Hor­lan­mak is­le­ýän­ler üçin

607

Ba­dam­jan ýo­kum­ly gök önüm­le­riň bi­ri­dir. On­dan dür­li na­har­la­ry taý­ýar­lap bol­ýar. Bu önüm ga­dym za­man­lar­da gün­do­gar ýurt­la­ryn­da aý­ra­tyn äh­mi­ýe­te eýe bo­lup, Ýew­ro­pa giç ara­laş­ýar. Şeý­le-de bol­sa, şu gün­ki gün­de ba­dam­jan dür­li ýurt­lar­da ekil­ýär. Bu önü­miň dü­zü­min­de adam be­de­ni üçin peý­da­ly mad­da­lar bar. Ba­dam­jan­da ýü­rek myş­sa­la­ry­nyň ka­da­ly işi­ne ýar­dam ber­ýän köp muk­dar­da­ky ka­liý, şeý­le hem B wi­ta­mi­ni, as­kor­bin kis­lo­ta­sy we ka­ro­to­in bar. Onuň dü­zü­min­de wi­ta­min­ler on­çak­ly köp bol­ma­sa-­da, be­den­den zy­ýan­ly ho­les­te­rin­le­ri çy­kar­ma­ga ukyp­ly mad­da­sy bi­len ta­pa­wut­lan­ýar.
Mun­dan baş­ga-da ol klet­çat­ka­la­ra baý bo­lup, ada­my tiz do­ýur­ma­ga ukyp­ly, şu­nuň bi­len bir­lik­de hem ka­lo­ri­ýa­ly­ly­gy pes. Şo­nuň üçin ar­tyk­maç ag­ram­dan dyn­ma­ga ta­gal­la ed­ýän köp adam­lar ony ha­la­ýar. Şeý­le hem bu be­new­şe reňk­li önüm dü­zü­min­de ke­kir­de­gi we süňk­le­ri ber­kit­mä­ge ukyp­ly mad­da sak­lap, he­re­ket – da­ýanç süňk­le­ri­niň agy­ry­la­ry­nyň ösü­şi­ni ha­ýal­lat­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär. Şeý­le hem ba­dam­ja­ny yzy­gi­der­li iý­mek ju­wan­ly­gy­ňy we de­ri­ni oňat sak­la­ma­ga ýar­dam ber­ýär. Çün­ki ba­dam­jan te­bi­gy kol­la­gen iş­läp çy­ka­ryp, de­ri­ni çyg sak­la­ýar. Ba­dam­ja­ny dür­li usul­lar bi­len taý­ýar­lap bol­ýar. Ol go­wur­mak­dan baş­ga, beý­le­ki na­har­la­ryň we iş­däa­çar­la­ryň dü­züm bö­le­gi hök­mün­de hem ula­nyl­ýar.