ta­rap­la­ry­ny ta­pyp­dyr. Bi­ru­ny alym­la­ryň için­de il­kin­ji bo­lup, şy­gyr öl­çeg­le­ri­niň çe­per­çi­lik äh­mi­ýe­ti­ne dü­şün­me­gi ba­şa­ryp­dyr. Ol ga­dy­my hin­di we arap şy­gyr ul­gam­la­ryn­da, bo­gun­la­ryň hil hä­si­ýet­li­li­gi­niň esas bo­lup dur­ýan umu­my­ly­gy­nyň bar­dy­gy ba­bat­da­ky ne­ti­jä ge­lip­dir. Bi­ru­ny­nyň çuň­ňur bi­li­mi­ne hor­mat go­ýan hin­di alym­la­ry ony ”de­ňiz” di­ýip at­lan­dy­ryp­dyr­lar.
Bi­ru­ny 1031-nji ýyl­da ”Ta­ka­sim al-aka­lim” (”Kli­mat­la­ryň bö­lü­ni­şi”) di­ýen ese­ri­ni ýa­zyp gu­ta­ryp­dyr. XIII asyr arap ge­og­ra­fy Ýa­kut köp­lenç öz iş­le­rin­de Bi­ru­ny­nyň ”Ta­ka­sim al-aka­lim” (”Kli­mat­la­ryň bö­lü­ni­şi”) di­ýen ese­rin­den peý­da­la­nyp­dyr. Bi­ru­ny ge­og­ra­fi­ýa ba­gyş­lap bir­nä­çe eser­le­ri dö­re­dip­dir, ”Ta­ka­sim al-aka­lim” hem şeý­le eser­le­riň bi­ri­dir. Gy­nan­sak-da, aly­myň ge­og­ra­fi­ýa ba­gyş­la­nan bu ese­ri bi­ziň gün­le­ri­mi­ze ge­lip ýet­män­dir.
1036-njy ýy­lyň ahy­ry­na çen­li Bi­ru­ny ýe­ne-de bir uly ki­ta­by ýa­zyp gu­ta­ryp­dyr. Bi­ru­ny ”Ma­su­dyň Ka­nu­ny” di­ýip at­lan­dy­ran bu ki­ta­by­ny 1031-nji ýyl­da ýa­zyp baş­lap­dyr. ”Ma­su­dyň Ka­nu­ny” 11 ki­tap­dan yba­rat bo­lup, ol Sol­tan Ma­su­da ba­gyş­la­nyp­dyr. Sol­tan Ma­sud bu aja­ýyp ki­tap üçin Bi­ru­ny­ny köp muk­dar­da al­tyn pul­lar bi­len ser­paý­la­ma­gy tab­şy­ryp­dyr. Ki­ta­byň ady­na ga­ra­maz­dan, akyl­da­ryň bu ki­ta­by, esa­san, ma­te­ma­ti­ka­nyň we ast­ro­no­mi­ýa­nyň me­se­le­le­ri­ni öz içi­ne alyp­dyr. Bi­ru­ny­nyň bu ki­ta­by­ny alym­lar or­ta asyr­la­ryň ast­ro­no­mik en­sik­lo­pe­di­ýa­sy ha­sap­la­ýar­lar. Çün­ki, bu iş­de ast­ro­no­mi­ýa­nyň ýe­ke­je ug­ry-da, onuň düýp­li me­se­le­le­ri­niň hiç haý­sy­sy-da ýat­dan çy­ka­ryl­man­dyr. Ta­ryh­çy Ýa­kut Ha­ma­wy ”Ma­su­dyň Ka­nu­ny” hak­da ”Ol ma­te­ma­ti­ka­dan we ast­ro­no­mi­ýa­dan ýa­zy­lan ki­tap­la­ryň äh­li­si­niň üs­tü­ne ata­nak çek­di” di­ýip bel­läp­dir. Şeý­le-de ki­tap­da tri­go­no­met­ri­ýa, ma­te­ma­ti­ka, ge­og­ra­fi­ýa we ast­ro­lo­gi­ýa de­giş­li mag­lu­mat­lar gi­ňiş­le­ýin öz be­ýa­ny­ny ta­pyp­dyr. Bi­ru­ny­nyň ”Ma­su­dyň Ka­nu­ny” at­ly ese­ri­niň ast­ro­no­mi­ýa yl­my­nyň ta­ry­hyn­da tut­ýan be­ýik or­nu­ny Ibn Si­na­nyň ”Luk­man­çy­lyk yl­my­nyň ka­nu­ny­nyň” me­di­si­na yl­myn­da tut­ýan or­ny bi­len de­ňeş­dir­mek bo­lar.
