Ta­ry­hy du­şu­şyk üçin öz­bo­luş­ly gu­şak

    30

    Ame­ri­ka­ly boks­çy Floýd Meý­we­zer bi­len ir­lan­di­ýa­ly UFC sö­we­şi­ji­si Ko­nor MakG­re­go­ryň ara­syn­da­ky tut­lu­şyk 27-nji aw­gust­da, ýag­ny er­tir, Aş­ga­bat wag­ty bi­len 07:00-da baş­la­nar. ABŞ-nyň Las We­gas şä­he­rin­de ge­çi­ril­jek bu ta­ry­hy du­şu­şy­ga Dün­ýä Boks Gu­ra­ma­sy (WBC) öz­bo­luş­ly gu­şa­gy sy­lag hök­mün­de hö­dür­le­di. Baş­ga­ça aý­dy­lan­da, bu tut­lu­şyk di­ňe bir çem­pi­on­ly­gyň ýa-da çem­pi­on­lyk gu­şa­gy­nyň du­şu­şy­gy bol­man, eý­sem ol yk­dy­sa­dy taý­da­nam türgenleri gurplandyrar. Kro­ko­di­liň ha­myn­dan ýa­sa­lan bu “pul gu­şa­gy­na” (mo­ney belt) 1,5 ki­log­ram 24 ka­rat­lyk al­tyn, 3360 göw­her da­şy, 600 sa­ny ýakut hem-de 300 zü­mer­ret ýer­leş­di­ri­lip­dir. Gu­şa­gyň mad­dy gym­mat ba­ra­da ha­bar be­ril­me­di. Ýö­ne onuň gym­ma­tynyň WBC-niň Meý­wezer–Pa­ki­ýao tut­lu­şy­gyn­da go­ýan 1 mil­li­on dol­lar­lyk gu­şa­gyn­dan has ýo­ka­ry­dy­gy bel­le­nil­ýär. Şu wag­ta çen­li ge­çi­ren 49 du­şu­şy­gy­nyň hiç bi­rin­de-de as­gyn gel­me­dik Meý­we­zer tut­lu­şy­gyň esa­sy fa­wo­ri­ti diý­lip gör­ke­zil­ýär.