“Aşgabat 2017”-niň alawy – dost-doganlygyň nyşany

31

Mä­lim bol­şy ýa­ly, 2010-njy ýyl­da Ku­weýt döw­le­tin­den hoş ha­bar ge­lip­di. Şol ýy­lyň de­kabr aýyn­da Türk­me­nis­tan döw­le­ti­miz V Azi­ýa oýun­la­ry­ny ge­çir­mek hu­ku­gy­na eýe bol­dy. Bu wa­ka tu­tuş dün­ýä­de, Azi­ýa yk­ly­myn­da uly ses­len­me döredip, ýur­du­my­zyň ta­ry­hy­na al­tyn harp­lar bi­len ýa­zyl­dy. Şol wa­ka­nyň üs­tün­den ge­çen 7 ýy­lyň do­wa­myn­da mil­li Li­de­ri­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da mer­da­na türk­men hal­ky Ýa­pyk bi­na­lar­da we sö­weş sun­ga­ty bo­ýun­ça V Azi­ýa oýun­la­ry­na taý­ýar­lan­dy we ge­çen ýyl­lar, aý­lar we gün­ler ýur­du­my­zyň sport ab­ra­ýy­ny has-da be­len­de gal­dyr­dy. Ine, in­di bol­sa, şol ir­gin­siz çe­ki­len zäh­met­iň hö­zi­ri­ni gör­mek ge­ze­gi ge­lip ýet­di. Ýe­ne-de san­ly­ja gün­den, has ta­ky­gy, 8 gün­den Azi­ýa­nyň hem-de Okea­ni­ýa­nyň ök­de tür­gen­le­ri Olim­pi­ýa şä­her­çe­sin­dä­ki döw­re­bap sport des­ga­la­ryn­da öz­le­ri­niň sport ug­run­da­ky gu­jur-gaý­ra­ty­ny gör­ke­zip, baý­rak­ly orun­lar üçin bäs­le­şer­ler.
Öň­de du­ran san­ly­ja gün­ler bi­zi yk­ly­myň iri sport ýa­ry­şy bo­lan “Aş­ga­bat 2017” oýun­la­ry­na go­laý­laş­dyr­ýar. Azi­ýa­nyň iri sport baý­ra­my­na 10 gün gal­ma­gy my­na­sy­bet­li uly da­ba­ra­lar ge­çi­ril­di. Şu my­na­sy­bet­li paý­tag­ty­myz­da hem-de Ma­ry we­la­ýa­tyn­da baý­ram­çy­lyk çä­re­le­ri gu­ral­dy, ola­ryň ara­syn­da ara­gat­na­şy­ga bol­sa, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň gat­naş­ma­gyn­da gu­ra­lan te­le­köp­ri üp­jün et­di. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň ak pa­ta ber­me­gin­de Ma­ry we­la­ýa­tyn­da ýer­leş­ýän we dün­ýä­niň iri gaz kän­le­ri­niň bi­ri bo­lup dur­ýan “Gal­ky­nyş” gaz kä­nin­de “Aş­ga­bat 2017” oýun­la­ry­nyň ala­wy ýa­kyl­dy.
Mil­li Li­de­ri­miz şol gün Olim­pi­ýa şä­her­çe­sin­dä­ki “Sport” myh­man­ha­na­syn­da türk­men tür­gen­le­ri bi­len du­şuş­dy. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ýyg­na­nan­la­ryň öňün­de gut­lag sö­zi bi­len çy­kyş edip, ýur­du­myz üçin, şeý­le hem hal­ka­ra möç­be­rin­de bu oýun­la­ryň ta­ry­hy äh­mi­ýe­ti­ni bel­le­di. Ýe­di ýyl öň, Türk­me­nis­tan döw­le­ti­miz V Azi­ýa oýun­la­ry­ny ge­çir­mek hu­ku­gy­na eýe bol­dy. El­bet­de, ge­çen şu döw­rüň her aýy, her ýy­ly Ga­raş­syz döw­le­ti­mi­ziň hal­ka­ra sport ab­ra­ýy­nyň yzy­gi­der­li art­ýan­dy­gy­na şa­ýat­lyk ed­ýän mö­hüm wa­ka­lar bi­len şöh­rat­lan­dy di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz aýt­dy.

