Gün energiýasy bilen işleýän suwaryş ulgamlary

63

Soň­ky ýyl­lar­da Gün ener­gi­ýa­sy­nyň aras­sa çeş­me­le­rin­den giň­den peý­da­la­nyl­ýar. Bu ugur­da­ky tas­la­ma­lar halk ho­ja­ly­gy­nyň äh­li pu­dagy­ny gur­şap al­dy. Ýa­ňy-ýa­kyn­da Tür­ki­ýe Res­pub­li­ka­sy­nyň GAP­TA­EM (Gü­nor­ta-gün­do­gar Ana­do­ly tas­la­ma­sy oba ho­ja­lyk yl­my-der­ňew ins­ti­tu­ty) ta­ra­pyn­dan ýa­sa­lan Gün ener­gi­ýa­sy bi­len iş­le­ýän su­wa­ryş ul­ga­my sy­nag­dan ge­çi­ril­di. Ulgamda Gün energiýasy bilen doldurylýan 2 akkumulýator, 1 motor, 6 görnüşli dürli çuňlukdan suw sorujy nasosyň nurbadynyň ujy ýerleşdirilen. Ol 14 sagat işlemäge ukyply. Şeý­le ul­ga­myň dün­ýä­de il­kin­ji ge­zek sy­nag­dan ge­çi­ril­me­gi aý­ra­tyn bel­len­mä­ge my­na­syp­dyr. Ins­ti­tu­tyň degişli alym­la­r topary bu tas­la­ma­nyň üs­tün­de 5 ýyl iş­le­di­ler. Eme­le ge­len täze ul­ga­my ýur­duň Şan­ly­ur­fa şä­he­ri­niň go­la­ýyn­da­ky eke­ran­çy­lyk ýer­le­rin­de ulan­mak göz öňün­de tu­tul­ýar. Ekin meý­dan­la­ry­nyň tiz-tizden su­wa­ryl­ma­gy ze­rur. Şol se­bäp­li bu ul­ga­myň ber­jek peý­da­sy sa­nar­dan köp bo­lar di­ýip, ins­ti­tu­tyň iş­gär­le­ri bel­le­ýär­ler.