Kök­le­ri ga­dy­my­ýe­tiň jüm­mü­şi­ne uza­ýan mer­da­na türk­men hal­ky­myz ru­hy-me­de­ni gym­mat­lyk­la­ra örän baý­dyr. Türk­men ha­ly­la­ry, ahal­te­ke be­dew­le­ri, sa­ry­ja go­ýun­la­ry, mil­li zer­gär­çi­lik sun­ga­ty­my­zyň ne­pis önüm­le­ri dün­ýä­de uly meş­hur­ly­ga eýe­dir. Ata-babalarymyzyň döreden gymmatlyklary ne­sil­den-nes­le ge­çirilip, hä­zir­ki wagt­da hem do­wam et­dir­ilýär. Türk­men hal­ky­nyň aja­ýyp gym­mat­lyk­la­ry­nyň bi­ri-de we­pa­dar we duý­gu­daş dos­t ha­sap­lan­ýan ahal­te­ke be­dew­le­ri­dir. Türk­men hal­ky öz dur­mu­şy­ny be­dew­siz göz öňü­ne-de ge­ti­rip bil­män­dir. Şol se­bäp­li hem hal­ky­myz­da ata er­kin erk et­mek ça­ga­lyk­dan öw­re­di­lip­dir.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­lan­gy­jy bi­len 2007-nji ýyl­da döredilen “Gal­ky­nyş” mil­li at üs­tün­dä­ki oýun­lar to­pa­ry­nyň dö­re­dil­me­gi at­çy­lyk sun­ga­ty­nyň has kä­mil­leş­me­gi­ne düýp­li go­şant goş­dy. Bu to­pa­ryň ji­git­le­ri­dir gyz­la­ry in­di bir­nä­çe ýyl­dan bä­ri dün­ýä­niň dür­li ýurt­la­ryn­da, şeý­le hem ýur­du­myz­da ge­çi­ril­ýän bäs­le­şik­ler­de, me­de­ni-köp­çü­lik­le­ýin çä­re­ler­de şow­ly çy­kyş edip, öz­le­ri­niň sah­na us­sat­lyk­la­ry­ny gör­ke­zip, baý­rak­ly orun­la­ra my­na­syp bol­ýar­lar. Biz hem go­laý­da bu to­pa­ryň iň ki­çi ag­za­sy, kör­pe­je tür­gen Me­di­ne Baý­ram­dur­dy­ýe­wa bi­len söh­bet­deş bol­ma­gy ma­kul bil­dik. Ol bi­ze at­çy­lyk spor­ty ha­kyn­da gy­zyk­ly gür­rüň­ler ber­di.

– Me­di­ne, il­ki bi­len özü­ňiz ba­ra­da
gür­rüň be­räý­se­ňiz?!
– Men 2008-nji ýyl­da Bäherden etrabynyň Mürçe obasynda eneden do­gul­dym. Hä­zir Aş­ga­bat şä­he­rin­dä­ki ýö­ri­te­leş­di­ri­len 42-nji or­ta mek­de­biň 6-njy syn­py­nda okaýaryn.
– Okuw­dan da­şa­ry nä­me bi­len
meş­gul­lan­ma­gy ha­la­ýar­sy­ňyz?
– Men okuw­dan da­şa­ry at mün­me­gi, at­çy­lyk ba­ra­da ýa­zy­lan dür­li ki­tap­la­ry oka­ma­gy go­wy gör­ýä­rin. Bäş ýa­şym­dan bä­ri at üs­tün­dä­ki oýun­lar bi­len meş­gul­lan­ýa­ryn. Her gün di­ýen ýa­ly okuw­dan soň­ra Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let sir­ki­ne tür­gen­leş­mä­ge gid­ýä­rin. Şeý­le-de, du­tar çal­ma­gy ha­la­ýa­ryn. 2019-njy ýyl­da Türk­me­nis­ta­nyň Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Ýaş­lar gu­ra­ma­sy­nyň Mer­ke­zi Ge­ňe­şi­niň Gul­ba­ba adyn­da­ky Ça­ga­lar baý­ra­gy­na my­na­syp bol­mak bag­ty ma­ňa-da mi­ýes­ser et­di.