“AŞ­GA­BAT 2017” OÝUN­LA­RY­NYŇ
ALA­WY ÝA­KYL­DY
Soň­ra hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň gat­naş­ma­gyn­da Ma­ry we­la­ýa­ty­nyň çä­gin­dä­ki “Gal­ky­nyş” gaz kä­nin­den te­le­köp­ri ara­gat­na­şy­gy ýo­la go­ýul­dy. Te­le­köp­ri ar­ka­ly Ýa­şu­lu­lar mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry G.Aý­ly­ýew hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ze ala­wyň ýa­kyl­ma­gy­na ak pa­ta ber­me­gi ba­ra­da­ky ha­ýyş bi­len ýüz­len­di. Mil­li Li­de­ri­miz wa­tan­daş­la­ry­my­zyň äh­li­si­ne ýüz­le­nip, ýag­ty­ly­gyň, ýa­şaý­şyň göz­ba­şy­nyň ala­ma­ty hök­mün­de uly ma­na eýe­di­gi­ni nyg­ta­dy. Biz hal­ky­my­zyň asyl­ly ýö­rel­ge­sin­den ugur alyp, ýa­kyn gel­jek­de di­ňe bir ýur­du­myz üçin däl, eý­sem, se­bi­tiň halk­la­ry üçin hem rys­gal-be­re­ket ge­tir­jek dün­ýä­de iň uly “Gal­ky­nyş” gaz oja­gyn­dan Ýa­pyk bi­na­lar­da we sö­weş sun­ga­ty bo­ýun­ça V Azi­ýa oýun­la­ry­nyň ala­wy­ny mil­li däp-des­sur­la­ry­my­za la­ýyk­lyk­da ýak­ma­gy ma­kul bil­dik di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz aýt­dy.
Ne­sip bol­sa, ýe­ne-de san­ly­ja gün­ler­den V Azi­ýa oýun­la­ry­nyň ala­wy – Ga­raş­syz Wa­ta­ny­my­zyň iri gaz oja­gy­nyň ata­şy paý­tag­ty­myz Aş­ga­bat şä­he­ri­ne ge­lip ýe­ter. Ala­wyň ýa­ky­lan gü­ni mäh­ri­ban hal­ky­myz­da ýo­ka­ry wa­tan­çy­lyk ru­hu­ny dö­red­ýän, eziz Wa­ta­ny­my­za be­ýik söý­gi­ni ter­bi­ýe­le­ýän şan­ly wa­ka­dyr.
Bu wa­ka V Azi­ýa oýun­la­ry­na ýo­ka­ry de­re­je­de taý­ýar­ly­gy­myz­da aý­gyt­ly ädim­dir, ol mer­da­na hal­ky­my­zyň je­bis­li­gi­niň, ag­zy­bir­li­gi­niň, pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji­li­gi­niň hem-de dost­lu­gy­nyň ha­ky­ky ny­şa­ny­dyr di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz nyg­ta­dy we hem­me­le­ri bu mö­hüm wa­ka bi­len tüýs ýü­rek­den gut­la­dy hem-de şu da­ba­ra­ly pur­sat­lar­da V Azi­ýa oýun­la­ry­nyň ala­wy­ny ýak­ma­ga ak pa­ta ber­di.
Te­le­köp­ri ar­ka­ly Ma­ry we­la­ýa­tyn­da ýaý­baň­lan­dy­ry­lan da­ba­ra syn et­mek bol­ýar. Şol ýer­de “Gal­ky­nyş” oja­gy­nyň go­la­ýyn­da ga­dy­my oba­ny ýat­lad­ýan köp san­ly ak öý­ler di­kil­di.
Ga­dy­my aý­dym­la­ry ýe­ri­ne ýe­tir­ýän bag­şy­lar hem-de sa­zan­da­lar, se­net­çi-us­sa­lar, çar­wa­dar­lar, or­ta­da güýç sy­na­nyş­ýan päl­wan­lar baý­ram­çy­lyk da­ba­ra­sy­na öz­bo­luş­ly öwüş­gin çaý­dylar. Ak öý­le­riň go­la­ýyn­da ägirt uly sport meý­dan­ça­sy dö­re­dil­di, şol ýer­de ýaş tür­gen­ler çy­kyş edip, V Azi­ýa oýun­la­ry­nyň mak­sat­na­ma­sy­na gir­ýän spor­tuň äh­li gör­nüş­le­ri, şol san­da kon­kur bo­ýun­ça us­sat­lyk­la­ry­ny gör­kez­ýär­ler. Kon­kur üçin päs­gel­çi­lik­li aý­ra­tyn ýo­da­jyk göz öňün­de tu­tu­lyp­dyr.
