“Aşgabat 2017” oýunlaryna gatnaşyjylaryň ýürek buýsançlary

51

Türkmenistanyň basketbol
boýunça ýygyndy toparynyň
tälimçisi, serbiýaly hünärmen
Milan Kotaras:
– Fe­de­ra­si­ýa­nyň ýol­baş­çy­la­ry me­ni hem­me­ta­rap­la­ýyn gol­da­ýar­lar, dö­re­di­len iş şert­le­rinden, tä­lim­çi­ler to­pa­ryn­dan kär­deş­le­rim we oýun­çy­lar bi­len öza­ra dü­şün­işip, iş­le­ýän­di­gim­den ho­şal. Hä­zir to­pa­ra ze­hin­li tür­gen­le­ri ýyg­na­dyk, gy­zyk­ly, go­wy oýun gör­kez­mä­ge müm­kin­çi­li­gi­miz bar. Ýurt­da ge­çi­ril­jek “Aş­ga­bat 2017” oýun­la­ry ýaş to­par üçin çyl­şy­rym­ly we jo­gap­kär­li sy­nag, şo­nuň üçi­nem jan­kö­ýer­ler­den to­par­la­ry­my­zy gol­da­ma­gy ha­ýyş ed­ýä­rin, ol ýeň­şe hö­wes dö­red­ýär.

Türkmenistanyň bowling toparynyň tälimçisi Batyr Hangeldiýew:
– Ýa­pyk bi­na­lar­da we sö­weş sun­ga­ty bo­ýun­ça V Azi­ýa oýun­la­ryn­da bow­ling bo­ýun­ça baş baý­rak ug­run­da Sa­ud Ara­bys­ta­ny­nyň, Ka­ta­ryň, Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri­niň, Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň, Gon­kon­gyň iň güýç­li to­par­la­ry güýç sy­na­ny­şar­lar. Ýö­ne bi­ziň tür­gen­le­ri­miz hem 3 ýy­la go­laý wag­tyň için­de köp zat öw­ren­di­ler, ola­ram öz ba­şar­ny­gy­ny gör­ke­zer­ler. Og­lan-gyz­la­ry­myz şow­ly çy­kyş et­mä­ge hö­wes­li, köp­san­ly jan­kö­ýer­le­ri­mi­ziň bi­zi gol­da­ma­gy­gy­na bil bag­la­ýa­rys. Spor­tuň bu gör­nü­şi­niň Türk­me­nis­tan­da gel­je­gi uly.

Grek-rim göreşi boýunça milli ýygyndymyzyň ýolbaşçysy,
Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Rozy Rejebow:
– Ýa­pyk bi­nalar­da­ we sö­weş sun­ga­ty bo­ýun­ça V Azi­ýa oýun­la­ry­na Eý­ran­dan, Gü­nor­ta Ko­re­ýa­dan, Hy­taý­dan, şeý­le hem Ga­za­gys­tan­dan, Gyr­gy­zys­tan­dan, Öz­be­gis­tan­dan we beý­le­ki ýurt­lar­dan iň güýç­li päl­wan­lar ge­ler­ler. Diý­mek, tut­lu­şyk­lar çe­ke­le­şik­li, bäs­deş­lik bar­ly­şyk­syz ge­çer. Tür­gen­le­ri­mi­ziň öňün­de jo­gap­kär­li we­zi­pe dur­ýar – bar ün­sü­ňi bir ýe­re jem­läp, ýur­du­my­za my­na­syp we­kil­çi­lik et­mek üçin aň­ry­çäk go­wy ne­ti­je gör­kez­me­li.Türk­me­nis­ta­nyň ýy­gyn­dy to­pa­ry­nyň ar­tyk­maç­ly­gy – ýa­ry­şyň öz ýur­du­myz­da ge­çi­ril­ýän­li­gi we köp­san­ly jan­kö­ýer­le­riň gol­da­wy­dyr, bu bol­sa, şah­sy we to­par­la­ýyn bäs­le­şik­ler­de hem­mä deň müm­kin­çi­lik ber­ýän mö­hüm hö­wes­dir.

Türkmenistanyň taýboks milli ýygyndy toparynyň tälimçisi
Orazmuhammet Bäşimow:
– Fe­de­ra­si­ýa­nyň düý­bi tu­tu­lan­da tür­gen­le­ri tap­mak, bu ugur üçin taý­ýar­la­mak kyn bol­dy, se­bä­bi spor­tuň bu gör­nü­şi ýurt­da ýaý­ra­dyl­ma­dyk­dy. Üç aý ge­çen­soň, ýurt de­re­je­sin­de çem­pio­nat ge­çir­dik. Bu çem­pio­nat taý­bok­syň ýaý­ra­ma­gy­na iter­gi ber­di. Kem-kem­den boks, uşu, ka­ra­te we kik­bok­sing bi­len meş­gul­lan­ýan tür­gen­ler to­pa­ry­my­za go­şul­dy, şeý­dip, mil­li ýy­gyn­dy to­pa­ry­nyň öze­ni dö­re­di. Spor­tuň bu gör­nü­şi bi­len meş­gul­lan­ýan il­kin­ji tür­gen­le­riň kä­bir­i eý­ýäm Türk­me­nis­ta­nyň ady­ny taý­boks dün­ýä­sin­de ta­nat­ma­gy ba­şar­dy­ we öz ýur­du­nyň ab­ra­ýy­ny go­rap, bir­nä­çe hal­ka­ra ýa­ryş­la­ra gat­naş­dy­lar hem-de baý­rak­ly orun­la­ra my­na­syp bol­du­lar.

