Tu­tuş dün­ýä­de “ýa­şyl” teh­no­lo­gi­ýa ul­ga­myn­da ga­za­ny­lan soň­ky in­no­wa­si­on ösüş­le­ri öz­leş­dir­mek ba­bat­da köp iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Ener­gi­ýa tyg­şyt­laý­jy teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň ulan­ylmagy ho­wa­nyň arassalanmagyna, ýer we suw çeş­me­le­ri­niň aýaw­ly sak­lan­ma­gy­na ge­ti­rer. Ola­ry giň­den peý­da­lan­ma­gyň ne­ti­je­sin­de, 2050-nji ýy­la çen­li ha­pa gaz­la­ryň ho­wa goý­be­ril­me­gi­niň de­re­je­si bir ýyl­da 25 mil­liard ton­na aza­lar, şeý­le hem älem gi­ňiş­li­gi­ne 17 mil­li­on ton­na howp­ly ga­ty mad­da­la­ryň düş­me­gi­niň öňi alnar. Bu ba­ra­da Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak ba­ra­da­ky mak­sat­na­ma­syn­da bel­le­nip ge­çil­ýär.
— Biz dog­ry ýol­dan bar­ýa­rys. Dem al­ynýan ho­wa­nyň aras­sa bol­ma­gy örän uly äh­mi­ýe­te eýe­dir. Ener­gi­ýa tyg­şyt­laý­jy teh­no­lo­gi­ýalar ho­wa ha­pa gaz­la­ryň goý­be­ril­me­gi­niň we ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi­niň ýa­ra­maz tä­sir­le­ri­niň öňü­ni al­ýar – di­ýip, Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak ba­ra­da­ky mak­sat­na­ma­sy­nyň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji di­rek­to­ry Erik Sol­heým gür­rüň ber­ýär.
Şeý­le hem be­ýa­nat­da bel­le­nip ge­çi­li­şi ýa­ly, tä­ze teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň sa­ýa­syn­da 2050-nji ýy­la çen­li 200 mil­liard kub­ometr­den gow­rak su­wy tyg­şyt­la­ma­ga hem-de 150 müň ine­dör­dül metr top­ra­gyň ýa­ra­maz­laş­ma­gy­nyň öňü­ni al­ma­ga müm­kin­çi­lik bo­lar.