Bedew waspy söz äleminde

555

Her bir hal­kyň ýü­zi, onuň dün­ýä me­de­ni­ýe­ti­ne go­şan go­şan­dy, mad­dy we ru­hy gym­mat­lyk­la­ry bi­len kes­git­len­ýär. Türk­men hal­ky hem asyr­la­ryň do­wa­myn­da umu­m­adam­zat bäh­bit­li, naý­ba­şy gym­mat­lyk­la­ry dö­re­dip bi­len halk. Şol mad­dy gym­mat­lyk­la­ryň bi­ri-de türk­me­niň uçar ga­na­ty, toý­ly gün­de gö­wünho­şy, ýow­ly gün­de baş ýol­da­şy, halk ze­hi­ni­niň mä­hekda­şy, gö­zel­li­giň göw­her ga­şy bo­lan ahal­te­ke be­hiş­di be­dew­le­ri­miz­dir.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow özü­niň il-ýurt bäh­bit­li, döw­let äh­mi­ýet­li iş­le­ri bi­len meş­gul­lan­ýan gy­zyl­dan gym­mat­ly wag­ty­nyň ara­syn­dan wagt ta­pyp, be­hiş­di be­dew­le­ri­miz ba­ra­da ki­tap­lar ýaz­ýar. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ahal­te­ke be­dew­le­ri­mi­ze ba­gyş­lap ýa­zan «Ahal­te­ke be­de­wi – bi­ziň buý­san­jy­myz we şöh­ra­ty­myz» at­ly yl­my ki­ta­by­nyň çap edi­lip, hal­ky­my­za ýe­ti­ril­me­gi türk­men hal­ky­my­za, esa­san, at­çy­lyk bi­len gy­zyk­lan­ýan ahal­te­ke be­dew­le­ri­mi­ziň jan­kö­ýer­le­ri­ne uly sow­gat bol­dy. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miziň fun­da­men­tal işi at­çy­ly­gyň ta­ry­hy bi­len bag­ly gym­mat­ly mag­lu­mat­la­ry özün­de jem­le­ýär.
Gö­zel­lik­de we ýyn­dam­lyk­da de­ňi-ta­ýy bol­ma­dyk türk­men at­la­ry­nyň was­py halk dö­re­di­ji­li­gin­de, «Gö­rog­ly» epo­syn­da, Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy, Se­ýit­na­zar Seý­di, Mol­la­ne­pes, An­na­gy­lyç Mä­tä­ji we Magrupy ýa­ly nus­ga­wy şa­hyr­la­ry­my­zyň eser­le­rin­de öz be­ýa­ny­ny tap­dy.
«Gor­kut ata» ki­ta­byn­da Gor­kut ata özü­niň at­çy­ly­ga de­giş­li pa­ra­sat­ly söz­le­rin­de «Ata na­mart ýi­git mü­nüp bil­mez, mü­nen­den mün­me­di­gi ýeg» diý­ýär. Be­dew atyň çe­per keş­bi «Gö­rog­ly» epo­sy­nyň için­den hem eriş-ar­gaç bo­lup geç­ýär. Gy­rat Gö­rog­ly­nyň soň­ky de­mi­ne çen­li we­pa­ly ýol­da­şy, ömür­lik hem­ra­sy bol­ýar. Ol yn­sa­na we­pa­ly­ly­gyň baş nus­ga­sy­ny gör­kez­ýär.
Be­ýik şa­hy­ry­myz Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň li­ri­ka­syn­da we­pa­dar­lyk, gaý­duw­syz­lyk, wa­tan­çy­lyk ba­ra­da gür­rüň edi­len­de, ata uly orun be­ril­ýän­di­gi bel­lär­lik­li­dir. Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy: «At ga­za­nan goç ýi­gi­diň, owal be­dew aty ge­rek» di­ýip, öz goş­gy se­tir­le­rin­de ýi­gi­diň ab­raý ga­zan­sa-da, be­dew at­syz hiç kim bol­jak­dy­gy­ny bel­läp geç­ýär.
Atyň owa­dan­ly­gy, uz ýö­reý­şi, edim-gy­ly­my ge­lin-gyz­la­ra mah­sus bo­lan hä­si­ýet­ler bi­len de­ňel­ýär. Mu­ňa my­sal edip, An­na­gy­lyç Mä­tä­ji­niň «Be­dew» şyg­ryn­dan:
Pel­lä­ge bar­saň, me­ger, gyz­dan gy­lyk­ly du­ru­şyň,
Ýör­hä-ýör bol­sa ýe­ne, tow­şan ki­min­dir tu­ru­şyň
– di­ýen se­tir­le­ri­ni gör­kez­mek bo­lar.
Nus­ga­wy şa­hy­ry­myz Mol­la­ne­pes hem «Be­dew» şyg­ryn­da aty ada­myň gy­lyk-hä­si­ýe­ti bi­len de­ňeş­di­rip şeý­le diý­ýär:
Hä­si­ýe­tiň­ni aýt­sam, sö­ýe­tiň söý­gü­li sen,
Ak­ly adam, jyn­sy haý­wan, ke­se­ri-da­na be­dew.
