Hä­zir­ki dö­wür­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň taý­syz ta­gal­la­la­ry­nyň ne­ti­je­sin­de, ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ni di­wer­si­fi­ka­si­ýa­laş­dyr­mak, san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­te geç­mek, yk­dy­sa­dy ösü­şiň kö­pu­gur­ly­ly­gy­ny ga­zan­mak ba­ba­tyn­da düýp­li mak­sat­na­ma­lar bi­len bir­lik­de halk hä­ki­mi­ýe­ti­ni kä­mil­leş­dir­mek bo­ýun­ça ne­ti­je­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy kuw­wa­ty­nyň no­bat­da­ky üs­tün­lik­le­ri mil­li Li­de­ri­mi­ziň baş­lyk­lyk et­me­gin­de ge­çi­ri­len Halk Mas­la­ha­ty­nyň mej­li­sin­de giň­den be­ýan edil­di.
Şeý­le hem ýur­du­my­zy mun­dan beý­läk-de ok­gun­ly ös­dür­mek, hal­ky­my­zyň bag­ty­ýar we aba­dan ýa­şaý­şy­ny üp­jün et­mä­ge gö­nük­di­ri­len düýp­li öz­gert­me­le­re de­giş­li me­se­le­le­riň giň top­lu­my mas­la­hat­la­şyl­dy. Halk Mas­la­ha­ty halk hä­ki­mi­ýe­ti­niň iň ýo­ka­ry we­kil­çi­lik­li eda­ra­sy bol­mak bi­len, Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap döw­le­ti­miz­de halk bi­len ge­ňeş­mek — Halk Mas­la­hat­la­ry­ny yzy­gi­der­li ge­çir­mek in­di dä­be öw­rül­di. “Döw­let adam üçin­dir!” di­ýen be­ýik tag­ly­ma­ty öňe sü­ren hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz mö­hüm jem­gy­ýet­çi­lik-sy­ýa­sy fo­rum­da eden ta­ry­hy çy­ky­şyn­da “Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň ýur­du­my­zy 2019-2025-nji ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň Mak­sat­na­ma­sy­nyň” dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi bi­len bag­la­ny­şyk­ly iş­le­ri be­ýan et­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň bel­läp ge­çi­şi ýa­ly, ýur­du­myz yk­dy­sa­dy taý­dan kuw­wat­ly döw­let bol­mak bi­len çäk­len­män, eý­sem dün­ýä­niň esa­sy se­na­gat döw­let­le­ri­niň ha­ta­ry­na ynam­ly go­şul­ýar. Türk­me­nis­tan in­di en­çe­me ýyl­lar­dan bä­ri, Mer­ke­zi Azi­ýa­da, ga­ly­ber­se-de, tu­tuş dün­ýä­de yk­dy­sa­dy taý­dan ok­gun­ly ös­ýän ýurt­la­ryň bi­ri­dir. Mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň ösüş dep­gi­niniň 2018-nji ýy­lyň jem­le­ri boýunça 6,2 gö­te­ri­me, 2019-njy ýyl­da bol­sa, hä­zir­ki wagt­da 6,3 gö­te­ri­me deň bol­ma­gy, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­da dur­ma­gyn­da ama­la aşy­ryl­ýan we ýur­du­my­zyň se­na­gat-in­no­wa­si­on ösü­şi­ne gö­nük­di­ri­len öz­gert­me­ler, önüm­çi­lik pu­da­gy­na yl­myň, teh­ni­ka­nyň ga­za­nan­la­ry­nyň, tä­ze­çil teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň or­naş­dy­ryl­ma­gy hem-de san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­te geç­mek ba­bat­da al­nyp ba­ryl­ýan giň ge­rim­li iş­le­riň üs­tün­lik­le­re bes­len­ýän­di­gi­niň su­but­na­ma­sy­dyr.
Mil­li Li­de­ri­mi­ziň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­zi di­wer­si­fi­ka­si­ýa ýo­ly bi­len ös­dür­mek sy­ýa­sa­ty­na la­ýyk­lyk­da, Se­na­gat pu­da­gy hem yzy­gi­der­li we dur­nuk­ly dep­gin­ler bi­len ös­ýär. Je­mi içer­ki önü­miň umu­my möç­be­rin­de bu pu­da­gyň pa­ýy 32,6 gö­te­ri­me ýet­di. Ýur­du­myz­da iri se­na­gat des­ga­la­ry­nyň hem-de yk­dy­sa­dy­ýe­tiň hu­su­sy pu­da­gy­nyň we­kil­le­ri­niň gat­naş­ma­gyn­da gu­rul­ýan dür­li se­na­gat we gur­lu­şyk mak­sat­ly önüm­le­riň önüm­çi­li­gi­niň gu­rul­ma­gy ýur­duň se­na­gat kuw­wa­ty­nyň bar­ha ýo­kar­lan­ýan­dy­gyn­dan ha­bar ber­ýär.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň Halk Mas­la­ha­tyn­da eden çy­ky­şyn­da bel­leý­şi ýa­ly, Le­bap, Ma­ry, Da­şo­guz, Bal­kan we­la­ýat­la­ryn­da hem te­bi­gy gaz­dan dür­li önüm­le­ri ön­dür­ýän gaz­hi­mi­ýa top­lum­la­ry­ny gur­mak göz öňün­de tu­tul­ýar. Önüm­çi­lik we dur­muş mak­sat­ly iri des­ga­la­ryň gur­lu­şy­gy hem üs­tün­lik­li do­wam ed­ýär. Oba mil­li mak­sat­na­ma­sy­na la­ýyk­lyk­da, 1,8 mil­liard ma­nat möç­ber­de ma­ýa go­ýum­la­ry­nyň öz­leş­di­ril­me­gi­ne ga­ra­şyl­ýar.
