5-nji sent­ýabr­da Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti, ýur­du­my­zyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň Be­lent Ser­ker­de­ba­şy­sy go­şun ge­ne­ra­ly Gurbanguly Berdimuhamedow Döw­let howp­suz­lyk ge­ňe­şi­niň göç­me mej­li­si­ni ge­çir­di. Onuň do­wa­myn­da har­by we hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ryň şu ýy­lyň se­kiz aýyn­da ýe­ri­ne ýe­ti­ren iş­le­ri­niň jem­le­ri­ne ga­ral­dy, şeý­le hem ýur­du­my­zyň har­by dü­züm­le­ri­niň “Türk­men eder­men” ýö­ri­te mak­sat­ly to­par­la­ry­nyň bi­le­lik­dä­ki gör­kez­me har­by okuw-tür­gen­le­şi­gi­ne gat­naş­dy.
Di­ňe go­ra­nyş hä­si­ýe­ti­ne eýe bo­lan hem-de Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji­lik­li da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­na do­ly la­ýyk gel­ýän Har­by dokt­ri­na­da kes­git­le­nen ile­ri tu­tul­ýan we­zi­pe­ler­den ugur al­mak bi­len, eder­men Wa­tan go­rag­çy­la­ry ýur­du­myz­da pa­ra­hat­çy­ly­gyň we asu­da­ly­gyň, hal­ky­my­zyň aba­dan dur­mu­şy­nyň go­ra­gyn­da sak dur­ýar­lar.
Mil­li Li­de­ri­mi­ziň baş­lan­gy­jy bo­ýun­ça dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän har­by öz­gert­me­le­riň mö­hüm ugur­la­ry­na la­ýyk­lyk­da, Ýa­rag­ly Güýç­le­riň kuw­wa­ty­ny art­dyr­mak, mil­li go­şu­nyň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­ny döw­re­bap­laş­dyr­mak, ýo­ka­ry hü­när­li har­by gul­luk­çy­la­ryň dü­züm­le­ri­ni pug­ta­lan­dyr­mak, ýo­ka­ry de­re­je­li gul­luk we har­by gul­luk­çy­la­ryň maş­ga­la ag­za­la­ry­nyň ýa­şa­ýyş de­re­je­si­ni ýo­kar­lan­dyr­mak üçin oňaý­ly şert­le­ri dö­ret­mek me­se­le­le­ri­ne mö­hüm üns be­ril­ýär. Äh­li go­şun bö­lüm­le­ri­niň ut­ga­şyk­ly he­re­ket­le­ri­ni üp­jün et­mek mak­sa­dy bi­len, ýur­du­my­zyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň Be­lent Ser­ker­de­ba­şy­sy go­şun ge­ne­ra­ly Gurbanguly Berdimuhamedowyň buý­ru­gy bo­ýun­ça go­şu­nyň şah­sy dü­züm­le­ri­niň sö­weş­jeň taý­ýar­ly­gy­ny göz­den ge­çir­mä­ge gö­nük­di­ri­len okuw-tür­gen­le­şik iş­le­ri yzy­gi­der­li ge­çi­ril­ýär.
…Gi­je ýa­rym­dan agan­soň, mil­li Li­de­ri­miz Döw­let ser­het gul­lu­gy­nyň okuw-tür­gen­le­şik mer­kez­le­ri­niň bi­ri­ne ta­rap ug­ra­dy.
Be­lent Ser­ker­de­ba­şy­myz kuw­wat­ly har­by ula­ga erk edip, dag de­re­le­ri­ne ta­rap ýo­la düş­di. Wag­tyň bu ça­gyn­da dag için­dä­ki üm­süm­lik güýz ho­wa­sy­nyň ýa­ky­my bi­len ut­ga­şyp, öz­bo­luş­ly aja­ýyp­ly­gy eme­le ge­tir­ýär. Ýo­lug­ra döw­let Baş­tu­ta­ny­myz aja­ýyp gör­nü­şi bi­len özü­ne çek­ýän bu kün­je­giň te­bi­gy aý­ra­tyn­lyk­la­ryn­dan tä­sir­len­di. Dag ge­riş­le­ri­niň aja­ýyp­ly­gy gö­zel gör­nü­şe bes­len­ýär.