Türkmenistanyň atly sportunyň
konkur görnüşi boýunça türgeni
Ezber Babalyýew:
– Men 2006-njy ýy­la çen­li at çap­dym. Soň­ra işi­me kä­bir üýt­geş­me­le­ri gi­riz­mek is­le­dim, ýöne bu üýt­geş­me at­çy­lyk­dan daş­laş­ma­ly däl­di. Şeý­le­lik­de, men at­çy­lyk spor­tu­nyň kon­kur gör­nü­şi bi­len meş­gul­lan­ma­gy ma­kul bil­dim.
Çün­ki men spor­tuň bu gör­nü­şin­den çäk­siz lez­zet al­ýa­ryn. Me­niň baş mak­sa­dym, şu aý­da Wa­ta­nymyz­da ge­çi­ril­jek Oýun­la­ra gat­na­şyp, al­tyn me­da­ly eýe­le­mek.

3×3 basketbol boýunça Türkmenistanyň
zenanlar toparynyň kapitany Aýna Gökowa:
– Merkezi Aziýada ilkinji gezek geçirilýän iň iri, köpugurly sport çä­resinde Aziýadan hem-de Okeaniýadan gatnaşjak iň ökde toparlara garşy çykyş etmek üçin birkemsiz taýýarlandyk. Biziň her geçen günümiz ýeňiş gazanmaga bolan ynamymyzy barha artdyrýar. Oýunlarda iň ýokary baýragy aljakdygymyza-da doly ynanýarys.

Türkmenistanyň bowling milli ýygyndy toparynyň türgeni Geldi Garaýew:
– Men ýe­di ýyl­dan bä­ri ka­ra­te bi­len meş­gul­lan­ýa­ryn we eý­ýäm köp üs­tün­lik ga­zan­ma­gy ba­şar­dym. Em­ma 2010-njy ýyl­da Aş­ga­bat şä­he­rin­de Ýa­pyk bi­na­lar­da we sö­weş sun­ga­ty bo­ýun­ça V Azi­ýa oýun­la­ry­nyň ge­çi­ril­jek­di­gi ba­ra­daky hoş habary eşi­de­nim­de, meniňem Oýun­la­ra gat­na­şa­sym gel­di. Men 2015-nji ýyl­da bow­ling bo­ýun­ça Türk­me­nis­ta­nyň çem­pio­na­tynyň ge­çi­ril­ýän­di­gi ba­ra­da eşit­dim we özü­mi sy­nap gör­mek üçin ýa­ry­şa gat­naş­dym. Ýe­ňiş ga­zan­ma­dym, em­ma oý­nuň çyl­şy­rym­ly däl­di­gi­ne dü­şün­dim. Şon­dan soň­ra yzy­gi­der­li tür­gen­leş­me­gi ma­kul gör­düm. In­di me­niň ”Aş­ga­bat 2017”-ä gat­naş­mak ar­zu­wy­myň ha­syl bolanyna begenýärin.

Türkmenistanyň tennis milli ýygyndysynyň türgeni Hajymyrat Çaryýew:
– Me­niň üçin özüm­den ulu­lar bi­len bir to­par­da çy­kyş et­mek örän tol­gun­dy­ry­jy. Olar ma­ňa oý­nuň do­wa­myn­da ün­sü­mi jem­le­me­gi we beý­le­ki dür­li teh­ni­ki tär­le­ri öw­ret­di­ler. Ýur­du­myz­da ýo­ka­ry de­re­je­de geç­jek çe­ke­le­şik­li ýa­ryş­da altyn me­dal ga­zan­ma­gy öňü­miz­de be­lent mak­sat edip goý­duk.

Türkmenistanyň suwda ýüzmek boýunça milli
ýygyndysynyň türgeni Merdan Ataýew:
– Ata Wa­ta­nym üçin al­tyn me­da­ly ga­zan­mak esa­sy bor­jum bo­lup dur­ýar. Me­niň hem 50 m, hem 100 m ara­ly­gy brass gör­nüş­de şow­ly ýü­züp geç­jek­di­gi­me yna­mym hal­ka­ra ýa­ryş­lar­da çy­kyş et­mek tej­ri­bä­me esas­lan­ýar. Sö­züň do­ly manysynda, men özü­me taý­ýar di­ýip bil­jek. Jan­kö­ýer il­deş­le­rim­den do­ly bo­lan sta­di­on ma­ňa uly gol­daw be­rer di­ýip, umyt ed­ýä­rin.

