Pa­kis­ta­nyň ila­ty 200 mil­li­on­dan geç­di

17

Pa­kis­tan­da ge­çi­ri­len 6-njy uç­dan­tut­ma ilat ýa­zu­wy­nyň ne­ti­je­si­ne gö­rä, ýur­duň ila­ty­nyň sa­ny 200 mil­li­on­dan gow­rak bol­dy. Bu ba­ra­da ýur­duň Döw­let sta­tis­ti­ka eda­ra­sy ha­bar ber­ýär. Bu gör­ke­zi­ji 1998-nji ýyl­da ge­çi­ri­len 5-nji uç­dan­tut­ma ilat ýa­zu­wyn­dan 57 gö­te­rim köp­dür, şeý­le hem ila­tyň te­bi­gy kö­pe­li­şi her ýyl or­ta­ça 2,4 gö­te­rim ar­typ­dyr.
Mag­lu­ma­ta gö­rä, Pa­kis­tan­da 208 mil­li­on adam ýa­şa­ýar, onuň 132 mil­lio­ny oba­lar­da ýa­şap, ol hem ýur­duň umu­my ila­ty­nyň 64 gö­te­ri­mi­ne deň­dir. 76 mil­li­on adam bol­sa, şä­her we şä­herleşen et­rap­lar­da ýa­şa­ýar. Bu gör­ke­zi­ji umu­my ila­tyň 36 gö­te­ri­mi­ni düzýär.
Ýur­duň we­la­ýat­la­ry­nyň ha­ta­ryn­da iň köp ilat­ly­sy Pen­jab­dyr. Bu ýer­de 110 mil­li­on adam ýa­şa­ýar we umu­my ila­tyň 53 gö­te­ri­mi­ne deň­dir. Sind, Haý­ber-Pah­tunh­wa hem-de Be­lu­jis­tan we­la­ýat­la­ryn­da de­giş­li­lik­de 48 mil­li­on, 31 mil­li­on hem-de 12 mil­li­on adam ýa­şa­ýar. Ýur­duň paý­tag­ty Ys­lama­badyň ila­ty­nyň sa­ny 2 mil­li­on­dyr.
Ýur­duň met­bu­gat ne­şir­le­ri­niň ha­bar ber­me­gi­ne gö­rä, uç­dan­tut­ma ilat ýa­zu­wy 2016-njy ýy­lyň mart aýyn­da baş­lanyp­dy. Bu ba­ra­da­ky res­mi mag­lu­mat­lar in­di­ki ýyl mä­lim edi­ler.