Ýylyň iň girdejili aktrisalary

425

“For­bes” žur­na­ly go­laý­da, her ýyl bol­şy ýa­ly, ýy­lyň iň köp pul ga­za­nan akt­ri­sa­la­ry­nyň sa­na­wy­ny mä­lim et­di. Bu sa­naw akt­ri­sa­la­ryň su­ra­ta dü­şen film­le­ri­niň pro­kat­dan alan gir­de­ji­le­ri­ne, şeý­le hem ola­ryň dün­ýä bel­li şe­re­ket­le­riň ma­ha­batlarynda çykyş etmegi esa­syn­da dü­zül­di. Sa­naw­da 1-nji or­ny Os­ka­ryň da­laş­gä­ri Em­ma Stoun eýe­le­di. 26 ýa­şyn­da­ky akt­ri­sa soň­ky 12 aýyň do­wa­myn­da 26 mil­li­on dol­lar­lyk ga­zanç edip­dir. Os­ka­ra da­laş­gär bo­lan, şol bir­wag­tyň özün­de-de on­lar­ça baý­rak ga­za­nan “La La Lend” fil­mi­niň ýyl­dy­zy Stoun 2016-njy ýyl­da sa­na­wa-da gir­män­di.
2-nji bas­gan­çak­da Jen­ni­fer Enis­ton bo­lup, 48 ýa­şyn­da­ky akt­ri­sa ge­çen ýy­lyň iýu­ny bi­len şu ýy­lyň iýu­ny ara­ly­gyn­da 25,5 mil­li­on dol­lar ga­zan­dy. “Smart­Wa­ter” we “Emi­ra­tes Air­li­nes” kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň ma­ha­bat ýü­zi hök­mün­de-de çy­kyş ed­ýän akt­ri­sa­nyň esa­sy ga­zanç çeş­me­si köp wagt­dan bä­ri gör­ke­zi­lip ge­lin­ýän “Friends” at­ly te­le­şou gep­le­şi­gi­dir. 2016-njy ýy­lyň bi­rin­ji­si, os­kar­ly owa­dan akt­ri­sa Jen­ni­fer Law­rens bu ýyl 3-nji orun bi­len ka­na­gat­lan­ma­ly bol­dy. Ge­çen ýyl­ky sa­naw­da 46 mil­li­on dol­lar­lyk gir­de­ji­si bi­len öň­dä­ki or­ny eýe­län Law­rens bu ge­zek 24 mil­li­on dol­lar ga­zan­dy. De­giş­li dö­wür­de akt­ri­sa­nyň “Ýo­lag­çy­lar” at­ly fil­mi pro­kat­da gör­ke­zil­di.
Ko­me­di­ýa­çy ze­nan Me­lis­sa Mak­Kar­ti 18 mil­li­on dol­lar­lyk ga­zan­jy bi­len 4-nji, “Bad Moms” fil­min­de su­ra­ta dü­şen owa­dan akt­ri­sa Mi­la Ku­nis 15,5 mil­li­on dol­lar­lyk gir­de­ji­si bi­len 5-nji ýe­ri eýe­le­di. “Gö­zel we nä­ge­han” fil­mi­niň ýyl­dy­zy Em­ma Wat­son bi­len os­kar­ly akt­ri­sa Şar­liz Te­ron soň­ky 12 aýyň do­wa­myn­da 14 mil­li­on dol­lar ga­za­nyp­dyr­lar. Olar 6–7-nji orun­la­ry paý­laş­ýar­lar. Os­kar­ly Keýt Blan­şett bi­len Ju­lia Ro­berts hem 12, olar­dan ýa­rym mil­li­on dol­lar az ýyg­nan Emi Adams 8–9–10-njy bo­lup sa­na­wa go­şul­dy.