Mer­ke­zi gi­rel­gä­niň ýa­nyn­da döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zy ýur­du­my­zyň har­by we hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry gar­şy­la­dy­lar. Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let howp­suz­lyk ge­ňe­şi­niň sek­re­ta­ry, mil­li howp­suz­lyk mi­nist­ri ge­ne­ral-pol­kow­nik Ý.Ber­di­ýew Döw­let howp­suz­lyk ge­ňe­şi­niň göç­me mej­li­si­ni ge­çir­mä­ge gör­len taý­ýar­lyk ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.
Soň­ra mil­li Li­de­ri­miz Döw­let howp­suz­lyk ge­ňe­şi­niň göç­me mej­li­si­ni ge­çir­di. Onuň gün ter­ti­bi­ne la­ýyk­lyk­da ýur­du­my­zyň har­by we hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ry­nyň şu ýy­lyň ýan­war-aw­gust aý­la­ryn­da ýe­ri­ne ýe­ti­ren iş­le­ri­niň jem­le­ri­ne, de­giş­li dü­züm­le­riň gu­ra­ma­çy­lyk me­se­le­le­ri­ne ga­ral­dy, şeý­le hem döw­re­bap san­ly ul­ga­my na­za­ra alyp, dü­züm­le­riň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­ny has-da döw­re­bap­laş­dyr­mak we iş­gär­ler üp­jün­çi­li­gi­ni go­wu­lan­dyr­mak bo­ýun­ça mö­hüm we­zi­pe­ler kes­git­le­nil­di.
Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, har­by dü­züm­le­riň işi­ni mun­dan beý­läk-de kä­mil­leş­dir­mek, şol san­da ýur­du­my­zyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň bö­lüm­le­ri­niň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­ny tä­ze ýö­ri­te teh­ni­ka­la­ryň we beý­le­ki har­by se­riş­de­le­riň, şeý­le hem san­ly ul­ga­myň or­naş­dy­ryl­ma­gy ar­ka­ly döw­re­bap­laş­dyr­mak ug­run­da top­lum­la­ýyn iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Şeý­le hem “Ýol he­re­ke­ti­niň howp­suz­ly­gy — öm­rü­mi­ziň ra­hat­ly­gy” at­ly bi­raý­ly­gyň çäk­le­rin­de ge­çi­ril­ýän çä­re­ler, Türk­me­nis­ta­nyň Ga­raş­syz­lyk baý­ra­my my­na­sy­bet­li gu­ral­jak da­ba­ra­ly har­by ýö­ri­şe gö­rül­ýän taý­ýar­lyk ba­ra­da­ky ha­sa­bat­lar diň­le­nil­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Döw­let howp­suz­lyk ge­ňe­şi­niň sek­re­ta­ry­na ýüz­le­nip, oňa “Türk­men eder­men” me­da­ly­ny dö­ret­mek bo­ýun­ça tek­lip­le­ri taý­ýar­la­ma­gy we ony ýur­du­my­zyň Mej­li­si­ne hö­dür­le­mek bi­len bag­la­ny­şyk­ly iş­le­ri alyp bar­ma­gy tab­şyr­dy. Ýur­du­my­zyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň Be­lent Ser­ker­de­ba­şy­sy pro­ku­ror­la­ryň kä­bir­le­ri­ni we­zi­pä bel­le­mek we we­zi­pe­den bo­şat­mak ha­kyn­da Per­ma­na we Ka­ra­ra gol çek­di.
Döw­let howp­suz­lyk ge­ňe­şi­niň mej­li­sin­de baş­ga-da bir­nä­çe me­se­le­le­re se­re­dil­di, olar bo­ýun­ça de­giş­li çöz­güt­ler ka­bul edil­di. Soň­ra mil­li Li­de­ri­miz we­lo­si­ped­de ýö­ri­te okuw-tür­gen­le­şik meý­dan­ça­sy­na ta­rap ug­ra­dy. Ýo­lug­ra döw­let Baş­tu­ta­ny­myz döw­re­bap kä­mil har­by teh­ni­ka­la­ry göz­den ge­çir­di. Şeý­le hem Be­lent Ser­ker­de­ba­şy­my­za türk­men ala­baý­la­ry­nyň we beý­le­ki to­hum­lar­dan bo­lan gul­luk it­le­ri­niň gör­kez­me çy­kyş­la­ry gör­ke­zil­di.