Nus­ga­wy şa­hyr­la­ry­myz be­dew atyň gah­ry­man­çy­ly­gy­ny wasp et­mek­de di­liň dür­li çe­per­çi­lik se­riş­de­le­rin­den we dür­li gur­luş­la­ryn­dan us­sat­lyk bi­len peý­da­la­nyp­dyr­lar. El­bet­de, hal­ky­my­zyň «Gor­kut ata», «Gö­rog­ly» ýa­ly epos­la­ryn­da hem be­dew at­la­ry­my­zyň gö­zel­li­gi, ýyn­dam­ly­gy, we­pa­dar­ly­gy ha­kyn­da köp ýaz­gy­lar, goş­gu­lar bar. Nusgawy şa­hy­ry­myz Mag­tym­gu­ly öz dö­wür­de­şi Dur­dy şa­hy­ryň: «O nä­me­dir adam ýa­ly syz­ýa?» di­ýen so­wa­ly­na: «Be­dew at­lar adam ýa­ly syz­ýar» di­ýip, jo­gap ber­ýär. Gör­nük­li şa­hy­ry­myz, Türk­me­nis­ta­nyň halk ýa­zy­jy­sy Gur­ban­na­zar Ezi­zow hem:
Aty deb­si­läp çap­ma,
Ol hem adam ah­be­tin
– di­ýip, Mag­tym­gu­ly­nyň bu pi­ki­ri­ni özü­çe do­wam ed­ýär.
Türk­men be­dew­le­ri­ne aý­ra­tyn ga­dyr goý­ýan hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz: «Gyz gy­lyk­ly, owa­dan be­dew­le­ri­miz di­ňe yn­san syz­gyr­ly­gy, duý­gur­ly­gy bi­len däl-de, eý­sem gaý­rat­ly­ly­gy, çy­dam­ly­ly­gy, we­pa­dar­ly­gy hem-de na­mys­jaň­ly­gy bi­len kal­by­ňa goz­ga­laň sa­lyp, buý­sanç, gu­wanç duý­gu­sy­ny dö­red­ýär, öç­me­jek yz goý­ýar» – di­ýip, örän jaý­dar bel­le­ýär.
Ýa­zy­jy-şa­hyr­la­ry­my­zyň tas hem­me­si di­ýen ýa­ly be­dew at­la­ry­myz hak­da, aý­law­lar­da gu­ral­ýan ýa­ryş­lar hak­da goş­gu­lar ýaz­dy­lar. Türk­me­nis­ta­nyň halk ýa­zy­jy­sy Ke­rim Gur­ban­ne­pe­so­wyň «Aý­law­da» di­ýen goş­gu­sy, şa­hyr Ah­met Gur­ban­ne­pe­so­wyň «Be­dew­ler kiş­ňe­sin se­niň üs­tüň­de», Oraz­my­rat Gur­do­wyň «Ang­li­ýa sow­gat ber­len Me­le­gu­şuň yzyn­dan aý­dy­lan söz­ler», Türk­me­nis­ta­nyň halk ýa­zy­jy­sy Ital­maz Nu­ry­ýe­wiň «Ça­pyk­su­war», «Taý­ça­nak» ýa­ly goş­gu­la­ry aý­ra­tyn bel­le­nil­mä­ge my­na­syp­dyr.
Şu ýer­de Türk­me­nis­ta­nyň Gahrymany Gö­zel Şa­gu­ly­ýe­wa­nyň mil­li Li­de­ri­mi­ze ba­gyş­lap ýa­zan «Sen ak at­da, sen Gy­rat­da, ga­nat­da» at­ly goş­gu­sy­nyň şu gü­nüň ru­hun­da ýa­zy­lan­ly­gy aý­ra­tyn bel­lär­lik­li­dir.
Gö­rog­ly beg bir sö­zün­de «At ýi­gi­diň gar­da­şy­dyr» di­ýip­dir. Bu ba­ra­da Türk­me­nis­ta­nyň halk ýa­zy­jy­sy Ata­my­rat Ata­ba­ýew tä­sir­li goş­gy ýa­zyp­dyr:
«At ýi­gi­diň ga­na­ty­dyr» di­ýen söz
Ýö­ne ýe­re dö­rän däl­dir as­lyn­da.
Türk­men be­de­wi deý ga­nat­ly jan­dar,
Me­ger, ýok­dur bu Ze­mi­niň üs­tün­de.
Gör­nük­li şa­hy­ry­myz, Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky döw­let baý­ra­gy­nyň eýe­si Mäm­met Se­ýi­do­wyň dö­re­di­ji­li­gin­de be­dew at mowzugy aý­ra­tyn orun tut­ýar. Şa­hy­ryň «Gap­laň», «Gar­la­waç», «Kep­de­ri» di­ýen poe­ma­la­ry­nyň her haý­sy­sy at­şy­nas­ly­gyň ta­ry­hyn­da bo­lup ge­çen wa­ka­lar ha­kyn­da gür­rüň ber­ýär.
