“PAÝHAS ÇEŞMESINDE” DAL BEDEWLERIMIZ

285

Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de hal­ky­my­zyň ýa­şa­ýyş dur­mu­şy­nyň bar­ha ýo­kar­lan­ma­gy bi­len bir ha­tar­da, ru­hy dün­ýä­si­niň baý­laş­ma­gy üçin al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler döw­let sy­ýa­sa­tyn­da esa­sy or­ny eýe­le­ýär. Bu iş­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň dö­red­ýän eser­le­ri hal­ky­my­za ylym-bi­lim çeş­me­si bol­mak bi­len bir ha­tar­da, ru­hy taý­dan gal­kyn­mak­da hem taý­syz nus­ga bo­lup dur­ýar.
Şeý­le eser­le­riň bi­ri-de mäh­ri­ban Ar­ka­da­gy­my­zyň jöw­her ze­hi­nin­den ke­ma­la ge­lip, Mi­ra­sa sar­pa goý­mak, Wa­ta­ny öz­gert­mek ýy­lyn­da hal­ky­my­za sow­gat bo­lan “Paý­has çeş­me­si” at­ly aja­ýyp eser­idir. Ata-ba­ba­la­ry­my­zyň paý­ha­sy bi­len asyr­la­ryň do­wa­myn­da dö­re­di­len halk na­kyl­la­ry­ny özün­de jem­le­ýän bu aja­ýyp eser çuň­ňur ma­ny-maz­mun bi­len oky­jy­lar­da iň tä­miz duý­gu­la­ry oýar­ýar.
Bil­şi­miz ýa­ly, türk­men ahal­te­ke be­dew­le­ri te­ma­sy mäh­ri­ban Ar­ka­da­gy­my­zyň äh­li ese­rin­de di­ýen ýa­ly gör­nük­li or­na eýe­dir. Çün­ki ata-ba­ba­la­ry­my­zyň ze­hin go­ry, yh­las ke­re­mi bi­len dö­re­di­len türk­men be­dew­le­ri hal­ky­my­zyň mil­li baý­ly­gy we buý­san­jy­dyr.
“Paý­has çeş­me­sinde” be­dew at­lar bi­len bag­la­ny­şyk­ly na­kyl­la­ra giň orun be­ril­ýär. Sal­dam­ly eser­de kö­ken­li zyn­jy­ra dü­zü­len ol na­kyl­la­ryň her bi­ri çuň­ňur ma­na eýe. Ola­ryň aňyr­syn­da gi­den uly ma­ny jem­len­ýär. Ol na­kyl­lar bi­len iç­gin tan­şa­nyň­da, ata-ba­ba­la­ry­my­zyň be­dew at­lar ba­ba­tyn­da dö­re­den na­kyl­la­ryn­da be­hiş­di be­dew­le­riň üs­ti bi­len dur­mu­şyň baş­ga-da en­çe­me me­se­le­le­ri bo­ýun­ça öwüt-ün­dew­le­ri­ni, öz ga­ra­ýyş­la­ry­ny be­ýan et­me­gi ba­şa­ran­dy­gy­na göz ýe­tir­mek bol­ýar. Mu­ňa “Paý­has çeş­me­sin­de” be­ýan edi­len “At – mü­nen­den, görk – ge­ýen­den”, “At ady bi­len, ýi­git ody bi­len”, “At ba­şy­na iş düş­se, agyz­dy­ry­gy bi­le suw içer, är ba­şy­na iş düş­se, ädi­gi bi­le de­ňiz ge­çer”. Gör­nü­şi ýa­ly, her bir na­ky­lyň aňyr­syn­da bir däl-de, bir­nä­çe ma­ny jem­len­ýär.
Eziz Ar­ka­da­gy­myz ese­rin­de be­dew at­lar ha­kyn­da­ky na­kyl­la­ry gi­ri­zen­de kä­bir ýag­daý­da ola­ryň bir-iki däl-­de, bir­nä­çe ma­ny­ny özü­ne bi­rik­dir­ýän na­kyl­la­ry­ny se­çip-saý­lap alyp­dyr. Mu­ňa ese­re gi­ri­zi­len “At ýor­tuş­da bel­li, gurt-ýyr­tyş­da, är gö­reş­de, ba­tyr-sö­weş­de” na­ky­ly hem aý­dyň my­sal­dyr. Gör­nü­şi ýa­ly, bu dana sözde be­dew atyň ýor­tu­şy- ça­py­şy, git­gir­li­gi bi­len belli bol­ýan­dy­gy, gur­duň ýyr­ty­şy — öz awu­ny bö­lüp-ýyr­typ al­ma­ga uky­by bi­len, bi­li kuw­wat­ly är ýi­gi­diň gö­re­şi, ba­tyr goç ýi­git­le­riň bol­sa, al meý­dan­da sö­we­şi bi­len bel­li bol­ýan­dy­gy be­ýan edil­ýär.