“Bir zo­lak – bir ugur”

11

Hy­taý Halk Res­pub­li­ka­sy­nyň öňe sür­ýän “Bir zo­lak – bir ugur” tas­la­ma­sy­nyň ge­ri­mi gi­ňe­ýär. Ýur­duň iri döw­let bank­la­ry bu tas­la­ma­nyň çäk­le­rin­de dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi göz öňün­de tu­tul­ýan inf­rast­ruk­tu­ra tas­la­ma­la­ry­na on­lar­ça mil­liard dol­lar ma­ýa go­ýum gö­nük­dir­me­gi mak­sat edin­ýär. Bu ba­ra­da “Reu­ters” ha­bar­lar gul­lu­gy ha­bar ber­ýär.
Hy­ta­ýyň möç­be­ri bo­ýun­ça ikin­ji uly ma­li­ýe eda­ra­sy bo­lan “Chi­na Const­ructi­on Bank Corp” ban­ky ägirt uly tas­la­ma­nyň dur­mu­şa or­naş­dy­ryl­ma­gy üçin 100 mil­liard ýu­an (15 mlrd$) möç­be­rin­de gaz­na dö­ret­di. Ma­li­ýe eda­ra­sy şol bir­wagt­da ma­ýa­dar­lar üçin ta­nyş­dy­ry­lyş çä­re­le­ri­ni hem gu­ra­ýar. Ýur­duň ýe­ne-de bir iri döw­let ban­ky Hy­ta­ýyň Ban­ky (BOC) bol­sa, 20 mil­liard ýu­an möç­be­rin­de se­riş­de bö­lüp ber­me­gi me­ýil­leş­dir­ýär. Mun­dan baş­ga-da, ýur­duň ýe­ne-de 2 sa­ny iri bank­la­ry – Söw­da-se­na­gat ban­ky hem-de Oba ho­ja­lyk ban­ky “Bir zo­lak – bir ugur” tas­la­ma­sy üçin ägirt uly möç­ber­de se­riş­de gö­nük­dir­me­giň mak­sat­na­ma­sy­nyň üs­tün­de iş­le­ýär.
Hy­ta­ýyň ýol­baş­çy dü­zü­mi­niň baş­lan­gy­jy bo­ýun­ça dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi göz öňün­de tu­tu­lýan “Bir zo­lak – bir ugur” tas­la­ma­sy babatda ga­dy­my Ýü­pek ýo­lu­nyň tä­ze­den di­kel­dil­me­gi hem-de şol ugur­da ägirt uly tas­la­ma­la­ryň dur­mu­şa ge­çiril­megi me­ýil­leş­di­ril­ýär. Mu­nuň üçin ýur­duň hö­kü­me­ti köp mil­liard­lyk tas­la­ma­lar üçin ma­li­ýe­leş­dir­me­giň çeş­me­le­ri­ni art­dyr­ma­gy mak­sat edin­ýär. Ägirt uly tas­la­ma Hy­taý bi­len dün­ýä ýurt­la­ry­nyň ara­syn­da­ky hyz­mat­daş­lyk gat­na­şyk­la­ry­nyň has-da pug­ta­lan­ma­gy­na iter­gi be­rer.