“Türk­me­nis­tan — ro­waç­ly­gyň Wa­ta­ny” ýy­lyn­da yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň äh­li ugur­la­ryn­da uly ösüş­ler ga­za­nyl­ýar. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň örän oý­la­ny­şyk­ly, öň­den­gö­rü­ji­lik­li sy­ýa­sa­ty ne­ti­je­sin­de ber­ka­rar döw­le­ti­miz­de il-ýurt bäh­bit­li, dün­ýä äh­mi­ýet­li iş­ler ama­la aşy­ryl­ýar. Ge­çen ýyl gö­zel paý­tag­ty­myz Aş­ga­bat şä­he­rin­de ge­çi­ri­len Türk­me­nis­ta­nyň Halk mas­la­ha­ty­nyň bi­rin­ji mej­li­sin­de ka­bul edi­len ta­ry­hy çöz­güt­ler bu iş­le­re oňyn tä­si­ri­ni ýe­tir­ýär. Esa­san hem, oba­se­na­gat top­lu­my ba­ra­da ka­bul edi­len çöz­güt­ler özü­niň gu­wan­dy­ry­jy ne­ti­je­le­ri­ni ber­ýär. 2019-njy ýyl­dan baş­lap pag­ta­nyň, bug­da­ýyň döw­let sa­tyn alyş nyrh­la­ry­nyň ýo­kar­lan­dy­ryl­ma­gy, kä­ren­de­çi­le­re, mülk­dar­la­ra, daý­han ho­ja­lyk­la­ry­na 99 ýyl­lyk möh­let bi­len ýer bö­lek­le­ri­ni ber­mek, bö­lü­nip ber­len ýe­riň 70 gö­te­ri­min­de Wa­ta­ny­my­zyň baş baý­lyk­la­ry bo­lan pag­ta, bug­daý we döw­let tab­şy­ryk­la­ry­na gir­ýän beý­le­ki oba ho­ja­lyk ekin­le­ri­ni, ga­lan ýer bö­le­gin­de bol­sa ekin do­la­ny­şy­gy­na gir­ýän beý­le­ki ekin­le­ri ek­mek, şeý­le-de ýeňillikli şertlerde bank kar­zy­nyň ha­sa­by­na oba ho­ja­lyk teh­ni­ka­la­ry­ny sa­tyn al­ma­ga yg­ty­ýar ber­mek ýa­ly ta­ry­hy çöz­güt­ler oba zäh­met­keş­le­ri­niň buý­san­jy­ny art­dy­ryp, öň­kü­den-de yh­las­ly, gaý­rat­ly zäh­met çek­mä­ge, oba ho­ja­lyk ekin­le­rin­den bol ha­syl al­ma­ga uly iter­gi ber­ýär.
Ýur­du­my­zyň baş baý­ra­my bo­lan şan­ly Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň 28 ýyl­lyk to­ýu­nyň öňü­sy­ra­syn­da Türk­me­nis­ta­nyň Halk mas­la­ha­ty­nyň ikin­ji mej­li­si ge­çi­ril­ýär. Hä­zir­ki wagt­da ýur­du­my­zyň äh­li ýe­rin­de bol­şy ýa­ly, Kö­ne­ür­genç et­ra­by­n­da hem döw­let äh­mi­ýet­li bu mö­hüm çä­rä taý­ýar­lyk iş­le­ri bar­ha giň ge­ri­me eýe bol­ýar. Ilat ara­syn­da ýur­du­my­zyň gel­jek­ki ösüş­le­rin­de mö­hüm äh­mi­ýe­ti bol­jak Türk­me­nis­ta­nyň Halk mas­la­ha­ty­nyň ikin­ji mej­li­si ba­ra­da wa­gyz-ne­si­hat du­şu­şyk­la­ry ge­çi­ril­ýär.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň alyp bar­ýan mil­li de­mok­ra­tik sy­ýa­sa­ty ne­ti­je­sin­de, ýur­du­myz­da sy­ýa­sy çä­re­ler örän gu­ra­ma­çy­lyk­ly gu­ral­ýar. Şo­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň ikin­ji mej­li­si­ne gat­naş­ma­ga my­na­syp we­kil­le­ri saý­la­mak bo­ýun­ça jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry ta­ra­pyn­dan de­giş­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Biz hem Türk­me­nis­ta­nyň Ag­rar par­ti­ýa­sy­nyň et­rap ko­mi­te­ti ta­ra­pyn­dan bu mö­hüm syýasy çä­rä dür­li ugur­lar­da zäh­met çek­ýän, ilat ara­syn­da uly at-ab­ra­ýa, hor­ma­ta eýe bo­lan, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň oba ho­ja­lyk pu­da­gy­ny has-da go­wu­lan­dyr­mak bi­len bag­ly baş­lan­gyç­la­ry­ny dur­mu­şa ge­çir­mä­ge iş­jeň gat­naş­ýan ag­za­la­ry­my­zy hö­dür­le­dik.
Hal­ky­myz­da ga­dym­dan gel­ýän “Mas­la­hat­ly bi­çi­len don gys­ga bol­maz” di­ýen pä­him bar. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz şol pä­hi­me eýe­rip, döw­let we jem­gy­ýet­çi­lik dur­mu­şy­nyň mö­hüm me­se­le­le­ri­ni el­my­da­ma il sy­lag­ly ýa­şu­lu­la­ry­myz, mäh­rem ene­le­ri­miz bi­len ge­ňeş­ýär, ýur­du­my­zyň dür­li pu­dak­la­ryn­da iş­le­ýän ra­ýat­la­ry­myz bi­len mas­la­hat­la­şyp, pi­kir alyş­ýar. Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň yk­dy­sa­dy ösüş­le­ri­niň, bag­ty­ýar ra­ýat­la­ry­my­zyň ýa­şa­ýyş-dur­muş de­re­je­le­ri­niň has-da ýo­kar­lan­ma­gy­nyň esa­sy ugur­la­ry­ny kes­git­le­jek Türk­me­nis­ta­nyň Halk mas­la­ha­ty­nyň ikin­ji mej­li­si­niň hem ýur­du­my­zyň äh­lita­rap­la­ýyn ösü­şin­de örän uly äh­mi­ýe­ti bo­lar.

Gül­hu­mar HO­JAH­ME­TO­WA,
Türk­me­nis­ta­nyň Ag­rar par­ti­ýa­sy­nyň Da­şo­guz
we­la­ýa­ty­nyň Kö­ne­ür­genç et­rap ko­mi­te­ti­niň hü­när­me­ni.