Ilkinji gezek 50 milliondan geçdi

    11

    Möwsü­miň 4-nji we soň­ky “Uly tu­wul­ga” ýa­ry­şy bo­lan “Ame­ri­ka Açyk” ten­nis bäs­le­şi­gi­niň baý­rak gaz­na­sy art­dy­ryl­dy. Baý­rak gaz­na­sy geçen ýylka garanyňda, 9 gö­te­rim art­dy­ry­lan ýa­ryş­da umu­my­lyk­da 50,4 mil­li­on ame­ri­kan dol­la­ry paý­la­nar. Şeý­le­lik­de, ten­ni­siň ta­ry­hyn­da il­kin­ji ge­zek bir ýa­ry­şyň pul baý­ra­gy 50 mil­li­on dol­lar­dan ge­çer. Ýe­ke­lik­de çem­pi­on bo­lan ze­nan­dyr er­kek ten­nis­çi­le­riň her­si aý­ra­tyn­lyk­da, 3 mil­li­on 700 müň dol­lar alar. Bu bol­sa iň ab­raý­ly “Uly tu­wul­ga” ýa­ry­şy ha­sap­la­nyl­ýan “Wimb­le­don­dan” 775 müň dol­lar köp diý­mek­dir. Fi­nal­çylara-da 1 mil­li­on 825 müň dol­lar ber­ler. Jü­büt­le­ýin ýa­ry­şyň ýe­ňi­ji­le­ri bolsa, 675 müň dol­lar bi­len sy­lag­la­nar we bu gör­ke­zi­ji “Ame­ri­ka Açy­gyň” re­kor­dy­na deň­dir. Ýa­ry­şyň 1-nji tap­gy­ryn­da utu­lan ten­nis­çi­le­re 50 müň dol­lar pul gowşurylar. Şeý­le-de di­ňe saý­la­ma tap­gy­rynda 2 mil­li­on 900 müň dol­lar paý­la­nar. 137-nji “Ame­ri­ka Açyk” ten­nis ýa­ry­şy 28-nji aw­gust 10-njy sent­ýabr ara­ly­gyn­da he­mi­şe­ki­ler ýa­ly Nýu Ýork şä­he­rin­de ge­çi­ri­ler.