Bi­ru­ny Ma­su­dyň döw­rün­de Abu Bekr Mu­ham­met ibn Zak­ri­ýa­nyň iş­le­ri­niň bib­li­og­ra­fi­ýa­sy­ny (”Fih­ris­ti­ni”) dü­züp­dir. Zak­ri­ýa Ra­zy­nyň me­de­ni mi­ra­sy­nyň ebe­di­leş­me­gin­de Bi­ru­ny­nyň ”Fih­rist” di­ýen işi­niň uly äh­mi­ýe­ti bar. Ol Ra­zy­nyň köp eser­le­ri­ni, aý­ra­ty­nam, hi­mi­ýa, luk­man­çy­ly­ga hem-de fi­lo­so­fi­ýa de­giş­li­le­ri­ni ýyg­nap­dyr. ”Fih­rist­de” Zak­ri­ýa Ra­zy­nyň di­ňe bir hi­mi­ýa yl­my­na de­giş­li trak­tat­la­ry­dyr beý­le­ki iş­le­ri­niň 21-si­niň ady tu­tul­ýar. Şu ýy­gyn­dy-da Bi­ru­ny Ra­zy­nyň me­di­si­na­dan ýa­zan eser­le­ri­niň 56-sy­ny ýat­lap ge­çip­dir. Bu ki­tap­da Ra­zy­nyň eser­le­ri­niň 184-si­niň ady ýer­leş­di­ri­lip­dir.
Mah­myt Gaz­na­ly­nyň ag­ty­gy Sol­tan Maw­du­dyň döw­le­ti do­lan­dy­ran döw­rün­de (1041-1048 ý.ý.) Abu Reý­han Bi­ru­ny ”Mi­ne­ra­lo­gi­ýa” – ”Ki­tap al-je­ma­hyr fi ma­ri­fat al-je­wa­hyr” di­ýen at bi­len meş­hur bo­lan ese­ri­ni mi­ras go­ýup­dyr. Bu ki­tap gym­mat­ba­ha­ly mi­ne­ral­la­ra we me­tal­la­ra ba­gyş­la­nyp­dyr. Ki­tap­da 50-den gow­rak mi­ne­ral­la­ryň we me­tal­la­ryň at­la­ry ge­ti­ri­lip, her bi­ri ha­kyn­da aý­ra­tyn bir bap­da dü­şün­di­riş be­r­lip­dir. Abu Reý­han Bi­ru­ny­nyň köp ýyl­la­ryň do­wa­myn­da top­lan tej­ri­be­si, yl­my bar­lag­la­ry ne­ti­je­sin­de dö­re­den bu ese­ri­niň di­ňe bir ta­kyk ylym­lar üçin däl, eý­sem, ta­ry­hy, me­de­ni-mi­ra­sy öw­ren­mek üçin-de äh­mi­ýe­ti ulu­dyr. Bi­ru­ny­nyň bu ese­ri bir­nä­çe alym­la­ryň dö­re­di­ji­li­gi­ne tä­sir edip­dir. ”Mi­ne­ra­lo­gi­ýa” XIII asyr­da ýa­şap ge­çen te­bi­gat ha­dy­sa­la­ry­ny der­ňeý­ji, fi­lo­sof Na­sy­red­din Tu­sy­nyň eser­le­ri­niň, şeý­le-de ”Je­wa­hyr-na­ma” ese­ri­niň awtory, XV asy­ryň akyl­da­ry Mu­ham­met ibn Man­su­ryň we beý­le­ki bir­nä­çe akyl­dar­la­ryň iş­le­ri üçin il­kin­ji çeş­me­le­riň bi­ri bo­lup­dyr. ”Mi­ne­ra­lo­gi­ýa” XI asy­ryň 40-njy ýyl­la­ryn­da ýa­zy­lyp­dyr.
