Futbol boýunça Türkmenistanyň milli çempionatynda möwsümiň tamamlanmagyna 3 tapgyr galanda “Altyn asyr” topary bassyr 6-njy çempionlygyny yglan etdi. Paýtagtly futbolçylar 25-nji tapgyryň çäklerinde myhmançylykda 2-nji hatarda barýan “Şagadam” bilen duşuşdy. Oýun 2–1 hasabynda “Altyn asyr” toparynyň peýdasyna tamamlandy. 20-nji minutda ýer eýeleri Baýramgeldi Nurlyýewiň goly bilen öňe saýlandy. Ýöne myhmanlaryň jogaby gijikmedi. 2 minutdan soň, Altymyrat Annadurdyýew hasaby deňlemegi başardy. “Altyn asyra” ýeňiş, hatda çempionlyk getiren goly bolsa, 86-njy minutda Bagtyýar Hojaahmedow geçirip, ol topy ýalňyşlyk bilen öz derwezesine girizdi. Şunlukda, 2–1 hasabynda ýeňiş gazanan “Altyn asyr” 6-njy gezek çempion diýen ady eýeläp, bu ugurda “Köpetdag” topary bilen deňleşdi. Aragatnaşykçylaryň yzly-yzyna 6-njy sapar çempion bolmagy bolsa, ýurdumyzyň täze rekordy diýmekdir (2014, 2015, 2016, 2017, 2018, 2019). “Altyn asyr” bu ugurda yzly-yzyna 5 gezek çempion bolan “Köpetdag” toparynyň rekordyny täzelemegi başardy.
Şeýle-de 25-nji tapgyrda “Energetik” bilen “Ahal” deňme-deň oýnady (1–1; Serdar Annamämmedow 59 — Begenç Temriýew 85 ö.d.). “Nebitçi” bolsa, garaşylmadyk ýagdaýda myhmançylykda “Köpetdagdan” Farhat Italmazowyň ýeke-täk goly bilen 1–0 üstün çykdy. Paýtagtyň adybir topary “Aşgabat” myhmançylykda “Merwi” 3–2 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Ýeňiş gazanan toparyň gollaryny Gahrymanberdi Çoňkaýew (25), Wekil Kadyrow (35), Myratgeldi Gurbangeldiýew (87) geçiren bolsa, ýer eýelerinden Döwlet Baýramow (66) bilen Ýewgeniý Tkaçenko (90+4) tapawutlandy. 23-nji tapgyryň galdyrylan oýnunda “Ahal” öz meýdançasynda “Altyn asyrdan” 3–1 üstün çykdy. Oýunda “Ahalyň” gollaryny Pirmyrat Gazakow (2), Didar Durdyýew (20), Gurban Annaýew (48), “Altyn asyryň” goluny bolsa, Myrat Annaýew (86 p) derwezä girizdi.
Ikinji ýer ugrunda “Şagadam” bilen “Ahalyň” arasynda ýiti göreş bolup, şol nukdaýnazardan şu günki iki toparyň özara duşuşygynyň ähmiýeti diýseň uludyr.