“KOWUSNAMA” — NESIHATNAMA

188

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly ýol­baş­çy­ly­gyn­da Mi­ra­sa sar­pa goý­mak, Wa­ta­ny öz­gert­mek ýy­lyn­da ýur­du­myz­da dün­ýä nus­ga­lyk iş­ler ama­la aşy­ryl­ýar. Hal­ky­my­zyň ru­hy dün­ýä­si­niň ga­na­ty bo­lup ge­len ede­bi eser­le­ri­mi­ziň, mil­li gym­mat­lyk­la­ry­my­zyň dün­ýä ýa­ýyl­ma­gy dün­ýä halk­la­ryn­da çuň­ňur gy­zyk­lan­ma­la­ry art­dyr­ýar.
Gün­do­gar halk­la­ry­nyň halk dö­re­di­ji­lik eser­le­ri köp öwüş­gin­li­dir hem-de ma­ny we ge­ri­mi ba­bat­da ýaý­raw­ly­dyr. Gün­do­gar­da uly meş­hur­lyk ga­za­nan şeý­le eser­le­riň bi­ri-de Keý-Kow­suň og­ly Gi­lan­şa­ha ne­si­hat ber­mek mak­sa­dy bi­len ýa­zan ki­ta­by­dyr. Mu­ny onuň og­lu­na: “Og­lum, bu dün­ýä­de me­niň top­lan iň go­wy zat­la­rym şu söz­ler­dir. Men iň eý gör­ýän ada­mym bo­lan sa­ňa şu söz­le­ri mi­ras go­ýa­sym gel­di” di­ýen söz­le­ri-de tas­syk­la­ýar.
Keý-Ko­wus 1021-1098-nji ýyl­lar ara­ly­gyn­da ýa­şap ge­çip­dir. Ol Ýür­jen şä­he­ri­niň hä­ki­mi Ko­wu­syň ag­ty­gy eken. Ol ata­sy­nyň ha­ty­ra­sy­na ki­ta­by­ny “Ko­wus­na­ma” di­ýip at­lan­dy­ryp­dyr.
Keý-Ko­wus meş­hur ese­ri­ni uzak ýyl­la­ryň do­wa­myn­da dö­re­dip­dir. Onuň kä­mil çyk­ma­gy­na her bir ün­de­ýän pi­ki­ri­ni de­ger­li my­sal­la­ryň üs­ti bi­len ber­kit­me­gi ýar­dam edip­dir.
Ta­ry­hy mag­lu­mat­lar Keý-Ko­wu­syň di­ni tag­ly­mat­lar­dan-da, dün­ýe­wi ylym­lar­dan-da ýe­ter­lik baş çy­ka­ran­dy­gy­ny tas­syk­la­ýar. Ol dün­ýä halk­la­ry­nyň en­çe­me­si­niň me­de­ni­ýe­ti­ni, di­li­ni go­wy bi­lip­dir. Onuň köp­ýyl­lyk zäh­me­ti­niň mi­we­si bo­lan “Ko­wus­na­ma” ese­ri aw­to­ryň baý dur­muş tej­ri­be­li, ýo­ka­ry ylym­ly-bi­lim­li bo­lan­dy­gy­ny ha­bar ber­ýär.
“Ko­wus­na­ma” ese­ri oky­jy­lar köp­çü­lü­gi­niň ara­syn­da ne­si­hat­na­ma hök­mün­de bel­li bo­lup­dyr. Eser bel­li bir ada­ma de­giş­li bol­sa-da, on­da goz­gal­ýan me­se­le­le­riň tu­tuş adam­zat nes­li­ne de­giş­li­di­gi üçin ony sö­ýüp okap­dyr­lar we be­ýan edil­ýän pi­kir­ler­den de­giş­li ne­ti­je çy­ka­ryp­dyr­lar. Ese­riň esa­sy ide­ýa­sy – ata­nyň öz per­zen­di­ne ber­ýän pent­le­rin­den we ne­si­hat­la­ryn­dan yba­rat bo­lup­dyr. Mäh­ri­ban ata eziz per­zen­di­ne her bir me­se­le­de oý­la­ny­şyk­ly, pä­him-paý­has­ly, sa­byr­ly bol­ma­gy ün­de­ýär. Aw­tor aýd­ýan, be­ýan ed­ýän pi­kir­le­ri­ni dür­li de­ger­li my­sal­la­ryň üs­ti bi­len ber­kid­ýär. Bu aý­dyl­ýan pent­le­riň per­zen­diň aňyn­da or­naş­ma­gy­na ýar­dam ed­ýär.
Kä­bir ýi­tip gi­den däp-des­sur­la­ryň, mil­li oýun­la­ryň ýat­lan­ma­gy ese­riň gym­ma­ty­ny has-da art­dyr­ýar. Olar­da ata-ba­ba­la­ry­my­zyň dur­mu­şy­na mah­sus bo­lan dür­li ýag­daý­lar be­ýan edil­ýär. Umu­my­lyk­da al­nan­da, ki­tap 44 fa­zyl­dan, ýag­ny bö­lüm­den dur­ýar. Bö­lüm­ler bi­ri-bi­ri bi­len ma­ny taý­dan bag­la­ny­şyp, bi­te­wi bir maz­mu­ny eme­le ge­tir­ýär. Ça­ga­la­ra my­na­syp ter­bi­ýe ber­mek­de, ýag­şy­ly­gy ýa­ran edi­nip, ýa­man när­se­ler­den ga­ça dur­mak­da ese­riň äh­mi­ýe­ti diý­seň ulu­dyr. Ara­dan ýüz­ýyl­lyk­la­ryň ge­çen­di­gi­ne ga­ra­maz­dan, ese­riň öz ag­ra­my­ny sak­la­ýan­dy­gy hem şu­nuň bi­len bag­la­ny­şyk­ly­dyr.