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ese­ri­ne gi­ri­zen be­dew­ler ha­kyn­da­ky na­kyl­la­ry bir ta­rap­dan, oky­jy­la­ry ata-ba­ba­la­ry­my­zyň paý­ha­sy­na, syn­çy­ly­gy­na, dün­ýä ga­raý­şy­nyň çuň­ňur­ly­gy­na göz ýe­tir­mä­ge ýar­dam et­se, ikin­ji bir ta­rap­dan, oky­jy­la­ryň kal­byn­da ter­bi­ýe­leý­ji­lik duý­gu­la­ry­nyň ke­ma­la gel­me­gin­de göz­li çeş­me bo­lup dur­ýar. Se­bä­bi na­kyl – akyl. Onuň düýp öze­ni paý­has um­ma­nyn­dan göz­baş al­ýar.
Türk­me­niň owa­dan, Hak sy­la­myş te­bi­ga­ty bar. Bu gözel dünýä türk­me­ne ýüz-mil­li­on­lar­ça ösüm­lik­ler bi­len bir ha­tar­da, haý­wa­nat dün­ýä­si­niň, jan­ly-jan­dar­la­ryň gaý­ta­lan­ma­jak gö­zel nus­ga­la­ry­ny hem ba­gyş edip­dir. Şeý­le nus­ga­la­ryň naý­ba­şysy ha­sap­lan­ýan ahal­te­ke be­dew­le­ri tä­sin gud­rat, gö­zel­lik öl­çe­gi. Syn-sy­pat­ly, sag­ry­sy meý­dan­ly be­dew­ler türk­men dur­mu­şy­nyň aý­ryl­maz bö­le­gi. Mäh­ri­ban Ar­ka­da­gy­my­zyň ese­ri­ne gi­ri­zen be­dew at­lar ha­kyn­da­ky na­kyl­la­r, gö­zel­den gör­ka­na be­dew­le­ri­mi­ze bo­lan söý­gi­niň art­ma­gyn­da aý­ra­tyn äh­mi­ýe­te eýe bo­lup dur­ýar.
Ap­rel aýyn­da sahawatly türk­men top­ra­gy has-da gö­zel keş­be eýe bol­ýar. Bu aý­da hal­ky­myz syn­maz buý­san­jy­myz bo­lan Türk­men be­de­wi­niň baý­ra­my­ny bel­läp geç­ýär. Şan­ly sene my­na­sy­bet­li Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz ýur­du­myz­da hal­ky­my­zyň mil­li baý­ly­gy we buý­san­jy bo­lan be­hiş­di be­dew­le­ri­mi­ziň dün­ýä­dä­ki şan-şöh­ra­ty­ny has-da be­len­de gal­dyr­mak mak­sa­dy bi­len ahal­te­ke at­la­ry­nyň hal­ka­ra bäs­le­şi­gi­ni hem-de ola­ryň gö­zel­li­gi­ni şe­kil­len­di­riş we ama­ly-ha­şam sun­ga­ty­nyň eser­le­rin­de, ne­şir önüm­le­rin­de, fo­to­su­rat­lar­da, te­le­ýaý­lym­lar­da çe­per be­ýan et­mek ug­run­da su­rat­keş­le­riň, heý­kel­ta­raş­la­ryň, ha­ly­çy­la­ryň, zer­gär­le­riň, fo­to­su­rat­çy­la­ryň, ne­şir­ýat iş­gär­le­ri­niň, di­zaý­ner­le­riň, te­leo­pe­ra­tor­la­ryň ara­syn­da bäs­le­şik­le­ri ge­çir­mek ha­kyn­da ýö­ri­te çöz­güt­le­ri ka­bul ed­ýär. Bu iş­ler bag­ty­ýar hal­ky­myz bi­len bir ha­tar­da, bü­tin dün­ýä­de Ar­ka­da­gy­my­za bo­lan çuň­ňur söý­gi­ni, buý­san­jy art­dyr­ýar.

Gur­ban­mu­ham­met MÖ­JE­KOW,
S.A.Ny­ýa­zow adyn­da­ky Türk­men
oba ho­ja­lyk uni­wer­si­te­ti­niň mu­gal­ly­my.