Myhmanlara ýokary derejede hyzmat ediler

24

Türk­me­nis­ta­nyň paý­tag­tyn­da iri hal­ka­ra sport ýa­ryş­ynyň – Ýa­pyk bi­na­lar­da we sö­weş sun­ga­ty bo­ýun­ça V Azi­ýa oýun­la­ry­nyň açyl­ma­gy­na san­ly­ja gün gal­dy. Bu oýun­la­ry ge­çir­mek bo­ýun­ça dün­ýä­niň öň­de­ba­ry­jy kom­pa­ni­ýa­la­ry bi­len hyz­mat­daş­lyk­da giň möç­ber­li taý­ýar­lyk iş­le­ri, şol san­da oýun­la­ryň myh­man­la­ry­ny we gat­na­şy­jy­la­ryny ýo­ka­ry de­re­je­de aw­tou­lag se­riş­de­le­ri we hyz­mat­lar bi­len üp­jün et­mek bo­ýun­ça taý­ýar­lyk çä­re­le­ri al­nyp ba­ryl­ýar.
“Aş­ga­bat 2017” oýun­la­ry­na hyz­mat et­mek üçin da­şa­ry ýurt­la­ryň iň go­wy önüm ön­dü­ri­ji­le­ri­niň dür­li aw­tou­lag­la­ry­nyň ha­ta­ryn­da Ger­ma­ni­ýa­nyň “BMW” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň iň tä­ze ky­sym­ly aw­tou­lag­la­ry hem bar.
Ýa­pyk bi­na­lar­da we sö­weş sun­ga­ty bo­ýun­ça V Azi­ýa oýun­la­ry­nyň baş­lan­ma­gy­na 10 gün gal­ma­gy my­na­sy­bet­li ge­çi­ri­len da­ba­ra­la­ryň çäk­le­rin­de Olim­pi­ýa şä­her­çe­si­niň çäk­le­rin­de ýer­leş­ýän “Sport” myh­man­ha­na­sy­nyň öňün­dä­ki meý­dan­ça­da oýun­la­ryň ge­çi­ril­ýän döw­rün­de tür­gen­le­re, myh­man­la­ra we to­ma­şa­çy­la­ra hyz­mat et­mä­ge ni­ýet­le­nen “BMW” ky­sym­ly aw­tou­lag­la­ryň ser­gi­si gu­ral­dy.
Ser­gi­de elekt­rik hem-de ýan­gyç bi­len iş­le­ýän he­re­ket­len­di­ri­ji­li ýe­ňil aw­tou­lag­lar gör­ke­zil­di. Eko­lo­gi­ýa taý­dan aras­sa aw­tou­lag bo­lan elekt­ro­kar­la­ryň ak­ku­mul­ýa­to­ry 8 sa­ga­dyň do­wa­myn­da güýç­len­di­ril­ýär, bu bol­sa, aw­tou­la­ga 300 ki­lo­met­re çen­li ýo­ly geç­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär.
Bu ýer­de hödürlenen tä­ze ulag­la­ryň ha­ta­ryn­da “Tiz kö­mek” gul­lu­gy üçin ni­ýet­le­nen elekt­ro­mo­bil­ler hem bar. Olar­da öz wag­tyn­da we ýo­ka­ry hil­li luk­man­çy­lyk hyz­mat­la­ry­ny et­mek üçin äh­li şert­ler göz öňün­de tu­tu­lan­dyr. Elekt­rik ener­gi­ýa­syn­da iş­le­ýän bu ulag­lar daş­ky gur­şaw üçin oňyn eko­lo­gi­ýa ýag­da­ýy­ny sak­la­ýar, bu bol­sa, türk­men döw­le­ti­niň te­bi­ga­ty go­ra­mak sy­ýa­sa­ty­nyň ta­lap­la­ry­na doly la­ýyk gel­ýär.