Aşgabatda Aziadanyň joşguny

60

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ösüşleriň täze belentliklerini nazarlaýan ýurdumyzda Aziýa yklymynyň, galyberse-de tutuş dünýäniň sport muşdaklarynyň ünsüni çekjek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna örän az wagt galdy. Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary 16-njy sentýabrda badalga alar. Ertesi güni, ýagny 17-nji sentýabrda Oýunlaryň açylyş dabarasy geçiriler.
Yklymda geçirilýän iň uly sport çäreleriniň biri bolan “Aşgabat” 2017 barada maglumat taýýarlananda, gurluşyk we infrastruktura, iýmit üpjünçiligi, Aziýadan we Okeaniýadan geljek türgenleri ýerleşdirmek boýunça görülýän taýýarlyklar bilen bagly maglumatlar we sanlar hemmäni haýran galdyrýar.

Geliň, “Aşgabat 2017” bilen baglanyşykly
iň gyzykly maglumatlara göz aýlalyň!

6 000-den gowrak – “Aşgabat 2017”-ä gatnaşýan türgenleriň we topar wekilleriň sany.
140 000 kg – Oýunlaryň dowamynda türgenler şäherçesinde taýýarlanjak azyk
önümleriniň agramy.
12 – tomaşa etjek ýaryş günlerimiziň sany.
347 – geçiriljek medal gowşurylyş dabaralarynyň sany.
1844 – ýeňiş gazanan türgenlere gowşuryljak medallaryň sany.
45 000 – ajaýyp Aşgabat Olimpiýa stadionyndaky orunlaryň sany.
700 000 – “Aşgabat 2017”-niň çäginde geçirilýän 220 sport ýaryşy üçin satuwa çykarylan petekleriň sany.
7 000 – “Aşgabat 2017”-niň açylyş we ýapylyş dabaralarynda çykyş etjek we guramaçylygyna gatnaşjak işgärleriň sany.