Ýet­gin­jek­ler ýy­lyň go­wu­la­ry­ny saý­la­dy

22

Ýet­gin­jek­le­riň ses ber­me­gi bi­len saý­la­nan “Te­en Choice” baý­rak­la­ry­nyň bu ýyl­ky ýe­ňi­ji­le­ri mä­lim edil­di. Şol my­na­sy­bet­li Los An­je­les­dä­ki “Ga­len Cen­ter”-de ge­çi­ri­len da­ba­ra Gol­li­wu­dyň meş­hur ar­tist­le­ri we ýaş­la­ryň söý­gü­li aý­dym­çy­la­ry gat­naş­dy­lar. Ýet­gin­jek­ler iň go­wy uruş­ly film di­ýip, “Ajap ze­nan” (Won­der Wo­man) ki­no­sy­ny saý­la­dy. Fil­miň ar­tist­le­ri Gal Ga­dot bi­len Kris Paýn uruş­ly film­le­riň akt­ri­sa­sy we akt­ýo­ry baý­rak­la­ry­na la­ýyk gö­rül­di. Iň go­wy yl­my-fan­tas­tik ki­no­sy diý­len ugur­da “Ga­lak­ti­ka­nyň go­raý­jy­la­ry – 2” (Gu­ar­dians of the Ga­laxy Vol. 2) fil­mi­ni saý­lan ýaş­lar, bu ek­ran ese­rin­de esa­sy keşp­le­ri jan­lan­dy­ran Zou Sal­da­na bi­len Kris Prat­ty yl­my-fan­tas­tik film­le­riň iň go­wy akt­ri­sa­sy we akt­ýory baý­rak­la­ry bi­len sy­lag­la­ndy. “Gö­zel we nä­ge­han” (Beau­ty and the Beast) fil­mi iň go­wy fan­tas­tik ki­no diý­lip, yg­lan edi­len bol­sa, onuň baş keş­bin­de su­ra­ta dü­şen Em­ma Wat­son bu gör­nü­şiň iň go­wy akt­ri­sa­sy saý­lan­dy. “Äh­li zat, äh­li zat” (Everyt­hing, Everyt­hing) iň go­wy dra­ma, “Do­ri­niň göz­le­gin­de” (Fin­ding Do­ry) ani­ma­si­ýa­sy iň go­wy ko­me­di­ýa, “Möý adam: öýe gaý­dyş” (Spi­der-Man: Ho­mecoming) iň go­wy to­mus fil­mi baý­rak­la­ry­na la­ýyk gö­rül­di. 13–19 ýaş ara­ly­gyn­da­ky ýet­gin­jek­le­riň ses ber­me­gi esa­syn­da ge­çi­ril­ýän “Te­en Choice” baý­ra­gy 1999-njy ýyl­dan bä­ri gow­şur­ylýar.