Soň­ky ýyl­lar­da ser­het ga­la­la­ryn­da gul­luk it­le­ri­ni sak­la­mak üçin äh­li ze­rur şert­ler üp­jün edil­ýär. Ser­het­le­riň döw­re­bap de­re­je­de teh­ni­ki taý­dan en­jam­laş­dy­ryl­ýan­dy­gy­na ga­ra­maz­dan, ýö­ri­te tür­gen­le­şik ge­çen it­le­riň hyz­ma­ty, öň­kü­si ýa­ly, ýo­ka­ry de­re­je­de bol­ýar. Olar Wa­ta­ny­my­zyň mu­kad­des çäk­le­ri­niň go­rag­çy­la­ry bi­len bi­le­lik­de gün­de­lik gö­zeg­çi­li­gi ama­la aşyr­ýar­lar.
Türk­men ser­het­çi­le­ri döw­let Baş­tu­ta­ny­my­za gul­luk at­la­ry­nyň we ala­baý­la­ryň gul­luk alyp bar­ýan pur­sat­la­ry­ny, ba­şa-baş sö­we­şiň, so­wuk ýa­rag­la­ry ny­şa­na zyň­ma­gyň usul­la­ry­ny gör­kez­di­ler. Şeý­le hem ýaş es­ger­ler at çap­ma­gyň, ny­şa­na ok at­ma­gyň, päs­gel­çi­lik­ler­den geç­me­giň we ýa­rag­ly dür­li tak­ti­ki he­re­ket­ler­dä­ki ok at­ma­gyň tär­le­ri­ni ele alan­dyk­la­ry­ny iş ýü­zün­de su­but et­di­ler.
Şeý­le hem mil­li Li­de­ri­miz uçar­man­syz uça­ry uçur­ma­gyň we do­lan­dyr­ma­gyň, ýö­ri­te he­re­ket­le­riň aý­ra­tyn­lyk­la­ry, ola­ra al­pi­nist­le­riň gat­naş­mak­la­ry, mo­tou­la­gyň üs­tün­den gar­şy­da­şa ok at­mak, mer­gen­le­riň taý­ýar­lyk de­re­je­si­ni syn­la­dy. Bu ýer­de at­ly we py­ýa­da no­bat­çy­lyk çal­şyk he­re­ket­le­ri, aw­tou­lag­da ge­çen ser­het bo­zu­jy­la­ry sak­la­ma­gyň ne­ti­je­le­ri, ser­het­çi­le­riň gün­de­lik ulan­ýan teh­ni­ki se­riş­de­le­ri­niň müm­kin­çi­lik­le­ri gör­ke­zil­di.
Mil­li Li­de­ri­miz di­ku­çar meý­dan­ça­syn­dan har­by aw­tou­lag­da har­by okuw-tür­gen­le­şik ge­çi­ril­ýän ýe­re ta­rap ug­ra­dy. Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň aw­tou­la­gy ýol sö­küp, Ga­ra­gu­muň gi­ňiş­li­gi bo­ýun­ça men­zil aş­dy. Mil­li Li­de­ri­miz har­by aw­tou­la­gy­na us­sat­lyk bi­len erk edip, säh­ra­nyň gi­ňiş­lik­le­ri bi­len ok­gun­ly men­zil aşyp bar­ýan pur­sat­la­ryn­da türk­men top­ra­gy­nyň bu kün­je­gi­niň gö­zel­li­gi­ni syn­la­dy. Ýy­lyň şu pas­lyn­da säh­ra­nyň ösüm­lik dün­ýä­si aý­ra­tyn tä­sin­dir. Bu gör­nüş­ler säh­ra­nyň güýz gün­le­ri­niň ho­wa­sy bi­len ut­ga­şyp, yn­san ru­hu­ny gö­ter­ýän ýa­kym­ly gur­şa­wy dö­red­ýär.
…Har­by oku­wyň ge­çi­ril­ýän ýe­rin­de Be­lent Ser­ker­de­ba­şy­my­zy go­ran­mak mi­nist­ri B.Gün­dog­dy­ýew gar­şy­la­ýar. Ol Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­mi­ziň bir­nä­çe bi­rik­me­le­ri­niň har­by gul­luk­çy­la­ry­nyň okuw-tür­gen­le­şik­le­riň ge­çi­ril­me­gi­ne taý­ýar­dy­gy ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.
