Mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň şan­ly 28 ýyl­ly­gy­nyň ulu­dan toý­la­nyl­ýan “Türk­me­nis­tan – ro­waç­ly­gyň Wa­ta­ny” ýy­ly­nyň her bir gü­ni şan­ly wa­ka­la­ra bes­len­ýär. Eziz Di­ýa­ry­myz­da Ga­raş­syz­lyk ýyl­la­ry için­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da halk ho­ja­ly­gy­nyň äh­li ugur­la­ryn­da ýe­ti­len be­lent sep­git­ler türk­men hal­ky­nyň gö­wün­le­ri­ni gal­kyn­dyr­ýar. Ýur­du­my­zyň dür­li kün­jek­le­rin­de gur­lup, ula­nyl­ma­ga be­ril­ýän döw­re­bap bi­na­lar, önüm­çi­lik we dur­muş äh­mi­ýet­li des­ga­lar, ýo­ka­ry amat­lyk­ly ýa­şa­ýyş jaý­la­ry, dün­ýä ül­ňü­le­ri­ne la­ýyk gel­ýän luk­man­çy­lyk mer­kez­le­ri, mek­dep­ler, ça­ga­lar bag­la­ry mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň güýç­li dep­gin­ler bi­len ös­dü­ril­me­gi­ne, hal­ky­my­zyň ýa­şa­ýyş-dur­muş şert­le­ri­niň yzy­gi­der­li ýo­kar­lan­ma­gy­na ýar­dam ed­ýär.
Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň ýur­du­my­zy çalt dep­gin­ler bi­len ös­dür­mä­ge gö­nük­di­ri­len il-ýurt bäh­bit­li iş­le­ri üs­tün­lik­li dur­mu­şa or­naş­dy­ryl­ýar. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň pa­ra­sat­ly hem-de öň­den­gö­rü­ji­lik­li pi­kir­le­ri esa­syn­da iş­le­nip dü­zü­len “Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň ýur­du­my­zy 2019-2025-nji ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň Mak­sat­na­ma­sy” bi­len gü­neş­li Di­ýa­ry­myz tä­ze ösüş hem-de öz­ge­riş­lik­ler ýo­lu­na ga­dam bas­dy. Pre­zi­dent Mak­sat­na­ma­sy ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy kuw­wa­ty­ny has-da be­lent sep­git­le­re çy­kar­mak bi­len çäk­len­män, eý­sem, hal­ky­my­zyň hal-ýag­da­ýy­nyň bar­ha go­wu­lan­ma­gy­na hem uly iter­gi bo­lup hyz­mat ed­ýär. Şu Mak­sat­na­ma esa­syn­da ýur­du­my­zyň äh­li kün­je­gin­de iri göw­rüm­li me­de­ni hem-de dur­muş mak­sat­ly bi­na­la­ryň gur­lu­şy­gy­na gi­ri­şil­di. Bu giň möç­ber­li gur­lu­şyk­la­ryň il­kin­ji­le­ri­niň ha­ta­ryn­da Ahal we­la­ýa­ty­nyň tä­ze eda­ra ediş mer­ke­zi­ni gör­kez­mek bo­lar. Bu mer­kez se­bit­le­ri dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­mek, hal­ky­my­zyň ýa­şa­ýyş de­re­je­si­ni has-da ýo­kar­lan­dyr­mak ug­run­da al­nyp ba­ryl­ýan giň möç­ber­li iş­le­riň no­bat­da­ky su­but­na­ma­sy­dyr.
Mä­lim bol­şy ýa­ly, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň gat­naş­ma­gyn­da şu ýy­lyň 10-njy ap­re­lin­de Ahal we­la­ýa­ty­nyň do­lan­dy­ryş mer­ke­zi­niň — tä­ze nus­ga­lyk şä­he­riň düý­bi tu­tul­dy. Go­laý­da mil­li Li­de­ri­miz “Ahal we­la­ýa­ty­nyň tä­ze, döw­re­bap eda­ra ediş mer­ke­zi­ni gur­mak ha­kyn­da­ky” ta­ry­hy Ka­ra­ra gol çek­di. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň il-ýurt bäh­bit­li be­ýik iş­le­ri­ne hem-de hal­ky­myz ba­ra­da ed­ýän ala­da­la­ry­na buý­sa­nyp ýa­şa­ýan türk­men hal­ky mil­li Li­de­ri­mi­ze ho­şal­ly­gyň ny­şa­ny hök­mün­de Ahal we­la­ýa­ty­nyň Yz­gant şä­her­çe­sin­de ýyg­nan­dy­lar. Bu ýer­de gu­ra­lan toý da­ba­ra­syn­da edi­len çy­kyş­lar­dan hem gör­nü­şi ýa­ly, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň “Döw­let adam üçin­dir!” di­ýen şy­ga­ry baş ýö­rel­ge edi­nip, ýur­du­my­zy tä­ze ro­waç­lyk­la­ra alyp bar­ýan­dy­gy­ny gör­mek bol­ýar.
