UEFA Çem­pi­on­lar we Ýew­ro­pa li­ga­la­ryn­da çär­ýek fi­na­lyň 1-nji oýun­la­ry oý­nal­dy. Çem­pi­on­lar li­ga­syn­da­ky oýun­lar­da 10, Ýew­ro­pa li­ga­syn­da-da 11 gol der­we­zä urul­dy.
Si­şen­be gün­ki oýun­lar­da “Bar­se­lo­na” “At­le­ti­ko­ny”, “Ba­wa­ri­ýa” hem “Ben­fi­ka­ny” ka­bul et­di. “Kamp Nou­da­ky” du­şu­şyk diý­seň dart­gyn­ly geç­di. He­mi­şe­ki­ler ýa­ly to­py özün­de sak­lan “Bar­se­lo­na” 25-nji mi­nut­da Fer­nan­do Tor­re­siň go­lu­na çä­re ta­pyp bil­me­di. Bu pökgi Tor­re­siň “At­le­ti­ko” bi­len Çem­pi­on­lar li­ga­syn­da­ky il­kin­ji, şol san­da “Bar­ça­nyň” to­run­dan ge­çi­ren 11-nji goly bol­dy. Ýö­ne 33-nji mi­nut­da Fer­nan­do Tor­res eden gö­dek­si he­re­ke­tin­den soň, 2-nji sa­ry pe­te­gi al­dy we gy­zyl pe­tek gör­ke­zi­lip, meý­dan­ça­dan çy­ka­ryl­dy. Şun­luk­da, oýun­da deň ag­ram­lyl­ygy ýa­ňy bir saz­lan “At­le­ti­ko” soň­ky 1 sa­ga­dy 1 oýun­çy kem oý­na­ma­ly bol­dy. On­da-da “Bar­se­lo­na­nyň” gar­şy­sy­na. Ýer eýe­le­ri­ne 1-nji ýa­rym­da ha­sa­by deň­le­mek ba­şart­ma­dy. Em­ma mad­rid­li­le­re 63-nji mi­nu­ta çen­li goldan goranmak ba­şart­dy. Şol pur­sat­da der­we­zä ta­rap de­pi­len bat­ly ur­gy Sua­re­siň aýa­gy­na deg­di-de to­ra gir­di. Şon­dan öň Mes­si­niň üs­ta­şyr de­pen pök­gü­si hem az kem so­wa­rak gi­den bol­sa, Neý­ma­ryň ur­gularynyň biri ýo­kar­ky sü­tün­den yzy­na gaýt­dy. Oý­nuň 74-nji mi­nu­tyn­da ýe­ne-de Sua­res, bu ge­zek kel­le­si bi­len to­py der­we­zä gi­riz­di. Bu pök­gi oýun­da­ky soň­ky gol bol­dy we “Bar­se­lo­na” 2–1 ha­sa­byn­da ýe­ňiş ga­zan­dy.