Şa­hyr No­bat­gu­ly Re­je­bo­wyň dö­re­di­ji­li­gin­de hem be­dew at­la­ry­my­za ba­gyş­la­nan, örän çe­per ýa­zy­lan goş­gu­lar bar. Ola­ryň bi­ri-de şa­hy­ryň «Dal be­dew» di­ýen şyg­ry­dyr. Aw­tor ne­sil­ba­şy­myz Oguz ha­nyň Nur di­ýen aty ba­ra­da söh­be­de baş­lap, türk­men be­de­wi­niň köp asyr­lar­dan ge­çip ge­len ýo­lu­ny yzar­la­ýar.
Bu gün döw­let ny­şa­ny­myz bo­lan Tug­ra­my­zyň tö­rü­ne gi­ren dal be­de­wi­miz – Ýa­nar­dag hak­da hem köp goş­gu­lar ýa­zyl­dy. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň iň go­wy gör­ýän aty Ak­han ha­kyn­da, Han­bür­güt we beý­le­ki at­la­ry­myz ba­ra­da ýa­zy­lan şy­gyr­lar hem diý­seň ýat­da ga­ly­jy.
Ber­di Ker­ba­ba­ýe­wiň «Aý­gyt­ly ädim» ro­ma­ny­nyň baş gah­ry­ma­ny Ar­ty­gy at­syz göz öňü­ne ge­ti­rip bo­la­nok. Onuň ýal­ňyz göz gu­wan­jy bo­lan aty­ny pä­lä alan­la­ryn­da Ar­ty­gyň gö­zün­den da­man ýaş onuň ala­şa­sy­nyň hem gö­zün­den sy­ryg­ýar.
Gör­nük­li ýa­zy­jy­myz Ata Gow­şu­do­wyň «Dor­de­pel» di­ýen aja­ýyp po­wes­ti ýa­zy­la­ny­na alt­myş ýyl­dan hem kän wagt ge­çen­di­gi­ne ga­ra­maz­dan, şu gün hem öz tä­si­ri­ni ýi­tir­män gel­ýär.
Ýa­zy­jy Aga­gel­di Al­la­na­za­ro­wyň «Gy­ra­tyň ho­wa­la­sy» di­ýen po­wes­ti, «Ber­di je­de­liň aty» di­ýen he­ka­ýa­sy hem be­dew at mowzugyna de­giş­li eser­ler bo­lup, be­dew­le­ri­mi­ziň çe­per keş­bi­ni aý­dyň su­rat­lan­dyr­ýar. Ýa­zy­jy Os­man Ödä­ýe­wiň «Al­tyn­jan ha­tyn» ro­ma­ny­ny oka­ny­myz­da-da, Al­tyn­jan ha­ty­nyň öz ýan­ýol­da­şy, be­ýik türk­men ser­ker­de­si Tog­rul beg­den at çap­mak­da, duş­ma­na gar­şy at üs­tün­de sö­weş­mek­de kem otur­ma­ýan­dy­gy­nyň şa­ýa­dy bol­ýa­rys. Be­dew at­la­ry­myz hak­da, ola­ryň şöh­rat-şa­ny hak­da şa­hyr­la­ry­myz Ital­maz Ak­my­ra­do­wyň, Gur­ban­ýaz Daş­gy­no­wyň, Bi­bi Oraz­dur­dy­ýe­wa­nyň, Ak­my­rat Re­je­bo­wyň, Döw­let­gel­di An­na­my­ra­do­wyň, Ah­met Mäm­me­do­wyň, Ka­ka­my­rat Re­je­bo­wyň ýa­zan goş­gu­la­ryn­dan hem kän-kän my­sal­lar ge­tir­se bo­lar. Ýe­ne-de bir bel­le­me­li zat: hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miziň «Ahal­te­ke be­de­wi – bi­ziň buý­san­jy­myz we şöh­ra­ty­myz» at­ly ki­ta­by­nyň hem nus­ga­lyk eser bo­lup, türk­men be­dew­le­ri­niň şan-şöh­ra­ty­ny dün­ýä ýaý­mak­da uly äh­mi­ýe­te eýe­di­gi­dir. Mil­li Li­de­ri­miz türk­me­niň be­dew at­la­ry, çe­per ha­ly­la­ry ýa­ly mil­li gym­mat­lyk­la­ry­my­zyň at-ab­ra­ýy­ny, şan-şöh­ra­ty­ny dün­ýä ýaý­mak­da uly ta­gal­la­lar ed­ýär. Şol ta­gal­la­la­ra jo­gap edip, bi­ziň söz us­sat­la­ry­myz – ýa­zy­jy-şa­hyr­la­ry­myz çe­per sö­züň üs­ti bi­len türk­me­niň buý­san­jy­ny wasp ed­ýär­ler.

“Zaman-Türkmenistan”.

Paýlaşmak üçin
Gaplaňlaryň sany artdy
Çeýziň bagty