Täze film

57

Ady: “Jab Har­ry Met Se­jal”
Re­žiss­ýo­ry: Im­ti­az Ali
Keşp­ler­de: Şah Ruh Han, Anuş­ka Şar­ma, Ewe­lin Şar­ma, Çan­dan Roý San­ýal, Aru Kri­şanş Wer­ma
Prod­ýu­se­ri: Gau­ri Han
Sse­na­ri­çi: Im­ti­az Ali
Kom­po­zi­to­ry: Pri­tam, Dip­lo (aý­dym­lar); Hi­teş So­nik (saz­lar)
Ope­ra­to­ry: K.U. Mo­ha­nan
Ön­dü­ri­ji: “Red Chil­li­es En­ter­ta­in­ment”
Paý­laý­jy: “Yash Raj Films”
Do­wam­ly­ly­gy: 144 mi­nut
Gör­nü­şi: ro­man­tik ko­me­di­ýa
Ýur­dy: Hin­dis­tan
Di­li: hin­di­çe

“Har­ri bi­len Sa­jal” at­ly bu ki­no Im­ti­az Ali re­žiss­ýor­lyk edip, fil­miň sse­na­ri­si­ni-de özi ýaz­dy. 144 mi­nut­lap do­wam ed­ýän film­de baş keşp­le­ri sun­gat äle­min­de çär­ýek asy­ry ar­ka atan us­sat akt­ýor Şah Ruh Han, owa­dan akt­ri­sa Anuş­ka Şar­ma, Ewe­lin Şar­ma, Çan­dan Roý San­ýal, Aru Kri­şanş Wer­ma da­gy jan­lan­dyr­dy. Bu film Şah Ruh Han bi­len Anuş­ka Şar­ma­nyň bi­le­lik­de çy­kyş eden 3-nji ki­no­la­ry­dyr. Ola­ryň iki­si mun­dan ozal, “Rab Ne Ba­na Di Jo­di” (2008) hem-de “Jab Tak Hai Ja­an” (2012) film­le­rin­de bi­le su­ra­ta dü­şüp­di. Su­ra­ta al­nyş iş­le­ri 2015-nji ýy­lyň ap­re­lin­de baş­la­nan film Ýew­ro­pa­nyň Pra­ga, Ams­ter­dam, We­na, Lis­sa­bon we Bu­da­peşt şä­her­le­rin­de ek­ran­laş­dy­ryl­dy.