Ýi­git­ler aja­ýyp be­dew­ler­de taý­ýar bo­lup dur­lar. Mer­gen ýi­git ýa­ýyň peý­ka­my­ny as­ma­na – Gü­ne ta­rap gö­nük­di­rip, ýa­ýy atýar. Şu ýer­de tä­sin pur­sat ýü­ze çyk­ýar. Ma­wy as­man­da nur sa­çyp du­ran Gün şöh­le­le­ri peý­ka­myň ujun­da uç­gun dö­red­ýär. Gün nu­run­dan ot alan peý­kam as­man­dan ýe­re inip, ak öýüň or­ta­syn­da­ky ojar odun­ly oja­ga düş­ýär.
Ojak­da­ky ojar tu­ta­şyp, ataş ýa­nyp baş­la­ýar. Ojak­da lo­wur­dap ýan­ýan ataş­dan Ýa­pyk bi­na­lar­da we sö­weş sun­ga­ty bo­ýun­ça V Azi­ýa oýun­la­ry­nyň ala­wy ýa­kyl­ýar. “Aş­ga­bat 2017” oýun­la­ry­nyň ala­wy ener­gi­ýa­nyň ägirt uly go­ru­nyň ýer­le­şen ýe­rin­de ýa­kyl­dy. “Gal­ky­nyş” oja­gy — mu­nuň özi bi­ziň umu­my­mil­li Öýü­mi­ziň — Ga­raş­syz, hemişelik Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň öz­bo­luş­ly oja­gy­dyr!
Ýo­la dü­şen alaw­ly 17 ýi­gi­di Oguz ­han: “Goý, bu oguz­lar oja­gy­nyň ala­wy­nyň şug­la­sy ýer ýü­zü­ne ýaý­ra­syn! Goý, ol ala­wyň ýy­ly­sy ýa­kyn-u- ýat, ulus-il­le­riň kal­by­na mä­hir bo­lup ça­ýyl­syn! Oguz ko­wum­la­ry, türk­men il­le­ri eziz Ar­ka­da­gy bi­len do­wa­mat do­wam bol­sun!” di­ýen ar­zuw­lar bi­len ug­rad­ýar.
At­ly ýi­git­le­ri hor­mat­ly ýa­şu­lu­lar we kü­müş saç­ly ene­ler ýola salýar. Olar ýi­git­le­ri­mi­ze ak ýol ar­zuw edip, ýü­zär­lik ýakýarlar hem-de mek­ge pat­rak­la­ry­ny seç­ýär­ler.

MIL­LI LI­DE­RI­MIZ TÜR­GEN­LE­RI­MI­ZE
ŞOW­LU­LYK AR­ZUW ET­DI
Te­le­köp­ri ta­mam­la­nan­dan soň, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz “Sport” myh­man­ha­na­sy­nyň mas­la­hat­lar za­ly­na ýyg­na­nan Türk­me­nis­ta­nyň mil­li ýy­gyn­dy­sy­nyň ag­za­la­ry­na ýüz­len­di.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz şu gün­ki da­ba­ra­ly du­şu­şy­gyň Ýa­pyk bi­na­lar­da we sö­weş sun­ga­ty bo­ýun­ça V Azi­ýa oýun­la­ry­na 10 gün gal­ma­gy my­na­sy­bet­li ge­çi­ril­ýän­di­gi­ni bel­läp, bi­ziň tür­gen­le­ri­mi­ze “Sag­dyn­lyk. Ru­hu­be­lent­lik. Dost­luk.” şy­ga­ry bi­len ge­çi­ril­jek V Azi­ýa oýun­la­ryn­da üs­tün­lik­li çy­kyş et­me­gi hem-de örän oňat ne­ti­je­le­ri ga­zan­ma­gy ar­zuw et­di.
Mil­li Li­de­ri­miz hal­ka­ra sport baý­ram­çy­ly­gy­na öw­rül­jek V Azi­ýa oýun­la­ryn­da Ga­raş­syz ýur­du­my­zyň tür­gen­le­ri­niň wa­tan­sö­ýü­ji­li­giň, gaý­duw­syz­ly­gyň, ha­ky­ky us­sat­ly­gyň asylly nus­ga­sy­ny gör­ke­zip, Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň sport ab­ra­ýy­ny has-da ýo­kar­lan­dyr­ma­ga my­na­syp go­şant goş­jak­dyk­la­ry­na berk ynam bil­dir­di.
