“Aşgabat 2017”-niň täze resmi hyzmatdaşlary

13

Azi­ýa oýun­la­ry­na taý­ýar­lyk gör­mek ba­ra­da­ky ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji ko­mi­te­ti “Hua­wei Tech. Invest­ment Co., Li­mi­ted” we “Hoş za­man” kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň hem-de “Türk­men­te­le­kom” döw­let elekt­rik ara­gat­na­şyk kär­ha­na­sy­nyň Ýa­pyk bi­na­lar­da we sö­weş sun­ga­ty bo­ýun­ça V Azi­ýa oýun­la­ry­na res­mi hyz­mat­daş­la­ry hök­mün­de go­şul­ýan­dy­gy­ny buý­sanç bi­len yg­lan et­di.
“Hua­wei Tech. Invest­ment Co., Li­mi­ted” kom­pa­ni­ýa­sy dün­ýä­de yk­jam ara­gat­na­şyk teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­nyň öň­de­ba­ry­jy üp­jün edi­ji­le­ri­niň bi­ri bo­lup, saz­la­şyk­ly iş­le­ri alyp bar­ma­ga, in­no­wa­si­ýa­la­ry gi­riz­mä­ge ça­lyş­ýan we hyz­mat­daş­ly­ga açyk kom­pa­ni­ýa­dyr. “Hua­wei Tech. Invest­ment Co., Li­mi­ted” kom­pa­ni­ýa­sy Türk­me­nis­ta­nyň çä­gin­de 15 ýyl­dan bä­ri he­re­ket ed­ýär we Türk­me­nis­tan­da spor­ty ös­dür­mä­ge iş­jeň gat­naş­ýar. Kom­pa­ni­ýa Bü­tin­dün­ýä gö­reş fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň, Türk­me­nis­ta­nyň Gö­reş fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň we Türk­me­nis­ta­nyň Mil­li gu­şak­ly gö­reş fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň res­mi he­ma­ýat­kä­ri hök­mün­de çy­kyş ed­ýär. Şeý­le hem bu kom­pa­ni­ýa­ “Aş­ga­bat 2017” oýun­la­ryn­da çä­rä­niň üs­tün­lik­li geç­me­gi üçin ze­rur bo­lan yk­jam ara­gat­na­şyk en­jam­la­ry bi­len üp­jün eder.
“Hoş za­man” guş­çu­lyk fer­ma­sy 2004-nji ýyl­da Türk­me­nis­tan­da goň­şy ýurt­lar bi­len söw­da et­mek mak­sa­dy bi­len esas­lan­dy­ryl­dy. “Hoş za­man” hä­zir­ki wagt­da öz ug­ry bo­ýun­ça se­bit­de öň­de­ba­ry­jy kom­pa­ni­ýa­la­ryň bi­ri­dir. Sag­dyn we eko­lo­gi­k taý­dan aras­sa önüm ön­dür­mek üçin in­no­wa­si­on teh­no­lo­gi­ýa­la­ry ulan­ýan “Hoş za­man” kom­pa­ni­ýa­sy “Aş­ga­bat 2017” üçin ideal hyz­mat­daş bo­lup dur­ýar.
“Türk­men­te­le­kom” DE­AK 1993-nji ýyl­da esas­lan­dy­ry­lan Türk­me­nis­ta­nyň mil­li te­lea­ra­gat­na­şyk kom­pa­ni­ýa­sy­dyr. Bu kär­ha­na mag­lu­mat we ara­gat­na­şyk hyz­mat­la­ry­nyň bir­nä­çe­si, şol san­da öý­jük­li ara­gat­na­şy­gy, mag­lu­mat ba­za­sy ul­ga­my we in­ter­net bi­len üp­jün ed­ýär.
“Aş­ga­bat 2017”-niň res­mi hyz­mat­da­şy hök­mün­de “Türk­men­te­le­kom” DE­AK Oýun­la­ry we onuň hyz­mat­daş ta­rap­la­ry­nyň in­ter­net üp­jün­çi­li­gi, Wi-Fi, ýer­li te­le­fon ara­gat­na­şyk hyz­mat­la­ry we yk­jam te­le­fon­lar üçin sim-kart­la­ry bi­len üp­jün ed­ýär.