ZE­NAN ALYM­LA­RYŇ OÝ­LAP TA­PYŞ­LA­RY
Hä­zir­ki wagt­da dur­mu­şy­myz­da ulan­ýan zat­la­ry­my­zyň kö­pü­si öň­ki dö­wür­ler­de ýok­dy. Ýö­ne­keý, em­ma uly iş bi­tir­ýän gu­ral­lar ýyl­la­ryň
do­wa­myn­da ga­za­ny­lan tej­ri­bä­niň ne­ti­je­sin­de oý­la­nyp ta­pyl­dy. Ge­liň, ze­nan alym­la­ryň oý­lap ta­pyş­la­ry­nyň kä­bi­ri­ni öw­re­ne­liň!
Ak­wa­ri­um: hä­zir­ki wagt­da ki­çi­jik ba­ly­jak­la­ryň, pyş­ba­ga­la­ryň we beý­le­ki de­ňiz jan­dar­la­ry­nyň sak­lan­ýan ga­by­na köp ýer­de duş gel­mek bol­ýar. Ak­wa­ri­um bu jan­dar­la­ryň sak­lan­ma­gy üçin däl-de, suw­da ýa­şa­ýan jan­dar­la­ry ýa­kyn­dan öw­ren­mek mak­sa­dy bi­len dö­re­di­lip­dir. Fran­suz te­bi­ga­ty öw­re­ni­ji­si Žan­na Wilpr­ýo-Pauer aý­na daş­ly ga­pyr­ja­gy 1832-nji ýyl­da oý­lap tap­ýar. Ol yl­my işi­ni do­wam et­dir­mek üçin ak­wa­ri­um­da dür­li de­ňiz jan­dar­la­ry­ny sak­lap­dyr. Soň­lu­gy bi­len ak­wa­ri­um­lar de­ňiz jan­dar­la­ry­ny syn­la­mak üçin peý­da­la­ny­lyp baş­la­nyp­dyr. Hat­da hä­zir­ki wagt­da has uly de­ňiz jan­dar­la­ry­nyň sak­lan­ýan ak­wa­ri­um­la­ry hem bar. Ola­ra okea­na­ri­um di­ýil­ýär. Dün­ýä­de iň uly okea­na­ri­um ABŞ-nyň Jor­ji­ýa şta­ty­nyň At­lan­ta şä­he­rin­de ýer­le­şip, on­da de­ňiz jan­dar­la­ry­nyň 100 müň­den gow­ra­gy ýa­şa­ýar.
Gap-gaç ýu­wu­jy ma­şyn: Jo­ze­fi­na Kok­reýn 1886-njy ýyl­da gap-gaç­la­ry ýuw­ma­ga ni­ýet­le­nen me­ha­ni­ki ma­şy­ny oý­lap tap­ýar. Onuň oý­lap ta­pan ma­şy­ny edil hä­zir­ki­ler ýa­ly, su­wuň pür­kül­me­gi ne­ti­je­sin­de, ýag­ny su­wuň güý­ji bi­len gap­la­ry aras­sa­la­ýan eken. Ol öz oý­lap ta­pan en­ja­my­ny 1893-nji ýyl­da Çi­ka­go­da­ky ser­gi­de gör­ke­zip­dir. Kok­reýn el­de hem-de elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len iş­le­ýän dür­li ulu­lyk­da­ky gap ýu­wu­jy ma­şyn­la­ry iş­läp düz­ýär. Kok­reý­niň tä­ze­çil ha­ry­dy­na res­to­ran­lar we myh­man­ha­na­lar has köp is­leg bil­di­rip­dir­ler. On­dan öň gap-gaç ýu­wu­jy ma­şyn ýa­sa­lan hem bol­sa, olar şow­ly çyk­man­dyr. Şeý­le ma­şyn­lar 1950-nji ýyl­lar­dan soň­ra öý­ler­de peý­da­la­ny­lyp baş­lan­ýar.
Ulagyň aý­na sü­pü­rgiji: ýa­gyş­ly gün­de ulag sü­rü­len­de aw­to­mat usul­da ýa­gyş su­wu­ny aras­sa­la­ýan sü­pür­gi­jiň äh­mi­ýe­ti ulu­dyr. Bu en­jam en­tek ulag­la­ryň ýa­ňy peý­da bo­lup baş­lan wagt­la­ry oý­la­nyp ta­py­lyp­dyr. Ge­çen asy­ryň ba­şyn­da, has dog­ru­sy 1903-nji ýyl­da Me­ri An­der­son bu en­ja­m üçin pa­tent al­ýar. Ol 1902-nji ýy­lyň gy­şyn­da Nýu-Ýor­ka eden sa­pa­ryn­da ýa­gyn­ly gün­de tram­wa­ýa mün­ýär. Şon­da gar ga­ty­şyk­ly ýa­gyş ýag­ýan­dy­gy se­bäp­li ma­şi­nis­tiň çek­ýän kyn­çy­ly­gy­na göz ýe­tir­ýär. Ýa­şa­ýan ýe­ri Ala­ba­ma şta­ty­na ge­len­den soň­ra in­že­ner­ler bi­len ýa­gyn­ly ho­wa­da ma­şy­nyň öň­ki aý­na­sy­ny aras­sa­la­ýan en­ja­my iş­läp taý­ýar­la­ýar. Mun­dan ozal hem şeý­le en­jam bar eken. Em­ma An­der­so­nyň oý­lap ta­pan en­ja­my ula­gyň için­den el bi­len do­lan­dyr­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýän­di­gi se­bäp­li ulan­mak üçin has amat­ly ha­sap­la­nyp­dyr. Hä­zir­ki wagt­da gu­ry ýer­de, suw­da we ho­wa­da he­re­ket ed­ýän äh­li ulag­lar­da di­ýen ýa­ly aý­na aras­sa­laý­jy en­jam bar.