Mil­li Li­de­ri­mi­ziň baş­lan­gy­jy bo­ýun­ça, ýur­du­my­zyň äh­li kün­jek­le­rin­de, şol san­da Ahal we­la­ýa­ty­nyň çäk­le­rin­de ama­la aşy­ryl­ýan giň ge­rim­li şä­her­gur­lu­şyk mak­sat­na­ma­sy hal­ky­my­zyň dur­muş de­re­je­si­niň has-da ýo­kar­lan­dy­ryl­ma­gy­na gö­nük­di­ril­ýär. Ýur­du­myz­da ýaý­baň­lan­dy­ry­lan giň ge­rim­li gur­lu­şyk mak­sat­na­ma­la­ry­na hu­su­sy te­le­ke­çi­le­ri­ň hem gat­naş­ma­gy buý­san­dy­ry­jy wa­ka­lar­dyr. Olar mil­li Li­de­ri­mi­ziň öňe sür­ýän mil­li bi­na­gär­lik ýö­rel­ge­le­ri­ni ulan­mak bi­len, öň­de­ba­ry­jy usul­lar, san­ly teh­no­lo­gi­ýa­lar ar­ka­ly gur­lu­şyk iş­le­ri­ni ýo­ka­ry de­re­je­de alyp bar­ýar­lar.
Ahal we­la­ýa­ty­nyň tä­ze hem-de döw­re­bap do­lan­dy­ryş mer­ke­zi Gök­de­pe et­ra­by­nyň çä­gin­de bi­na edil­ýär. Bu şä­her 70 müň­den gow­rak ila­ta ni­ýet­le­nen­dir. Bu ýer­de iki tap­gyr­da kot­tej­le­riň we köp gat­ly ýa­şa­ýyş jaý­la­ry­nyň 400-den gow­ra­gy gur­lar. Tä­ze we­la­ýat mer­ke­zin­de her bi­ri 320 orun­lyk 10 sa­ny ça­ga­lar ba­gy, her­si 720 okuw­ça ni­ýet­le­nen 19 sa­ny or­ta mek­dep, baş­lan­gyç we or­ta hü­när mek­de­bi, şeý­le hem iki sa­ny sun­gat mek­de­bi bi­na edi­ler. Iki sa­ny Sag­lyk öýü­niň, Enä­niň we ça­ga­nyň sag­ly­gy­ny go­ra­ýyş mer­ke­zi­niň, beý­le­ki has­sa­ha­na­la­ryň gu­rul­ma­gy sag­lyk eda­ra­la­ry­nyň giň ul­ga­my­ny dö­re­der. We­la­ýat mer­ke­zin­de Ru­hy­ýet köş­gi, Me­de­ni­ýet öýi, dra­ma te­at­ry, ki­tap­ha­na, sir­kiň bi­na­sy we mu­zeý gur­lar. Hä­zir­ki za­man sport top­lu­my­nyň iki­si bi­na edi­ler. Ra­ýat­la­ryň dynç al­ma­gy üçin ba­gy-bos­san­ly se­ýil­gäh dö­re­di­ler. Söw­da we dynç alyş mer­ke­zi ila­ta hyz­mat eder. Ahal­te­ke be­dew­le­ri­niň ga­dy­my me­ka­nyn­da aý­la­wy, tür­gen­le­şik meý­dan­ça­la­ry, ma­než­le­ri we at­ha­na­la­ry bo­lan Hal­ka­ra at­çy­lyk ýo­ka­ry okuw mek­de­bi­ni, Yl­my önüm­çi­lik mer­ke­zi­ni gur­mak göz öňün­de tu­tul­ýar. Bu des­ga­lar Hal­ka­ra at­çy­lyk sport top­lu­my bi­len bi­le­lik­de, bi­te­wi ul­ga­my eme­le ge­ti­rer.
Türk­men hal­ky üçin äh­mi­ýet­li bo­lan bu wa­ka hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­lan­gy­jy bi­len ýaý­baň­lan­dy­ry­lan giň ge­rim­li öz­gert­me­le­riň üs­tün­lik­li ama­la aşy­ryl­ýan­dy­gy­nyň no­bat­da­ky su­but­na­ma­sy­dyr. Goý, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň hal­ky­my­zyň bag­ty­ýar gel­je­gi­ne gö­nük­di­ri­len be­ýik tu­tum­la­ry he­mi­şe ro­waç­lyk­la­ra bes­len­sin!

Ba­tyr Aşy­row,
S. A. Nyýazow adyndaky
TOHU-nyň uly mu­gal­ly­my.