Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baştutanlygynda Türk­me­nis­tan bi­len Sa­ud Ara­bys­ta­ny Pa­ty­şa­ly­gy­nyň ara­syn­da­ky döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ry hil taý­dan tä­ze de­re­je­le­re çyk­dy we baý ma­ny-maz­nu­na eýe bol­dy. Go­laý­da Sa­ud Ara­bys­ta­ny Pa­ty­şa­ly­gy­nyň esa­sy baý­ram­çy­ly­gy — dö­re­di­le­ni­niň 86 ýyl­ly­gy giň­den bel­le­nip ge­çil­di.
Do­gan­lyk ýur­duň şan­ly baý­ram­çy­ly­gy­nyň yzy­sü­re Sa­ud Ara­bys­ta­ny Pa­ty­şa­ly­gyn­da Türk­me­nis­ta­nyň Me­de­ni­ýet gün­le­ri ge­çi­ril­di.

Bu çä­re iki ýur­duň ara­syn­da­ky döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ry­nyň me­de­ni-yn­san­per­wer ug­ru­nyň has-da ber­ke­ýän­di­gi­niň şa­ýa­dy bol­dy.
Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Sa­ud Ara­bys­ta­ny­nyň Pa­ty­şa­ly­gy­nyň Pa­ty­şa­sy, Iki mu­kad­des­li­giň hyz­mat­kä­ri Sal­man ben Ab­du­la­ziz Al Sau­dyň bi­le­lik­dä­ki ta­gal­la­la­ry ne­ti­je­sin­de, türk­men-sa­ud gat­na­şyk­la­ry ok­gun­ly ös­ýär. Dost­luk­ly ýurt­da ge­çi­ri­len Me­de­ni­ýet gün­le­ri­niň çäk­le­rin­de türk­men sun­gat us­sat­la­ry­nyň kon­ser­ti, ama­ly-ha­şam sun­ga­ty­na ba­gyş­la­nan ser­gi we beý­le­ki köp san­ly me­de­ni çä­re­ler ge­çi­ril­di.
Ýe­ri ge­len­de bel­läp geç­sek, Sa­ud Ara­bys­ta­ny Pa­ty­şa­ly­gy­nyň mil­li gü­ni paý­tag­ty­myz Aş­ga­bat­da-da bel­le­nip ge­çil­di. Sa­ud Ara­bys­ta­ny­nyň Aş­ga­bat­da­ky il­çi­ha­na­sy­nyň gu­ra­ma­gyn­da ge­çi­ri­len da­ba­ra da­şa­ry ýurt­la­ryň dip­lo­ma­tik we­kil­ha­na­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry, hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň we­kil­le­ri we köp san­ly myh­man­lar gat­naş­dy. Şol da­ba­ra­da çy­kyş eden Sa­ud Ara­bys­ta­ny Pa­ty­şa­ly­gy­nyň Türk­me­nis­tan­da­ky Adat­dan da­şa­ry we Do­ly yg­ty­ýar­ly il­çi­si öz çy­ky­şyn­da iki ýur­duň döw­let Baş­tu­tan­la­ry­nyň ta­gal­la­la­ry ne­ti­je­sin­de, bu­ gün­kü gün­de türk­men-sa­ud gat­na­şyk­la­ry­nyň ok­gun­ly ösü­şe eýe bo­lan­dy­gy­ny mä­lim et­di. Je­nap il­çi öz ýur­du­nyň mil­li baý­ram­çy­ly­gy­ny iki­nji wa­ta­ny ha­sap­la­ýan Türk­me­nis­tan­da bel­läp geç­ýän­di­gi­ni nygtap, Sa­ud Ara­bys­ta­ny Pa­ty­şa­ly­gy­nyň Türk­me­nis­ta­nyň Ga­raş­syz­ly­gy­ny il­kin­ji­le­riň ha­ta­ryn­da yk­rar eden­di­gi­ni bel­läp geç­di.
– 1997-nji ýyl­da Aş­ga­bat­da Sa­ud Ara­bys­ta­ny­nyň il­çi­ha­na­sy iş­läp baş­la­dy. 2016-njy ýyl iki ýur­duň ara­syn­da­ky gat­na­şyk­la­ryň has-da ro­waç­la­nan döw­ri bol­dy. Şu ýy­lyň maý aýyn­da Türk­me­nis­ta­nyň çuň­ňur hor­mat­lan­ýan Pre­zi­den­ti­niň Sa­ud Ara­bys­ta­ny­na res­mi sa­pa­ry bol­dy. Örän ýo­ka­ry ne­ti­je­le­re eýe bo­lan bu sa­pa­ryň çäk­le­rin­de on­lar­ça iki­ta­rap­la­ýyn yla­la­şyk­la­ra gol çe­kil­di. Ol iki ýur­duň ara­syn­da dür­li ugur­lar­da hyz­mat­daş­ly­gyň has-da ber­ke­me­gi­ne ýar­dam eder. Bu sa­par Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň ikin­ji sa­pa­ry­dyr. Hor­mat­ly Pre­zi­dent 2007-nji ýyl­da Türk­me­nis­ta­nyň döw­let Baş­tu­ta­ny we­zi­pe­si­ne saý­la­nan­dan soň­ra özü­niň il­kin­ji sa­pa­ry­ny Sa­ud Ara­bys­ta­ny Pa­ty­şa­ly­gy­na ama­la aşy­ran­dy­gy­ny hem uly buý­sanç bi­len bel­le­mek is­le­ýä­rin – di­ýip, il­çi ýyg­na­nan­la­ryň öňün­de eden çy­ky­şyn­da bel­läp geç­di.
Dost­luk­ly ýur­duň il­çi­si çy­ky­şy­nyň ahy­ryn­da Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­ni hem-de äh­li türk­men hal­ky­ny ýe­tip gel­ýän şan­ly baý­ram­çy­lyk – mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň 25 ýyl­lyk to­ýy bi­len tüýs ýü­rek­den gut­la­dy. Şeý­le hem ol türk­men jem­gy­ýe­ti­niň ta­ry­hy­na al­tyn harp­lar bi­len ýa­zy­lan Türk­me­nis­ta­nyň Kons­ti­tu­si­ýa­sy­nyň re­je­le­nen gör­nü­şi­niň ka­bul edil­me­gi bi­len gut­lap, Esa­sy Ka­nu­nyň Türk­me­nis­ta­nyň hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­niň ýol­baş­çy­ly­gyn­da ösü­şiň tä­ze be­lent­lik­le­ri­ne çyk­ma­gy­na öz my­na­syp go­şan­dy­ny goş­jak­dy­gy­ny bel­läp geç­di.

«Zaman–Türkmenistan».