To­py pas­laş­mak ar­ka­ly özün­de sak­la­ma­gy go­wy gör­ýän baş­ga bir to­par “Ba­wa­ri­ýa” Portugaliýanyň “Ben­fi­kasy­ny” Ar­tu­ro Wi­da­lyň 2-nji mi­nut­da ge­çi­ren go­ly esa­syn­da 1–0 ha­sa­byn­da ut­­dy. Jo­gap oýun­la­ry 13-nji ap­rel­de oý­na­lar.
Çar­şen­be gün­ki oýun­lar­da ga­ra­şyl­ma­dyk ne­ti­je­ler ha­sa­ba alyn­dy. Aý­ra­ty­nam, “El Kla­si­ko­da” “Bar­ça­ny” ýe­ňen “Re­al Mad­ri­diň” myh­man­çy­lyk­da il­kin­ji ge­zek çär­ýek fi­na­la çy­kan “Wolfs­burg­dan” 2–0 ha­sa­byn­da utul­ma­gy köp­le­ri geň gal­dyr­dy. 18-nji mi­nut­da bel­le­nen 11 metr­lik je­ri­me ur­gu­syn­dan ýer­lik­li peý­da­la­nan Ri­kar­do Rod­ri­ges ha­sa­by aç­dy. Şon­dan 7 mi­nut soň, sag gap­dal­dan ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len hü­jüm­de ýer eýe­le­ri ha­sa­by ha­sam art­dyr­dy­lar. Ýagny, 25-nji mi­nut­da Mak­si­mil­li­an Ar­nold an­sat­lyk bi­len pök­gi­ni der­we­zä gi­ri­zip, ha­sa­by 2–0-a ýe­tir­di. Mad­rid­li­ler jo­gap oý­nu­nyň ýe­ňil ýag­daý­da geç­me­gi üçin iň bol­man­da, 1 go­luň öwe­zi­ni dol­mak mak­sa­dy bi­len hü­jüm ba­ry­ny et­se-de, ola­ra skor­bor­dy üýt­get­mek ba­şart­ma­dy. Öňü­miz­dä­ki si­şen­be gün­ki oý­nuň ýe­ňil geç­me­jek­di­gi gör­nüp du­ran hem bol­sa, “Rea­lyň” bu ýeň­liş­den nä­hi­li baş alyp çyk­jak­dy­gy hem­mä­ni iç­gin gy­zyk­lan­dyr­ýar.
Pa­riž­dä­ki “Park de Prens” sta­dio­nyn­da ýer­li li­ga­da çem­pi­on­ly­gy­ny ge­çen aý­da yg­lan eden PSŽ çär­ýek fi­na­lyň deb­ýu­tan­ty “Man­çes­ter Si­ti” bi­len du­şuş­dy. Çe­ke­le­şik­li ge­çen oý­nuň 14-nji mi­nu­tyn­da bel­le­nen 11 metr­lik je­ri­me ur­gu­sy­ny Zla­tan Ib­ra­hi­mo­wiç dürs ýe­ri­ne ýe­ti­rip bil­me­di. Ol şon­dan soň ýe­ne-de örän amat­ly pur­sa­ty el­den gi­der­di. Du­şu­şy­gyň 38-nji mi­nu­tyn­da ýer eýe­le­ri­niň ýal­ňyş­ly­gyn­dan soň, myh­man­la­ryň ýyl­dyz oýun­çy­sy Ke­win De Bruýn ha­sa­by aç­dy. Şol gol­dan 3 mi­nut soň, der­we­ze­çi Jou Hart bi­len Fer­nan­do­nyň öza­ra dü­şü­niş­mez­li­gin­den ýer­lik­li peý­da­la­nan Ib­ra­hi­mo­wiç ha­sa­by deň­le­di. Oý­nuň 59-njy mi­nu­tyn­da Ra­bio pa­riž­li­le­ri öňe saý­la­dy. 72-nji mi­nut­da-da Fer­nan­di­nio oý­na soň­ky no­ka­dy go­ýup, to­pa­ry­na jo­gap du­şu­şy­gy üçin uly müm­kin­çi­lik ga­zan­dyr­dy (2-2). Jo­gap du­şu­şyk­la­ry 12-nji ap­rel­de oý­na­lar.
UEFA Ýew­ro­pa li­ga­syn­da esa­sy üns mer­kez­dä­ki oýun­da “Klopp” der­bi­sin­de “Bo­rus­sia Dort­mund” bi­len “Li­wer­pul” du­şuş­dy. Çe­ke­le­şik­li bo­lan oýun­da Ýur­gen Klop­puň hä­zir­ki to­pa­ry bi­len ozal­ky to­pa­ry 1–1 ha­sa­byn­da deň­me-deň oý­na­dy. Soň­ky çem­pi­on “Se­wil­ýa” myh­man­çy­lyk­da baş­ga bir is­pan klu­by “At­le­tik Bil­bao­dan”, şol san­da “Şaht­ýor Do­nesk” Por­tu­ga­li­ýa­da “Bra­ga­dan” 2–1 ha­sa­byn­da üs­tün çy­kyp, ýa­rym fi­nal ug­run­da uly müm­kin­çi­li­ge eýe bol­dy. Jo­gap oýun­la­ry 14-nji ap­rel­de oý­na­lar.
Şeý­le-de Çem­pi­on­lar we Ýew­ro­pa li­ga­la­ry­nyň ýa­rym fi­na­ly­nyň bi­je­le­ri 15-nji ap­rel­de aty­lar.

Çempionlar ligasy 1/4 finalyň
1-nji oýunlary:
“Bar­se­lo­na”–“At­le­ti­ko Mad­rid”: 2–1
/Lu­is Sua­res 63, 74 — Fer­nan­do Tor­res 25/
“Ba­wa­ri­ýa”–“Ben­fi­ka”: 1–0
/Ar­tu­ro Wi­dal 2/
“Wolfs­burg”–“Re­al Mad­rid”: 2–0
/Ri­kar­do Rod­ri­ges 18 (p), Mak­si­mil­li­an Ar­nold 25/
PSŽ–“Man­çes­ter Si­ti”: 2–2
/Zla­tan Ib­ra­hi­mo­wiç 41, Ad­ri­en Ra­bio 59 — Ke­win De Bruýn 38, Fer­nan­di­nio 72/

Ýewropa ligasy 1/4 finalyň
1-nji oýunlary:
“Bra­ga”–“Şaht­ýor Do­nesk”: 1–2
/Wil­son Eduar­do 89 – Ýa­ros­law Ra­kits­kiý 45, Fa­kun­do Fer­reý­ra 75/
“Wil­lar­re­al”–“Spar­ta Pra­ga”: 2–1
/Sed­rid Ba­kam­bu 3, 63 — Ýa­kub Bra­bek 45+4/
“At­le­tik Bil­bao”–“Se­wil­ýa”: 1–2
/Aritz Adu­riz 48 — Ti­mo­ti Ko­lod­ži­eç­zak 56, Wi­sen­te Ibor­ra 83/
“Bo­rus­sia Dort­mund”–“Li­wer­pul”: 1–1
/Mats Hum­mels 48 — Di­wok Ori­ji 36/