”Far­ma­kog­no­zi­ýa” (”Ki­tap as-saý­da­na fit-tib”) ki­ta­by­ny Bi­ru­ny öm­rü­niň ahyr­ky ýyl­la­ryn­da, Gaz­na­ly şa­sy Maw­du­dyň hö­küm­dar­lyk eden ýyl­la­ryn­da ýaz­ýar. Bu ki­tap luk­man­çy­lyk yl­my­nyň kä­bir me­se­le­le­ri­ne ba­gyş­la­nan­dyr. Ol öz ene di­lin­den baş­ga-da arap, pars, si­ri­ýa­ly­la­ryň, ýu­nan (grek), ga­dy­my iu­deý we sansk­rit dil­le­ri­ni su­wa­ra bi­lip­dir, bu hem aly­ma şol dil­le­riň umu­my ling­wis­tik öw­re­ni­li­şi­ni ama­la aşyr­mak­ly­ga uly kö­mek edip­dir. Bi­ru­ny eser­le­ri­ni arap di­lin­de ýa­zyp­dyr. Gün­do­gar yl­my­nyň we me­de­ni­ýe­ti­niň gal­kyn­ma­gy­na ägirt uly go­şant go­şan Abu Reý­han Bi­ru­ny mu­sul­man alym­la­ry­nyň için­de iň bir öň­de­ba­ry­jy­la­ry­nyň bi­ri­dir. Bi­ru­ny dün­ýä bel­li ma­te­ma­tik, ast­ro­nom, geo­log, far­ma­sewt, ta­ryh­çy, ge­og­raf, ling­wist we din aly­my­dyr. Ta­kyk bi­lim­ler­de Bi­ru­ny geo­log, mi­ne­ro­log, far­ma­sewt we fi­zik hök­mün­de ta­ny­mal­dyr. Alym­lar Bi­ru­ny­nyň 150-den gow­rak yl­my eser­le­ri ýa­zan­dy­gy ba­ra­da nyg­ta­ýar­lar. Akyl­da­ryň ýa­zan eser­le­ri­niň hem­me­si­ni bi­ziň döw­rü­miz­de ne­şir et­sek, olar her­si­niň möç­be­ri 35 çap list­den yba­rat bo­lan 40 tom­luk ki­tap bo­lar­dy.
Ta­ryh­çy Är­do­gan Mer­çil: ”Asyl ge­lip çy­ky­şy oguz türk­men­le­rin­den bo­lan alym, akyl­dar Abu Reý­han Bi­ru­ny­nyň iş­le­ri dün­ýä yl­my we me­de­ni­ýe­ti üçin örän gym­mat­ly­dyr” di­ýip ýaz­ýar. Öm­rü­niň köp bö­le­gi­ni — 31 ýy­ly­ny Gaz­na­da ýa­şap, aja­ýyp eser­le­ri dö­re­den Bi­ru­ny dün­ýä ta­ry­hy­nyň par­lak ýyl­dy­zy­dyr.

Lä­le AL­LA­BER­DI­ÝE­WA,
H. Der­ýa­ýew adyn­da­ky Mu­gal­lym­çy­lyk
mek­de­bi­niň ta­ryh mu­gal­ly­my.