Sport gaý­rat­ly­ly­gy, çy­dam­ly­ly­gy, gaý­duw­syz­ly­gy, sa­byr­ly­ly­gy, ada­lat­ly­ly­gy, hoş­ni­ýet­li­li­gi hem-de be­lent yn­san­per­wer­li­gi ter­bi­ýe­le­ýän aja­ýyp sun­gat­dyr. Adam­za­dyň bu aja­ýyp gy­lyk-hä­si­ýet­le­ri­ni özün­de jem­le­ýän her bir yn­san uly sar­pa my­na­syp­dyr di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz aýt­dy.
Hal­ka­ra sport ýa­ryş­la­ryn­da my­na­syp we­kil­çi­lik et­mek hem-de öz ýur­duň sport ab­ra­ýy­ny tä­ze, be­lent de­re­je­le­re gö­ter­mek her bir tür­gen üçin mu­kad­des borç­dur di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz nyg­ta­dy.
Azi­ýa­nyň Olim­pi­ýa Ge­ňe­şi­niň 2017-nji ýyl­da Aş­ga­bat şä­he­rin­de Ýa­pyk bi­na­lar­da we sö­weş sun­ga­ty bo­ýun­ça V Azi­ýa oýun­la­ry­ny ge­çir­mek ha­kyn­da­ky ta­ry­hy çöz­gü­di Ga­raş­syz Wa­ta­ny­my­zyň sport äle­min­dä­ki ab­ra­ýy­nyň has ýo­ka­ry de­re­je­le­re gal­ýan­dy­gy­na aý­dyň şa­ýat­lyk ed­ýär di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz sö­zü­ni do­wam et­di.
Be­den­ter­bi­ýe we sport, sag­dyn dur­muş ka­da­la­ry dün­ýä me­de­ni­ýe­ti­niň örän mö­hüm hem-de gym­mat­ly baý­ly­gy­dyr. Bu gym­mat­lyk­lar her bir döw­le­tiň dur­muş-yk­dy­sa­dy, me­de­ni taý­dan saz­la­şyk­ly ös­me­gi­ni üp­jün ed­ýän esa­sy gör­ke­zi­ji­ler bo­lup dur­ýar.
Ýa­pyk bi­na­lar­da we sö­weş sun­ga­ty bo­ýun­ça V Azi­ýa oýun­la­ry­ny ýo­ka­ry de­re­je­de ge­çir­mek mak­sa­dy bi­len, gö­zel paý­tag­ty­myz Aş­ga­bat­da umu­my ba­ha­sy 5 mil­liard ame­ri­kan dol­la­ry­na ba­ra­bar bo­lan, se­bit­de deň­siz-taý­syz döw­re­bap Olim­pi­ýa şä­her­çe­si gu­rul­dy. Ge­çi­ri­len bu iş­le­riň äh­li­si ata Wa­ta­ny­my­zyň sport ul­ga­my­ny düýp­li kä­mil­leş­dir­mä­ge, köp­çü­lik­le­ýin be­den­ter­bi­ýä­ni giň ge­rim­de ös­dür­mä­ge, aý­ra­tyn hem, hal­ka­ra de­re­je­sin­de us­sat tür­gen­le­ri taý­ýar­la­ma­ga do­ly müm­kin­çi­lik ber­ýär.
Ne­sip bol­sa, biz ýe­ne-de san­ly­ja gün­ler­den Azi­ýa­nyň 45 ýur­dy bi­len bir ha­tar­da, il­kin­ji ge­zek Okea­ni­ýa­nyň 19 döw­le­ti­niň tür­gen­le­ri­niň, şeý­le hem bos­gun­la­ryň ýy­gyn­dy to­pa­ry­nyň gat­naş­jak Ýa­pyk bi­na­lar­da we sö­weş sun­ga­ty bo­ýun­ça V Azi­ýa oýun­la­ry­na da­ba­ra­ly ýag­daý­da ba­dal­ga be­re­ris di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz aýt­dy.