Türk­men döw­let ulag we ara­gat­na­şyk ins­ti­tu­ty­nyň
III ýyl ta­ly­by Ar­ça An­na­ba­ýew:
– Men Oýun­la­ryň bir bö­le­gi bol­ma­ga örän hö­wes ed­ýär­dim, se­bä­bi bu ta­ry­hy da­ba­ra bi­ziň ýur­du­myz­da il­kin­ji ge­zek ge­çi­ril­ýär. Meý­le­tin­çi­lik ma­ňa baý tej­ri­be ga­zan­dy­rar. Türk­me­nis­tan­dan ibe­ri­len “Aş­ga­bat 2017” meý­le­tin­çi me­ýil­na­ma­sy­nyň üs­ti bi­len Wýet­nam­da 2016-njy ýyl­da ge­çen Azi­ýa­nyň ke­nar­ýa­ka oýun­la­ry­na gat­naş­ma­gym ýat­dan çyk­ma­jak pur­sat­la­ryň bi­ri bol­dy.

Türk­men döw­let yk­dy­sa­dyyet we do­lan­dy­ryş
ins­ti­tu­ty­nyň II ýyl ta­ly­by
Leý­li Mäm­met­ni­ýa­zo­wa:
– Açy­lyş da­ba­ra­sy­ny gör­mek üçin örän sa­byr­syz­lyk bi­len ga­raş­ýa­ryn. Se­bä­bi on­dan soň, hem­me iş­ler baş­lar we has gy­zyk­ly bo­lar. Meý­le­tin­çi­lik döw­rün­de toplan tej­ri­bä­miz dur­mu­şyň äh­li ugur­la­ryn­da hem peý­da berýär.

Hal­ka­ra yn­san­per­wer ylym­la­ry we ösüş
uni­wer­si­te­ti­niň komp­ýu­ter teh­no­lo­gi­ýasy fa­kul­te­ti­niň V ýyl ta­ly­by
Ra­hat Pir­gu­ly­ýew:
– Ta­ry­hy wa­ka­nyň bir bö­le­gi bol­mak tol­gun­dy­ry­jy we örän jo­gap­kär­li. Oýun­lar­da biz uly äh­mi­ýe­te eýe bo­lan iş­le­ri ýe­ri­ne ýe­tir­me­li­di­ris.

Türk­men döw­let ma­li­ýe ins­ti­tu­ty­nyň II ýyl ta­ly­by
Gy­zyl­gül Al­la­şü­kü­ro­wa:
– Meý­le­tin­çi hök­mün­de “Aş­ga­bat 2017” oýun­la­ry­na gat­naş­ýan­dy­gym me­ni örän buý­san­dyr­ýar. Oýun­la­ra gel­ýän myh­man­lar­da oňaý­ly tä­sir gal­dyr­sak, bi­ziň ýur­du­my­zyň me­de­ni­ýe­ti­ne ýo­ka­ry ba­ha be­ril­jek­di­gi­ni hiç bi­ri­miz unut­ma­ly däl­di­ris. Oýun­lar baş­lan­da Azi­ýa we Okea­ni­ýa ýurt­la­ryn­dan gel­jek myh­man­la­ry gar­şy al­ma­ga sa­byr­syz­lyk bi­len ga­raş­ýa­rys.

S.A. Ny­ýa­zow adyn­da­ky Türk­men oba ho­ja­lyk
uni­wer­si­te­ti­niň III ýyl ta­ly­by,
Döw­let Beg­na­za­row:
– Men ýo­ka­ry okuw mek­de­bi­ne ta­lyp bo­lan döw­rüm “Aş­ga­bat 2017” oýun­la­ry­ny ge­çir­mek bo­ýun­ça meý­le­tin­çi­li­ge ýa­zyl­dym. Bu me­niň üçin il­kin­ji tej­ri­be. Meý­le­tin­çi­lik dost­la­ry­my­zy kö­pelt­mä­ge, ata Wa­ta­ny­myz­da ge­çi­ril­ýän uly da­ba­ra­nyň bir bö­le­gi bol­ma­ga ber­len aja­ýyp müm­kin­çi­lik­dir.

ürk­men döw­let ma­li­ýe ins­ti­tu­ty­nyň
bar­lag we ha­sap­la­ma hü­nä­ri­niň
III ýyl ta­ly­by Ýaz­gül Taý­ly­ýe­wa:
– Men bir­nä­çe ugur­lar­da özü­mi sy­nap gö­re­nim­den soň, sport ug­run­da iş­le­je­gi­me göz ýe­tir­dim. Ge­çi­ril­jek “Aş­ga­bat 2017” oýun­la­ry maňa peý­da­ly tej­ri­be ga­zan­mak üçin go­wy müm­kin­çi­lik­dir.