Öz-özüni dolandyrýan ulaglaryň söwdasy artýar

24

2035-nji ýy­la çen­li tu­tuş dün­ýä­de öz-özü­ni do­lan­dyr­ýan aw­tou­lag­la­ryň sa­ny 92 es­se ar­typ, 30,4 mil­li­on ula­ga ýe­ter. Bu ba­ra­da “J’son & Part­ners Con­sul­ting” mas­la­hat be­riş kom­pa­ni­ýa­sy­ ha­bar ber­ýär. Kom­pa­ni­ýa­nyň ge­çi­ren bar­lag iş­le­ri­niň ne­ti­je­si­ne gö­rä, 2017-nji ýyl­da bu ulag­la­ryň söw­da ba­za­ry 330 mü­ňe ýe­ter. Her ýyl yzy­gi­der­li kö­pe­lip, 2035-nji ýyl­da 30,4 mil­lio­na ýet­me­gi­ne ga­ra­şyl­ýar. 2025-nji ýyl­dan baş­lap, ba­zar­da­ky ösüş dep­gi­ni has-da ýo­kar­la­nar. Şol ýyl­lar­da iri aw­tou­lag ön­dü­ri­ji­ler, şol san­da hy­taý­ly aw­to­mo­bil ön­dür­ýän kär­ha­na­lar öz-özü­ni do­lan­dyr­ýan ulag­la­ryň köp­çü­lik­le­ýin önüm­çi­li­gi­ne do­ly gi­ri­şer.
Hä­zir­ki za­man teh­no­lo­gi­ýa­sy bi­len do­ly ab­zal­laş­dy­ry­lan bu ulag­la­ryň her ýyl­ky söw­da­sy 2017-nji ýyl­da 13,65 mil­liard dol­la­ra ba­ra­bar bol­sa, 2035-nji ýyl­da bu gör­ke­zi­ji 364,8 mil­liard dol­la­ra deň bo­lar.
Bar­lag­la­ra gö­rä, ulag­la­ryň şeý­le gör­nü­şi, esa­san hem, Hy­ta­ýyň, ABŞ-nyň hem-de Ýew­ro­pa ýurt­la­ry­nyň ba­zar­la­ryn­da has köp sa­ty­lar. 2035-nji ýyl­da Hy­ta­ýyň ba­zar pa­ýy 33 gö­te­ri­me deň bo­lar. Bu hem ýur­duň hö­kü­me­ti­niň elekt­rik to­gy bi­len he­re­ket ed­ýän hem-de aw­to­nom he­re­ket­len­ýän ulag­la­ryň önüm­çi­li­gi­ne has köp gy­zyk­lan­ma bil­dir­me­gi bi­len berk bag­la­ny­şyk­ly­dyr. Şeý­le hem hä­zir­ki za­man ulag­la­ry­nyň söw­da ba­za­ry­nyň pa­ýy ABŞ-nyň hem-de Ýew­ro­pa­nyň ba­zar­la­ryn­da de­giş­li­lik­de, 26 gö­te­ri­me we 21 gö­te­ri­me ba­ra­bar bo­lar.