Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­da dur­ma­gyn­da dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän tu­tum­ly iş­le­riň ne­ti­je­sin­de, mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­miz gal­ky­nyş­la­ryň we öz­gert­me­le­riň tä­ze eý­ýa­my­na ga­dam goý­dy. Yk­dy­sa­dy taý­dan äh­mi­ýet­li öz­gert­me­ler hem-de çöz­güt­ler äh­lita­rap­la­ýyn hal­ky­my­zyň, ýur­du­my­zyň bäh­bi­di üçin ama­la aşy­ryl­ýan tu­tum­ly iş­le­re ba­dal­ga bol­dy. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ta­ra­pyn­dan ba­dal­ga ber­len tu­tum­ly baş­lan­gyç­la­ryň bi­ri hem “Awa­za” mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gy bi­len bag­ly tas­la­ma­lar­dyr. Bu tas­la­ma uzak bol­ma­dyk möh­let­de üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ri­lip, hä­zir­ki wagt­da Ha­za­ryň türk­men ke­na­ry bü­tin dün­ýä­niň üns mer­ke­zin­dä­ki kün­jek­le­riň bi­ri ha­sap­lan­ýar. Sy­ýa­hat­çy­lyk pu­da­gy­ny ös­dür­mek­de dün­ýä tej­ri­be­si­ni öw­ren­mek we ony dur­mu­şa or­naş­dyr­mak bo­ýun­ça edil­ýän taý­syz ta­gal­la­lar ýe­ri­ne dü­şüp, bu gün­ki gün Awa­za ýy­lyň dört pas­lyn­da hem iň bir ge­lim-gi­dim­li ýer­le­riň bi­ri­ne öw­rül­di.
Hä­zir­ki to­mus pas­ly­nyň do­wam ed­ýän gün­le­rin­de Ha­zar deň­zi­niň türk­men ke­na­ryn­da il­deş­le­ri­mi­ziň müň­ler­çe­si dynç al­ýar­lar. Uly ýaş­ly­lar bi­len bir­lik­de, ça­ga­lar hem döw­re­bap sa­gal­dyş-dynç alyş mer­kez­le­rin­de wagt­la­ry­ny hoş ge­çir­ýär­ler.
Ça­ga­lar sa­gal­dyş-dynç alyş mer­kez­le­rin­de komp­ýu­ter bo­ýun­ça, da­şa­ry ýurt dil­le­ri­ni öw­ren­mek, çe­per bäs­le­şik­le­ri, dö­re­di­ji­lik we sport ýa­ryş­la­ry­ny gu­ra­mak ba­bat­da, gur­nak­lar­da iş­le­me­li mu­gal­lym­la­ryň we ter­bi­ýe­çi­le­riň hü­när de­re­je­si­ni ýo­kar­lan­dyr­mak bo­ýun­ça okuw-usu­ly­ýet mas­la­hat­la­ry­nyň ge­çi­ri­len­di­gi­ni hem aýt­mak ge­rek. Bu ýer­de hal­ka­ra fes­ti­wal­la­ry­nyň, ser­gi­le­riň, mas­la­hat­la­ryň yzy­gi­der­li ge­çi­ri­lip du­rul­ýan­dy­gy hem gu­wan­dy­ry­jy­dyr. Awa­za­da fes­ti­wal­la­ryň we beý­le­ki çä­re­le­riň yzy­gi­der­li gu­ral­ma­gy halk­la­ryň ara­syn­da­ky dost­lu­gyň ber­ke­me­gi­ne hem tä­si­ri­ni ýe­tir­ýär. Bu ýer­de ge­çi­ril­ýän iri möç­ber­li çä­re­ler ja­han­keş­de­le­riň na­za­ry­ny türk­men top­ra­gy­na çek­mä­ge amat­ly ýag­da­ýy dö­red­ýär. Şeý­le­lik­de, da­şa­ry ýurt­lar­dan sy­ýa­ha­ta gel­ýän adam­lar Türk­me­nis­ta­ny has ýa­kyn­dan ta­na­ma­ga müm­kin­çi­lik al­ýar­lar. Şol bir­wag­tyň özün­de Türk­me­nis­tan, onuň mil­li önüm­le­ri, sy­ýa­hat­çy­lyk hyz­mat­la­ry­nyň we beý­le­ki pu­dak­la­ryň önüm­le­ri üçin amat­ly ma­ha­bat­dyr. Ýur­duň hal­ka­ra de­re­je­sin­de jem­gy­ýet­çi­lik ab­ra­ýy­ny ýo­ka­ry de­re­je­le­re gal­dyr­ýan ýag­daý­dyr.
Sy­ýa­hat ed­ýän adam­lar az bol­ma­dyk muk­dar­da­ky pu­lu­ny — öz süý­şü­rint­gi­si­ni sy­ýa­ha­ta ba­ran ýe­rin­de go­wy dynç al­mak üçin harç­la­ýar­lar. Şeý­le­lik­de, ýur­duň çä­gi­ne sy­ýa­ha­ta gel­ýän da­şa­ry ýurt ra­ýat­la­ry­nyň, ola­ra edil­ýän hyz­mat­la­ryň, sa­tyl­ýan ha­ryt­la­ryň ha­sa­by­na gy­zyl pul gir­de­ji­le­ri­mi­ziň möç­be­ri hem art­ýar. Umu­man, sy­ýa­hat­çy­lyk ila­tyň we döw­le­tiň bar­ha baý­laş­ma­gy­nyň uly çeş­me­si­dir.
