— Mil­li Li­de­ri­mi­ziň taý­syz ta­gal­la­sy bi­len de­mir ýol ul­ga­my­ny döw­re­bap de­re­je­de kä­mil­leş­dir­mek ug­run­da giň möç­be­rli öz­gert­me­ler mak­sat­na­ma­la­ry dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Bu ugur­da döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň öň­den­gö­rü­ji­lik­li sy­ýa­sa­ty ne­ti­je­sin­de en­çe­me hal­ka­ra baş­lan­gyç­lar iş ýü­zün­de dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär.
— Şo­la­ryň ha­ta­ryn­da Azi­ýa hal­ka­ra de­mir ýol ulag ge­çel­ge­si­ni ag­za­mak bo­lar. Se­bi­tiň iri tas­la­ma­sy – Türk­me­nis­tan-Ow­ga­nys­tan-Tä­ji­gis­tan de­mir ýol ge­çel­ge­si Azi­ýa se­bi­ti­niň döw­let­le­ri­niň ara­syn­da hal­ka­ra ulag gat­naw­la­ryn­da mö­hüm ul­gam bo­lar.
— Türk­me­nis­tan-Ow­ga­nys­tan-Tä­ji­gis­tan de­mir ýo­ly Azi­ýa hal­ka­ra de­mir ýol ulag ge­çel­ge­si­niň esa­sy bö­le­gi­niň bi­ri­dir. Bi­rin­ji tap­gyr­da bu tas­la­ma­nyň de­mir ýo­luň– Türk­me­nis­ta­nyň çä­gin­de uzyn­ly­gy 85 ki­lo­met­re ba­ra­bar bo­lan Ata­my­rat-Ymam­na­zar ýo­lu­nyň gur­lu­şy­gy ýe­ri­ne ýe­ti­ril­di. Ata­my­rat-Ymam­na­zar-Aki­na po­lat ýo­lu­nyň umu­my uzyn­ly­gy 88 ki­lo­met­re deň­dir. Ymam­na­zar (Türk­me­nis­tan) we Aki­na (Ow­ga­nys­tan) ser­het­ýa­ka no­kat­la­ry­nyň ara­syn­da­ky bö­le­gi­niň uzyn­ly­gy 3 ki­lo­met­re ba­ra­bar­dyr.
— Şeý­le­lik­de, Türk­me­nis­tan-Ow­ga­nys­tan-Tä­ji­gis­tan de­mir ýo­ly Azi­ýa de­mir ýol ge­çel­ge­si­niň no­bat­da­ky “al­tyn hal­ka­sy­na”, ol bol­sa, öz no­ba­tyn­da, ägirt uly kon­ti­nen­tiň iki bö­le­gi­ni — Ýew­ro­pa­ny we Azi­ýa­ny bir­leş­dir­ýän ulag kom­mu­ni­ka­si­ýa­la­ry­nyň hal­ka­ra ul­ga­my­nyň mö­hüm bö­le­gi­ne öw­rü­ler.
— Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da ýur­du­my­zyň de­mir ýol ul­ga­my bar­ha kuw­wat­lan­ýar. Bu ugur­da ama­la aşy­ry­lan hal­ka­ra tas­la­ma­la­ryň ha­ta­ryn­da “De­mir­ga­zyk-Gü­nor­ta” hal­ka­ra ge­çel­ge­si­niň mö­hüm dü­zü­mi bo­lan Ga­za­gys­tan-Türk­me­nis­tan-Eý­ran trans­mil­li de­mir ýo­ly hem bar. Bu ýol Eý­ra­nyň üs­ti bi­len Pars aý­la­gy­na, beý­le­ki ta­rap­dan Ga­za­gys­ta­nyň üs­ti bi­len Ýew­ro­pa we Hy­ta­ýa çen­li, Gün­ba­tar ta­rap­da bol­sa Bal­ti­ka deň­zi­ne çen­li ara­lyk­da de­mir ýol­la­ryň kö­me­gi bi­len ara­gat­na­şyk gur­na­mak­lyk müm­kin­çi­li­gi­ni dö­ret­di.
— Mun­dan baş­ga-da Ga­raş­syz­lyk ýyl­la­ryn­da Te­jen-Sa­rahs-Ma­şat, Aş­ga­bat-Ga­ra­gum-Da­şo­guz, Türk­me­na­bat-Ata­my­rat de­mir ýol­la­ry gur­lup, ulan­ma­ga be­ril­di. Şeý­le hem Amy­der­ýa­nyň üs­tün­den geç­ýän dün­ýä in­že­ner­çi­lik ul­ga­my­nyň tä­sin des­ga­sy Ata­my­rat-Ker­ki­çi de­mir ýo­ly gu­rul­dy, bu ugur­da ýe­ne-de bir äh­mi­ýet­li des­ga bo­lan Türk­me­na­bat-Fa­rap de­mir ýo­luň gur­lu­şy­gy güýç­li dep­gin­de al­nyp ba­ryl­ýar.
— Soň­ky ýyl­lar­da ýur­du­my­zyň de­mir ýol ulag­la­ry do­ly tä­ze­len­di, ýük wa­gon­la­ry­nyň, şol san­da ýü­kü­ni özi dü­şür­ýän dum­kar-wa­gon­la­ryň, bi­tum da­şa­mak üçin bun­ker-wa­gon­la­ryň, ne­bit, se­ment we beý­le­ki zat­la­ry da­şa­mak üçin çe­lek wa­gon­la­ryň 1 müň­den gow­ra­gy, ýo­lag­çy ot­lu­lar we tep­lo­woz­lar üçin wa­gon­la­ryň köp san­ly­sy sa­tyn alyn­dy.
— 2016-njy ýy­lyň 10-njy few­ra­lyn­da Türk­me­nis­tan­dan Sa­rahs de­mir ýol men­zi­li ar­ka­ly Eý­ra­na sy­nag kon­teý­ner ot­lu­sy­nyň ug­ran­dy­gy­ny bel­le­me­li­di­ris. Bu ot­ly Hy­taý-Ga­za­gys­tan-Türk­me­nis­tan –Eý­ran ug­ry bo­ýun­ça il­kin­ji gat­na­wy ama­la aşyr­dy.