Ga­raş­syz Türk­me­nis­tan 2017-nji ýy­lyň tyl­la güý­zü­ni mer­da­na hal­ky­my­zyň şöh­rat­ly ta­ry­hy­na al­tyn harp­lar bi­len ýa­zy­lyp, ýat­dan çyk­ma­jak şat­lyk­ly wa­ka­la­ra we uly baý­ram­çy­ly­ga bes­le­jek V Azi­ýa oýun­la­ry­na ýo­ka­ry de­re­je­de taý­ýar­lyk­ly bar­ýar. Biz bu ugur­da Azi­ýa­nyň Olim­pi­ýa Ge­ňe­şi bi­len bi­le­lik­de, giň ge­rim­li iş­le­ri hem-de dür­li çä­re­le­ri ge­çir­dik di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz aýt­dy.
Mil­li Li­de­ri­miz ýaş­la­ra ýüz­le­nip: “Sport gu­jur-gaý­ra­tyň, gö­zel­li­giň hem-de sag­dyn­ly­gyň göz­ba­şy­dyr, yn­sa­ny be­lent sep­git­le­re ruh­lan­dyr­ýan eg­sil­mez güýç­dür” di­ýip bel­le­di.
Bi­ziň sport us­sat­la­ry­myz we tür­gen­le­ri­miz gu­jur-gaý­ra­ty­ny hem-de ba­şar­ny­gy­ny gör­ke­zip, hal­ka­ra we dün­ýä de­re­je­sin­de ge­çi­ril­ýän ýa­ryş­lar­da aja­ýyp üs­tün­lik­le­ri ga­zan­ýar­lar. Bu bol­sa, mäh­ri­ban Wa­ta­ny­my­za bo­lan söý­gi­mi­zi we buý­san­jy­my­zy art­dyr­ýar, jem­gy­ýe­ti­mi­ziň ag­zy­bir­li­gi­ni hem-de je­bis­li­gi­ni has-da ber­kid­ýär.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Ýa­pyk bi­na­lar­da we sö­weş sun­ga­ty bo­ýun­ça V Azi­ýa oýun­la­ry­nyň ge­çi­ril­ýän ýur­dy bo­lan Ga­raş­syz, Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň ýy­gyn­dy to­pa­ry­nyň tür­gen­le­ri­ne oýun­lar­da öz ba­şar­nyk­la­ry­ny hem-de us­sat­lyk­la­ry­ny, wa­tan­sö­ýü­ji­li­gi­ni gör­ke­zip, iň köp­san­ly me­da­la my­na­syp bol­ma­gy­ny ar­zuw et­di.
Soň­ra ýur­du­my­zyň tür­gen­le­ri­niň adyn­dan meş­hur tür­gen­ler – sam­bo bo­ýun­ça Türk­me­nis­ta­nyň mil­li ýy­gyn­dy to­pa­ry­nyň ag­za­sy Gül­ba­dam Ba­ba­mu­ra­to­wa hem-de türk­men mil­li gö­re­şi we gu­şak­ly gö­reş bo­ýun­ça Türk­me­nis­ta­nyň mil­li ýy­gyn­dy to­pa­ry­nyň ag­za­sy Re­je­ba­ly Ora­za­ly­ýew çy­kyş et­di­ler.

OLIM­PI­ÝA ŞÄ­HER­ÇE­SI­NIŇ
DES­GA­LA­RY ÝO­KA­RY
SY­LA­GA MY­NA­SYP BOL­DY
Da­ba­ra­nyň çäk­le­rin­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ýur­du­my­zyň myh­ma­ny, Gin­ne­siň re­kord­lar ki­ta­by­nyň önüm mar­ke­tin­gi bo­ýun­ça ýol­baş­çy­sy je­nap Wik­tor Fe­nes Wa­ka­sa söz ber­di. Myh­man Gin­ne­siň re­kord­lar ki­ta­by­na hö­dür­le­nen de­giş­li mag­lu­mat­la­ryň do­ly we iç­gin öw­re­nil­me­gi­niň ne­ti­je­le­ri ba­ra­da ha­bar be­rip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­zi hem-de Türk­me­nis­ta­nyň äh­li hal­ky­ny paý­tag­ty­myz Aş­ga­ba­dyň dün­ýä re­kord­la­ry­nyň ara­syn­da ýe­ne-de bir ge­zek my­na­syp orny eýe­län­di­gi bi­len gut­la­dy.