– Tür­gen­le­şik­ler nä­hi­li geç­ýär?
– Men ata-ba­ba­la­ry­myz­dan mi­ras ga­lan at üs­tün­dä­ki mil­li oýun­la­ry öw­ren­mek, ola­ry has-da öz­leş­dir­mek bi­len çäk­len­män, eý­sem, kep­de­ri­ler we ow­la­jyk­lar bi­len hem dür­li oýun­la­ry gör­kez­ýä­rin. At­lar ba­ra­da aý­dy­lan­da bol­sa, di­ňe bir at bi­len tür­gen­leş­ýä­rin. Se­bä­bi, at şol bir ada­ma öw­re­ni­şen bol­ma­ly. Men to­par­da Gal­la­çy at­ly at bi­len çy­kyş ed­ýä­rin. Men aty­my diý­seň go­wy gör­ýä­rin.
– Köp­çü­li­giň öňün­de at bi­len çyl­şy­rym­ly til­sim­le­ri
ýe­ri­ne ýe­tir­mä­ge çy­ka­ny­ňyz­da nä­hi­li duý­gu­la­ry
baş­dan ge­çir­ýär­si­ňiz?
– Me­niň dur­mu­şym ki­çi­li­gim­den bä­ri be­dew bi­len berk bag­la­ny­şyk­ly. Şol se­bäp­li gün­de edip ýö­ren he­re­ket­le­ri­mi is­len­dik ýer­de ýe­ri­ne ýe­ti­re­nim­de-de kyn düş­me­je­gi­ni bil­ýä­rin we hiç hi­li tol­gun­maz­dan er­kin ýe­ri­ne ýe­tir­ýä­rin.
– Spor­tuň baş­ga haý­sy gör­nüş­le­ri
si­zi özü­ne çek­ýär?
– Gim­nas­ti­ka. Spor­tuň bu gör­nü­şi at bi­len tür­gen­le­şik geç­mek is­le­ýän her bir tür­gen üçin ge­rek­li ha­sap edil­ýär.
– Maş­ga­la­ňyz­da baş­ga-da
at­çy­lyk spor­ty bi­len
meş­gul­lan­ýan bar­my?
– Ha­wa, ka­kam, Türkme­nis­ta­nyň at ga­za­nan me­de­ni­ýet iş­gä­ri, Türk­me­nis­ta­nyň at ga­za­nan at­şy­na­sy, “Gal­ky­nyş” mil­li at üs­tün­dä­ki oýun­lar to­pa­ry­nyň se­ýis to­par ýol­baş­çy­sy Py­gy Baý­ram­dur­dy­ýew me­niň ha­ly­pam. Şeý­le-de do­ga­nym, “Gal­ky­nyş” mil­li at üs­tün­dä­ki oýun­lar to­pa­ry­nyň tä­lim­çi­si Ser­dar Baý­ram­dur­dy­ýew at­çy­lyk spor­ty bi­len meş­gul­lan­ýar.
– Me­di­ne, in­di bir­nä­çe ýyl­dan bä­ri “Gal­ky­nyş” mil­li at üs­tün­dä­ki oýun­lar to­pa­ry dün­ýä­niň dür­li ýurt­la­ryn­da bo­lup, türk­me­niň mil­li mi­ra­sy­ny beý­le­ki halk­la­ra gör­kez­ýär. Da­şa­ry ýurt­ly to­ma­şa­çy­lar si­ziň çy­kyş­la­ry­ňy­za nä­hi­li ba­ha ber­ýär­ler?
