Paý­tag­ty­myz “Aş­ga­bat 2017“ oýun­la­ry­ny gar­şy al­ýar

14

Söý­gi­niň, yl­ha­myň we ýaş­ly­gyň şä­he­ri Aş­ga­bat giň kö­çe­le­ri bi­len bi­ze gu­jak aç­ýar, sa­ýa­ly bag­la­ry­dyr se­ýil­gäh­le­ri bi­len bag­ry­na bas­ýar, şa­dy­ýan gün öz mäh­ri bi­len gal­lap al­ýar. Mü­di­mi ýaş, gü­neş­li Aş­ga­bat gö­zel bi­na­la­ry­nyň ajap saz­la­şy­gy bi­len gün­sa­ýyn ös­ýär, öz­ger­ýär. Kö­çe­le­ri­dir şa­ýol­la­ry giň, ba­gy-bos­san, tä­ze­den-tä­ze meý­dan­ça­ly, çüw­dü­rim­li-se­ýil­gäh top­lum­ly, ka­şaň des­ga­ly ak mer­me­re bü­re­nen şä­he­ri­miz Gün­do­ga­ryň mer­je­ni­dir.
Onuň ba­şy be­lent bi­na­la­ry, as­man sa­ry ym­tyl­ýan güm­mez­le­ri bi­len, Kö­pet­da­gyň ete­gi­ne ta­rap ös­ýän paý­tag­ty­myz şä­her­le­riň gö­ze­li.
Biz söý­gü­li şä­he­ri­mi­ziň pa­ra­hat­çy­lyk­ sö­ýü­ji­li­giň, açyk­ly­gyň we myh­man­sö­ýer­li­giň ny­şa­ny, hal­ka­ra fo­rum­la­ry­nyň, we­kil­çi­lik­li sy­ýa­sy du­şu­şyk­la­ryň, me­de­ni çä­re­le­riň ge­çi­ril­ýän ýe­ri­ne öw­rü­len­di­gi­ne buý­san­ýa­rys.
Bu gün türk­men paý­tag­ty “Aşga­bat 2017“ oýun­la­ry­na taý­ýar­lan­ýar. Ol sport baý­ra­my­ny toý ly­ba­syn­da gar­şy al­ýar. Demir ýol menziliniň go­la­ýyn­da­ky meý­dan­ça­da, paý­tag­tyň Hal­ka­ra howa menzilindäki Oýun­la­ryň ny­şa­ny, gu­jur­ly-dos­ta­na ala­baý We­pa­ly myh­man­la­ry gar­şy al­ýar.
Aşgabat Azia­dasy­nyň ny­şan­la­ry şä­her be­ze­gi­ne saz­la­şyk­ly ut­ga­şyp, uly möç­ber­li sport baý­ra­my­nyň şowhunyny artdyrýar, oňa türk­men paý­tag­ty ru­hu­be­lent­lik we şat­lyk bi­len taý­ýar­lyk gör­ýär. Oýun­la­ryň öň­ýa­ny Aş­ga­ba­dyň şa­ýol­la­ry­dyr esa­sy kö­çe­le­ri düýp­li öz­ger­di. Ola­ra “Aşga­bat 2017“-niň ny­şan­la­ry bo­lan çy­ra­lar, mo­ni­tor­lar, di­od­çy­ra­ly ýaz­gy­lar, pla­kat­lar be­zeg ber­ýär.
Paý­tag­tyň esa­sy bi­na­gär­lik be­ze­gi-se­bit­de de­ňsiz-taý­syz döw­re­bap kö­pu­gur­ly Olim­pi­ýa şä­her­çe­si­dir. Öz­bo­luş­ly bi­na­gär­lik, tä­ze­çil­lik we gur­luş dü­züm­le­ri, mil­li ny­şan­lar­dyr üýt­ge­şik di­zaý­nerçi­lik til­sim­le­ri, bi­na­la­ryň ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­la­ry we gu­ra­ma­çy­lyk tä­ze­çil­lik­le­ri bi­len saz­la­şyk­ly ut­gaş­ma­gy ýurt­da bo­lup geç­ýän öz­gert­me­le­ri we di­ňe bir ýo­ka­ry sport üs­tün­lik­le­ri­ni däl, eý­sem, halk­la­ryň ara­syn­da­ky ysnyşmany ber­kidýär.
Türk­men jem­gy­ýe­ti­niň me­de­ni ýö­rel­ge­le­ri­ni, ta­ry­hy-me­de­ni do­wa­mat­ly­ly­gy­ny gör­kez­ýän heý­kel­ler top­lu­my-da paý­tag­ty­my­zy gaý­ta­lan­ma­jak gör­ke ge­tir­ýär. Dün­ýä bel­li ahalte­ke be­dew­le­ri­niň keş­bi onuň aý­ryl­maz bö­le­gi­dir. Be­dew ýyn­dam­ly­gy we bat­ly ga­da­my eý­ýa­myň dep­gi­nine la­ýyk gel­ýär, bi­ziň pa­ra­hat­çy­ly­ga, ösü­şe we mil­li aba­dan­çy­ly­ga ym­ty­ly­şy­my­zy be­ýan ed­ýär. Hut ady ro­wa­ýa­ta öw­rü­len “ga­nat­ly be­de­wiň“ heý­ke­li­niň “Sag­lyk. Ru­hu­be­lent­lik. Dost­luk“ şy­ga­ry bi­len ge­çi­ril­ýän “Aş­ga­bat 2017“ oýun­la­ry­nyň esa­sy sport meý­dan­ça­sy­ny be­ze­me­gi­niň özem sim­wo­lik hä­si­ýe­te eýe­dir.