Aş­ga­bat Azia­da­sy­nyň esa­sy ny­şa­ny bo­lan be­de­wiň çe­per şe­ki­li bu keş­biň esa­sy bö­le­gi­ne öw­rül­di. Bu ägirt uly şe­kil­de oýun­la­ryň tu­tuş ma­ny-maz­mun ba­bat­da­ky tag­ly­my, Türk­me­nis­ta­nyň be­ýik mak­sat­la­ra, dün­ýä­de pa­ra­hat­çy­ly­ga we halk­la­ryň ara­syn­da­ky dost­lu­ga, äh­lu­mu­my ösü­şiň hem-de aba­dan­çy­ly­gyň bäh­bi­di­ne dö­re­di­ji­lik­li gat­na­şyk­la­ra, ýa­şa­ýyş-dur­mu­şyň esa­sy gym­mat­ly­gy hök­mün­de sag­dyn­ly­gy ber­ka­rar et­mä­ge ym­tyl­ma­sy jem­le­nen­dir.
Ikin­ji gü­wä­na­ma Aş­ga­ba­dyň Olim­pi­ýa şä­her­çe­si­niň spor­tuň suw gör­nüş­le­ri mer­ke­zi my­na­syp bol­dy. Ol hal­ka­ra öl­çeg­le­ri­niň ýo­ka­ry ta­lap­la­ry­na ky­bap gel­ýän eko­lo­gi­ýa taý­dan aras­sa se­riş­de­ler­den hä­zir­ki za­man teh­no­lo­gi­ýa­lar esa­syn­da gur­lan dün­ýä­de iň uly üs­ti ýa­pyk suw­da ýü­zül­ýän ho­wuz hök­mün­de Gin­ne­siň re­kord­lar ki­ta­by­na gi­ri­zil­di.
Myh­man mil­li Li­de­ri­mi­ze gü­wä­na­ma­la­ry gow­şu­ryp, Gin­ne­siň re­kord­lar ki­ta­byn­da öz be­ýa­ny­ny ta­pan tä­sin Olim­pi­ýa şä­her­çe­si­niň ýe­ne-de köp ne­sil­le­re hyz­mat et­jek­di­gi­ni hem-de ak mer­mer­li paý­tag­tyň aja­ýyp ýer­le­ri­niň bi­ri­ne we buý­san­jy­na öw­rül­jek­di­gi­ne ynam bil­dir­di.
Mu­ňa jo­gap edip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Olim­pi­ýa şä­her­çe­sin­dä­ki atyň keş­bi­niň hem-de Suw sport top­lu­my­nyň Gin­ne­siň re­kord­lar ki­ta­by­na gi­ri­zil­me­gi my­na­sy­bet­li Gin­ne­siň re­kord­lar ki­ta­by­nyň ýol­baş­çy­la­ry­na we äh­li iş­gär­le­ri­ne tüýs ýü­rek­den min­net­dar­lyk bil­dir­di. Bu wa­ka mäh­ri­ban hal­ky­my­zyň be­ýik mak­sa­dyň ha­ty­ra­sy­na çek­ýän dö­re­di­ji­lik­li zäh­me­ti­niň hal­ka­ra de­re­je­sin­de yk­rar edil­me­gi­niň ýe­ne-de bir aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz aýt­dy.
Soň­ra hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ýe­ne-de ýur­du­my­zyň mil­li ýy­gyn­dy to­pa­ry­nyň ag­za­la­ry­na ýüz­le­nip, şeý­le diý­di:
– Ga­raş­syz Türk­me­nis­tan – kuw­wat­ly döw­let. Bi­ziň ta­gal­la­la­ry­myz, yh­la­sy­myz, ar­zy­ly pel­le­ha­na bo­lan yna­my­myz bi­len ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň spor­ty hem güýç­li bol­ma­ly­dyr.
El­bet­de, şu gün ber­ka­rar Wa­ta­ny­my­zyň se­ne­na­ma­sy­na aý­gyt­ly baş­lan­gyç­la­ryň se­ne­si hök­mün­de ebe­di ýa­zy­lar. Se­bä­bi V Azi­ýa oýun­la­ry­nyň ala­wy­nyň ýa­ky­lan gü­ni gel­jek­ki üs­tün­lik­le­ri­mi­ze ba­dal­ga ber­len ta­ry­hy gün­dür!
“Sport” myh­man­ha­na­syn­dan çy­kan ma­ha­ly döw­let Baş­tu­ta­ny­myz mil­li ýy­gyn­dy­my­zyň ag­za­la­ry­nyň ha­ýy­şy bo­ýun­ça olar bi­len ýa­dy­gär­lik su­ra­ta düş­di.