Şol bir­wag­tyň özün­de ýur­du­my­zyň öz ila­ty­nyň amat­ly dynç al­ma­gy üçin hem Ha­zar deň­zi­niň ke­na­ry­nyň örän uly äh­mi­ýe­te eýe­di­gi­ni bel­le­mek ge­rek. Awa­za­nyň sy­ýa­hat­çy­lyk şert­le­ri­niň has hem go­wu­laş­ma­gy bi­len bu oňyn ýag­daý içer­ki sy­ýa­hat­çy­ly­gyň ýo­ka­ry dep­gin­ler bi­len ös­me­gi­ne-de, gür­rüň­siz öz tä­si­ri­ni ýe­tir­ýär.
Ýur­du­my­zyň sy­ýa­hat­çy­lyk kär­ha­na­la­ry­nyň we­kil­le­ri bi­len pi­kir al­şan ma­ha­ly­myz­da, olar Türk­me­nis­ta­nyň çä­gin­dä­ki dynç alyş kün­jek­le­ri­niň ara­syn­da Awa­za­nyň aý­ra­tyn or­nu­nyň bar­dy­gy­ny gu­wanç bi­len bel­le­di­ler. Çün­ki da­şa­ry ýurt­lu­la­ram, il­deş­le­ri­mi­zem ag­la­ba ýag­daý­da Awa­za ba­ryp gör­mä­ge is­leg bil­dir­ýär­ler. “Awa­za” mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da dynç al­mak, sport bi­len meş­gul­lan­mak, sag­ly­gy­ňy di­kelt­mek üçin äh­li müm­kin­çi­lik­le­riň bar­dy­gy bu aja­ýyp kün­je­gi iň ge­lim-gi­dim­li ýer­le­riň bi­ri­ne öwür­ýär.
Hä­zir­ki dö­wür­de bag­ty­ýar ça­ga­la­ry­my­zyň ýüz­ler­çe­si Awa­za­nyň “De­mir­ýol­çy”, “Çeş­me”,”Ne­sil”, “Al­tyn ýyl­dyz”, “Ýaş­lyk”, “Şöh­le” ýa­ly dynç alyş mer­kez­le­rin­de öz wagt­la­ry­ny şa­dy­ýan ge­çir­mek bi­len, dür­li bäs­le­şik­le­re, sport ýa­ryş­la­ry­na hem gat­naş­ýar­lar. De­ňiz ke­na­ryn­da gur­lan “Älem­go­şar”, “De­ňiz mer­je­ni”,”Ja­dy­ly ke­nar” ýa­ly oýun att­rak­si­on­ly sa­gal­dyş-dynç alyş top­lum­la­ry­na ge­ze­len­je çyk­ýar­lar. Bu ýer­de oýun­la­ryň gu­ra­ly­şy ça­ga­lar­da ýat­dan çyk­ma­jak tä­sir­le­ri gal­dyr­ýar.
Ha­za­ryň türk­men ke­na­ry dün­ýä bo­ýun­ça sy­ýa­hat­çy­lyk üçin amat­ly ýer­le­riň bi­ri ha­sap­la­nyp bil­ner. De­ňiz ke­nar­la­ry dün­ýä­de sy­ýa­hat­çy­la­ry iň bir özü­ne çek­ýän ýer­ler ha­sap­lan­ýar, ýag­ny, umu­my sy­ýa­hat­çy­lyk pu­da­gyn­da de­ňiz sy­ýa­hat­çy­ly­gy­nyň äh­mi­ýe­ti ulu­dyr. De­ňiz su­wu­nyň we onuň ke­nar ýa­ka­la­ry­nyň aras­sa­ly­gy, su­wuň we ho­wa­nyň ýy­ly­ly­gy, de­ňiz ho­wa­sy­nyň adam sag­ly­gy üçin der­man­ly­gy, çä­ge­li ke­nar, ar­zan ha­ryt­lar we hyz­mat­lar, se­bi­tiň umu­my howp­suz­ly­gy we şu­ňa meň­zeş bir­nä­çe aý­ra­tyn­lyk­lar bu ýe­ri ar­tyk­maç­lyk­la­ra eýe ed­ýär.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň alyp bar­ýan yk­dy­sa­dy sy­ýa­sa­ty­nyň öze­nin­de ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň ýo­ka­ry gö­te­ril­me­gi, şol bir­wag­tyň özün­de sy­ýa­hat­çy­lyk pu­da­gy­nyň ös­dü­ril­me­gi bi­len bag­ly çä­re­le­riň top­lu­my dur­ýar. Sy­ýa­hat­çy­lyk pu­da­gyn­da­ky öz­gert­me­ler ýur­du­my­zyň hal­ka­ra yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ry­ny ös­dür­me­giň ýo­lun­da mö­hüm ädim­le­riň bi­ri­dir. Mu­nuň özi Türk­me­nis­ta­nyň her bir ra­ýa­ty­nyň eş­ret­li we bag­ty­ýar dur­mu­şy­nyň baş gi­re­wi­dir.

Me­ret­gül Ta­gan­my­ra­do­wa,
S.A.Ny­ýa­zow adyn­da­ky
TO­HU-nyň mu­gal­ly­my.