Eser­de goz­gal­ýan kä­bir pi­kir­le­re na­zar sa­la­lyň.
“Ata-enä­ni sy­la­mak ha­kyn­da” at­ly bö­lüm eser­de aý­ra­tyn or­ny eýe­le­ýär. On­da pä­him-pa­ra­sat­ly ata per­zen­di­ne ýüz­le­nip, oňa öwüt-ün­dew­le­ri ed­ýär: “Og­lum, ata-enä­niň göw­nü­ne deg­me­gin, ola­ryň ýü­re­gi­ne bit­mez ýa­ra sal­ma­gyn, çün­ki Ýa­ra­dan ata bi­len enä­ni yn­jy­da­na agyr je­za ber­ýän­dir. Al­la­ta­ga­la şeý di­ýip­dir: “Sen ola­ry yn­jyt­ma, ola­ra hoş söz­ler diý”.
Ata-ene se­ni jan-di­li bi­len ös­dü­rip ýe­tiş­di­ren adam­lar­dyr. Sen ola­ryň göw­nü­ne deg­seň, hiç ha­çan ýag­şy­lyk gör­mer­siň. Per­zent­le­riň sa­ňa nä­hi­li ra­kyp bol­mak­la­ry­ny is­le­seň, se­nem ata-ene­ňe şon­ça ra­kyp bol­gun! Se­ni dog­ran nä­mä­ni ar­zuw ed­ýän bol­sa, sen­den ön­jek hem şo­ny ar­zuw eder. Per­zent mi­wä meň­ze­se, ata-ene da­rag­ta meň­ze­ýän­dir. Da­rag­tyň ide­gi­ni ýe­tir­di­giň­çe, mi­we­si köp we dat­ly bol­ýar, ata-ene­ňi hem nä­çe sy­lap, ola­ra nä­çe hyz­mat et­seň, ola­ryň sen hak­da­ky do­ga-di­leg­le­ri şon­ça tiz ha­syl bo­lar, sen Al­la­nyň ýa­nyn­da hem, ata-enä­niň ýa­nyn­da hem ýüz­li bo­lar­syň”.
“Ko­wus­na­ma” ese­rin­de mun­dan baş­ga-da, dost­luk, di­le­war­lyk, ki­çi­gö­wün­li­lik, bi­li­mi­ňi art­dyr­mak, be­de­wi ta­na­mak, myh­man­çy­lyk, bag­şy-sa­zan­da­lyk, dür­li gör­nüş­li oýun­la­ryň äh­mi­ýe­ti ba­ra­da hem öwüt-ne­si­hat­lar ün­del­ýär.
“Ko­wus­na­ma­da” ýö­ri­te “Ama­nat za­dy sak­la­mak ha­kyn­da” at­ly bö­lüm bar. On­da şeý­le di­ýil­ýär: “Eý, ba­lam, eger sa­ňa bir ki­şi ama­nat bir när­se tab­şyr­jak bol­sa, ýag­da­ýy­ny tap­saň, ony ka­bul et­me­gin, se­bä­bi ama­na­dy sak­la­mak örän kyn iş­dir. Eger ama­na­dy ka­bul et­seň, tä eýe­si­ne tab­şyr­ýan­çaň, ýag­şy sak­la­gyn, sa­la­mat tab­şy­rar­syň. Ama­na­da hy­ýa­nat et­me­gin, ama­na­da – gym­mat ba­ha­ly zer di­ýip­dir­ler. Eger dog­ry söz­li bol­saň, hem­me wagt döw­let­li ýa­şar­syň, ýag­ny dün­ýä­dä­ki hem­me baý­lyk dog­ry söz­li ada­ma de­giş­li­dir”.
Ça­ga ter­bi­ýe­sin­de, ýaş ne­sil­le­riň dog­ry ýo­la gö­nük­me­gin­de “Ko­wus­na­ma” ese­ri­niň äh­mi­ýe­ti ulu­dyr. Gym­ma­ty eg­sil­me­jek bu eser hä­zir­ki dö­wür­de dün­ýä halk­la­ryn­da şol san­da Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar ra­ýat­la­ry­nyň ara­syn­da-da iň bir söý­lüp okal­ýan eser hök­mün­de öz äh­mi­ýe­ti­ni sak­lap gel­ýär.

Ba­ba­gu­ly HE­KI­MOW,
Le­bap we­la­ýa­ty­nyň Ho­jam­baz
et­ra­byn­da­ky 21-nji or­ta
mek­de­biň mu­gal­ly­my.

ПОДЕЛИТЬСЯ
Предыдущая статьяHer dänäňiz müň bolsun!
Следующая статьяAWAZA ARZUWLY MEKAN