Şu gün­ki har­by okuw-tür­gen­le­şik­de ýur­du­my­zyň har­by we hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ry­nyň “Türk­men eder­men” ýö­ri­te mak­sat­ly bi­le­lik­dä­ki to­pa­ry­nyň şah­sy dü­zü­mi sö­weş­jeň us­sat­lyk­la­ry­ny hem-de ba­şar­nyk­la­ry­ny gör­kez­di.
Ýur­du­my­zyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň Be­lent Ser­ker­de­ba­şy­sy ýö­ri­te meý­dan­ça­da­ky syn edil­ýän ýe­re bar­ýar we şol ýer­den har­by we hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ryň ýö­ri­te mak­sat­ly bi­le­lik­dä­ki bö­lüm­le­ri­niň har­by gul­luk­çy­la­ry­nyň gör­kez­me çy­kyş­la­ry­na syn ed­ýär.
Bu ýer­de Türk­me­nis­ta­nyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň çäk go­ra­nyş go­şun­la­ry hem-de “Türk­men eder­men” ýö­ri­te mak­sat­ly to­par­la­ry bi­le­lik­de aý­ra­tyn go­ral­ýan des­ga sö­weş­jeň to­pa­ryň hü­jü­mi­ni yzy­na gaý­tar­mak bo­ýun­ça tak­ti­ki-ýö­ri­te he­re­ket­le­ri ýaý­baň­lan­dyr­dy­lar.
Har­by okuw-tür­gen­le­şik­ler ta­mam­la­nan­dan soň­ra, “Türk­men eder­men” ýö­ri­te mak­sat­ly to­par­la­ryň har­by gul­luk­çy­la­ry mu­kad­des ka­sam et­di­ler hem-de Türk­me­nis­ta­nyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň Be­lent Ser­ker­de­ba­şy­sy­ny go­ra­nyş hä­si­ýet­li Har­by dokt­ri­na­dan ge­lip çyk­ýan, öz öň­le­rin­de goý­lan jo­gap­kär­li we­zi­pe­le­ri my­na­syp ýe­ri­ne ýe­tir­jek­dik­le­ri­ne ynan­dyr­dy­lar.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz es­ger­le­re we ser­ker­de­le­re ata Wa­ta­ny­my­zy go­ra­mak­da hem-de mu­kad­des har­by bor­jy ýe­ri­ne ýe­tir­mek­de üs­tün­lik­ler ar­zuw edip, har­by aw­tou­lag­da Ga­ra­gum säh­ra­sy­nyň üs­tün­den geç­ýän ýol bo­ýun­ça di­ku­çar meý­dan­ça­sy­na ta­rap ug­ra­dy hem-de ýü­zug­ra bu kün­je­giň asyl dur­ku­ny sak­lan gö­zel­li­gi­ni syn­la­dy.
Mil­li Li­de­ri­miz ula­gy sak­lap, säh­ra­nyň be­lent ge­riş­li alaň­la­ry­ny hem-de ösüm­lik dün­ýä­si­niň gö­zel­li­gi­ni syn­la­dy. Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň bel­leý­şi ýa­ly, Ga­ra­gum säh­ra­syn­da der­man­lyk ösüm­lik­le­riň örän köp gör­nüş­le­ri ös­ýär. Şo­la­ryň be­je­riş aý­ra­tyn­lyk­la­ry­nyň yl­my taý­dan öw­re­nil­me­gi hä­zir­ki wagt­da mö­hüm we­zi­pe­le­riň bi­ri­dir. “Türk­me­nis­ta­nyň der­man­lyk ösüm­lik­le­ri” at­ly köp jilt­lik düýp­li yl­my işiň aw­to­ry hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz öz ki­ta­byn­da säh­ra­nyň ösüm­lik­le­ri­ni ne­ti­je­li peý­da­lan­ma­gyň anyk ugur­la­ry­ny kes­git­le­ýär.
Mil­li Li­de­ri­miz Ga­ra­gum säh­ra­sy bo­ýun­ça ýo­lu­ny do­wam edip, di­ku­çar meý­dan­ça­sy­na gel­di. Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti, ýur­du­my­zyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň Be­lent Ser­ker­de­ba­şy­sy Gurbanguly Berdimuhamedow di­ku­çar­da bu ýer­den ug­ra­dy.