“Nikon”-yň täze önümi

21

Ýaponiýanyň dünýä belli fotoapparat öndürýän “Nikon” kompaniýasy täze “D850” kysymly enjamyny öndürdi. Ol 45,7 megapiksel sensor we 4K wideo düşürmek aýratynlyklary bilen köpleriň ünsüni çekdi.
Su­rat­lar­da­ky du­ru­ly­gy go­ra­mak mak­sa­dy bi­len taý­ýar­la­nan bu en­jam “Ni­kon”-yň EXPE­ED 5 pro­ses­so­ry bi­len yzy­gi­der­li 7 “fps” tiz­li­gin­de su­ra­ta alyp bil­ýär. Şol bir­wagt­da 153 no­ka­dy aw­to­ma­ti­k saz­la­ýan, 30 “fps” bi­len 4K wi­deo­şe­kil­le­ri­ni ýo­ka­ry hil­de wi­deo dü­şü­rip bil­ýär.
“Ni­kon D 850” fo­to­ap­pa­ra­tynyň da­şy dür­li ho­wa şert­le­ri­ne çy­dam­ly. Ap­pa­rat öçü­ri­len ýag­da­ýyn­da-da “Wi-Fi” ýa-da “Blue­tooth” ar­ka­ly te­le­fo­na ýa-da komp­ýu­te­re on­da­ky mag­lu­mat­la­ry ge­çi­rip bol­ýar. 3,2 dýuým­luk sen­sor­ly ek­ra­ny­ dür­li ta­ra­pa öw­rül­ýär. Ses­siz wi­deo dü­şür­mek üçin sen­sor­ly aý­ra­tyn­ly­gy bar. Üç öl­çeg­li “RAW” for­ma­tyn­da su­ra­ta alyp, go­şa “SD” gör­nüş­li ýa­dyn­da sak­la­mak müm­kin­çi­li­gine eýedir. HDMI we mik­ro­fon üçin ýö­ri­te kabel gi­riş ýer­le­ri bar.