– Türk­me­niň ga­dy­my sun­ga­ty­nyň, ahal­te­ke be­de­wi­niň şöh­ra­ty­nyň dün­ýä dol­ma­gy üçin mäh­ri­ban Ar­ka­da­gy­myz bi­ze uly gol­daw ber­ýär. “Gal­ky­nyş” mil­li at üs­tün­dä­ki oýun­lar to­pa­ry­nyň hä­zi­re çen­li dün­ýä­niň dür­li ýurt­la­ryn­da bo­lup, ýe­ri­ne ýe­ti­ren çy­kyş­la­ry her ge­zek uly ses­len­me dö­red­ýär. To­pa­ry­myz Gyr­gyz Res­pub­li­ka­sy­nyň Çol­pan-ata şä­he­rin­de, Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Mosk­wa we Sankt-Pe­ter­burg şä­her­le­rin­de, Ita­li­ýa­nyň La­ti­na şä­he­rin­de, Hy­taý Halk Res­pub­li­ka­sy­nyň Çan­çun şä­he­rin­de, Bah­reýn Pa­ty­şa­ly­gy­nyň Ma­na­ma şä­he­rin­de we dün­ýä­niň beý­le­ki döw­let­le­rin­de ge­çi­ri­len hal­ka­ra sirk sun­ga­ty­nyň fes­ti­wal­la­ry­dyr çy­kyş­la­ry­na gat­na­şyp, dür­li baý­rak­la­ra my­na­syp bol­dy. Bi­ziň bu ýer­ler­de eden çy­kyş­la­ry­my­zy dün­ýä­niň dür­li ýurt­la­ryn­dan fes­ti­wa­la gat­naş­ýan myh­man­lar uly şow­hun we el çar­pyş­ma­lar bi­len gar­şy al­ýar­lar. Da­şa­ry ýurt­lu­lar owa­dan türk­men be­dew­le­ri­ni, ge­lin-gyz­la­ry­my­zyň da­kyn­ýan şaý-sep­le­ri­ni, mil­li egin-eşik­le­ri­mi­zi gö­rüp haý­ran gal­ýar­lar. Şeý­le hem, da­şa­ry ýurt­ly sirk us­sat­la­ry ýur­du­myz­da ge­çi­ril­ýän çy­kyş­la­ra hem gat­naş­ýar­lar. Myh­man­lar gö­zel­li­gi we çe­ýe­li­gi bi­len ady ro­wa­ýa­ta öw­rü­len aja­ýyp be­dew­le­ri­mi­ziň, şeý­le hem ça­pyp bar­ýan atyň üs­tün­de dür­li çyl­şy­rym­ly he­re­ket­le­ri ýe­ri­ne ýe­tir­ýän ýi­git­le­ri­miz­dir gyz­la­ry­my­zyň us­sat­ly­gy­na haý­ran gal­ýar­lar. Bu biz­de çäk­siz buý­sanç duý­gu­sy­ny dö­red­ýär. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň türk­men me­de­ni­ýe­ti­ni, sun­ga­ty­ny mun­dan beý­läk-de ös­dür­mä­ge gol­daw ber­me­gi bi­zi dö­re­di­ji­li­ge hö­wes­len­dir­ýär, ga­dy­my dö­wür­ler­den bä­ri hal­ky­my­zyň buý­san­jy­na öw­rü­len we dün­ýä meş­hur bo­lan ahal­te­ke be­dew­le­ri­niň dün­ýä­dä­ki şan-şöh­ra­ty­ny art­dyr­ýar.
– Ata mün­mek, at­çy­lyk spor­ty bi­len
meş­gul­lan­mak is­le­ýän deň-duş­la­ry­ňa
ber­jek mas­la­hat­la­ry­ňyz?
– Be­dew at hem edil adam ýa­ly duý­gur bol­ýar. On­dan gork­ma­ly däl. Tür­gen bol­mak üçin er­jel, çy­dam­ly, tu­tan­ýer­li bol­ma­ly, ýa­da­man-ýal­tan­man tür­gen­leş­me­li.
– Gel­jek­de kim bol­mak is­le­ýär­si­ňiz?
– El­bet­de, at­çy­lyk spor­ty bi­len meş­gul­lan­mak is­le­ýä­rin. Pur­sat­dan peý­da­la­nyp, biz ýaş ne­sil­ler hak­da ed­ýän ata­lyk ala­da­la­ry üçin mäh­ri­ban Ar­ka­da­gy­my­za çäk­siz al­kyş aýd­ýa­ryn! Goý, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ja­ny sag, öm­ri uzak bol­sun!
– Me­di­ne, be­ren tä­sir­li gür­rüň­le­riňiz üçin köp sag bo­luň! Okuw­da, at­çy­lyk spor­tun­da mun­dan beý­läk-de uly üs­tün­lik­ler ga­zan­ma­gy­ňy­zy ar­zuw ed­ýä­ris!
– Sag bo­luň!