Ožie täzeden birinji orunda

    15

    Dünýä Ral­li çem­pio­na­ty­nyň (WRC) şu ýyl­ky 10-njy ýa­ry­şy Ger­ma­ni­ýa­da ge­çi­ri­lip, “M-Sport” to­pa­ry­nyň es­to­ni­ýa­ly sü­rü­ji­si Ott Ta­nak ýe­ňiş ga­zan­dy. Ol 21 tap­gyr­dan yba­rat bo­lan 311,22 ki­lo­metr­lik bäs­le­şi­gi 2 sa­gat 57 mi­nut 31,7 se­kunt­da ta­mam­la­ma­gy ba­şar­dy. Bu onuň şu möw­süm­dä­ki 2-nji ýeň­şi­dir. Ta­nak­dan 16,4 se­kunt yza ga­lan “Sit­ro­en To­tal Abu Da­bi” to­pa­ryn­dan And­re­as Mik­kel­sen 2-nji ýe­ri eýe­le­di. Soň­ky 4 ýy­lyň çem­pio­ny, fran­si­ýa­ly Se­bas­ti­an Ožie to­par­da­şy Ta­nak­dan 30,4 se­kunt yza ga­lyp, 3-nji orun bi­len ka­na­gat­lan­ma­ly bol­dy. Bu ýa­ryş­dan soň, utu­gy­ny 177-ä ýe­ti­ren Ožie “Hýun­dai” to­pa­ry­nyň bel­gi­ýa­ly sü­rü­ji­si Ti­er­ri Noý­will­den or­nu­ny alyp, tä­ze­den 1-nji bas­gan­ça­ga beý­gel­di. 160 utuk­ly Noý­will 2-nji, soň­ky bäs­le­şi­giň ýe­ňi­ji­si Ott Ta­na­gyň 144 utu­gy bar. Dün­ýä Ral­li çem­pio­na­tyn­da in­di­ki ýa­ryş 5–8-nji okt­ýabr ara­ly­gyn­da Is­pa­ni­ýa­da ge­çi­ri­ler.