Mil­li Li­de­ri­miz öz çy­ky­şyn­da ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ni san­ly ul­ga­ma ge­çir­mek ba­bat­da­ky iş­le­ri giň­den be­ýan et­di. San­ly yk­dy­sa­dy­ýe­te geç­mek bi­len ýur­du­myz­da köp san­ly tä­ze iş orun­la­ry dö­re­ýär. Halk ho­ja­ly­gy­nyň dür­li pu­dak­la­ry­na prog­ram­ma­çy­lar, in­že­ner­ler, teh­no­log­lar ýa­ly hü­när­men­ler ge­rek bol­ýar. Şo­nuň üçin mil­li Li­de­ri­miz bu ugur­da hem özü­niň öň­den­gö­rü­ji­lik­li sy­ýa­sa­tyn­dan ugur alyp, ýur­du­myz­da Te­le­kom­mu­ni­ka­si­ýa­lar we in­for­ma­ti­ka ins­ti­tu­ty­ny dö­re­dip, bi­lim ojak­la­ryn­da bu ugur­lar­da hü­när­men­le­ri taý­ýar­la­mak üçin tä­ze hü­när­le­riň go­şul­ma­gy­na şert dö­ret­di. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­zi san­laş­dyr­mak iş­le­ri­niň iler­le­dil­ýän döw­rün­de Türk­me­nis­ta­nyň Mag­lu­mat teh­no­lo­gi­ýa­la­ry mer­ke­zi­ni dö­ret­me­giň mak­sa­da­la­ýyk bol­jak­dy­gy­ny bel­le­di.
San­ly yk­dy­sa­dy­ýet ylym-bi­lim pu­da­gy­nyň hem öz­bo­luş­ly ösü­şi bi­len berk bag­la­ny­şyk­ly­dyr. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­lan­gy­jy bi­len ýur­du­myz­da gu­rul­ýan mek­dep­ler we mek­de­be çen­li ça­ga­lar eda­ra­la­ry­nyň döw­re­bap hem-de yl­myň soň­ky ga­za­nan teh­no­lo­gi­ýa­sy bi­len üp­jün edil­me­gi­ne uly äh­mi­ýet beril­ýär, şo­nuň ýa­ly bi­lim ojak­la­ry­nyň sa­ny­nyň kö­pel­dil­me­gi ug­run­da ýa­daw­syz ta­gal­la­lar edil­ýär. Mu­ňa mil­li Li­de­ri­mi­ziň umu­my­mil­li fo­rum­da ýur­du­my­zy dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­mä­ge gö­nük­di­ri­len mak­sat­na­ma­my­za la­ýyk­lyk­da, 2019-2025-nji ýyl­lar­da umu­my ba­ha­sy 3,5 mil­liard ma­nat bo­lan 205 sa­ny umu­my­bi­lim ber­ýän mek­de­biň, şeý­le hem umu­my ba­ha­sy 1,5 mil­liard ma­nat bo­lan 165 sa­ny mek­de­be çen­li ça­ga­lar eda­ra­sy­nyň gurul­ma­gynyň göz öňün­de tu­tu­lan­dy­gy­ny bel­läp geç­me­gi, ylym we bi­lim ul­gam­la­ry­ny kä­mil­leş­dir­mek ýo­lun­da edil­ýän iş­le­riň bi­möç­ber­di­gi­ni ala­mat­lan­dyr­ýar.
Umu­man, Halk Mas­la­ha­tyn­da mil­li Li­de­ri­mi­ziň öňe sü­ren yn­san­per­wer baş­lan­gyç­la­ry, ýur­du­my­zy has-da ös­dür­mä­ge ni­ýet­le­nen iri möç­ber­li mak­sat­na­ma­la­ry hal­ky­my­zyň aba­dan we bag­ty­ýar dur­muş­da ýa­şa­ma­gy­na gö­nük­di­ri­len­dir.

Gu­wanç SEÝ­DI­ÝEW,
Aş­ga­bat şä­he­ri­niň Büz­me­ýin et­rap
Halk Mas­la­ha­ty­nyň ag­za­sy.