Dünýä ýaň sa­lan sport baý­ra­my

    8

    Be­dew ba­dy bi­len öňe bar­ýan ýur­du­my­zyň paý­tag­ty gö­zel Aş­ga­bat­da döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş­lan­gy­jy bi­len ge­çi­ril­jek Ýa­pyk bi­na­lar­da we sö­weş sun­ga­ty bo­ýun­ça V Azi­ýa oýun­la­ryna sanlyja gün galdy. Bü­tin dün­ýä­niň sport­sö­ýü­ji­le­rin­de çuň­ňur gy­zyk­lan­ma­la­ry art­dyr­ýan bu sport fo­ru­my­ny üs­tün­lik­li gar­şy­la­mak ýur­du­my­zy top­lum­la­ýyn esas­da gur­şap al­dy.
    Mer­ke­zi Azi­ýa se­bi­tin­de de­ňi-ta­ýy bol­ma­dyk Olim­pi­ýa şä­her­çe­sin­de ge­çi­ril­jek “Aş­ga­bat 2017”-niň düýp maz­mu­nyn­da dün­ýä­ni bir­leş­dir­jek türk­men spor­tu­nyň halkymyzyň dur­mu­şy­nyň aý­ryl­maz bö­le­gi­di­gi­ni älem-ja­ha­na äş­gär eder.
    “Aş­ga­bat 2017”-niň oýunlarynyň ýo­ka­ry de­re­je­de ge­çi­ril­me­gi sag­dyn nes­liň ke­ma­la gel­me­gi­ne, hal­ka­ra de­re­je­sin­de us­sat tür­gen­le­ri­mi­ziň ýe­tiş­me­gi­ne, ýurt­da olim­pi­ýa he­re­ke­ti­niň giň­den ýaý­baň­lan­ma­gy­na, jem­gy­ýet­de meý­le­tin­çi­lik he­re­ke­ti­niň ös­me­gi­ne, ýaş­la­ryň köp dil öw­ren­mä­ge hö­wes­le­ri­niň art­ma­gy­na oňyn tä­si­ri­ni ýe­tir­ýär.
    Ýa­pyk bi­na­lar­da we sö­weş sun­ga­ty bo­ýun­ça V Azi­ýa oýun­la­ry my­na­sy­bet­li ge­çi­ri­len çä­re­leriň we ta­nyş­dy­ry­lyş hem-de ma­ha­bat­lan­dyr­mak ba­bat­da al­nyp ba­r­lan iş­le­riň kä­bi­ri­ni siziň dyk­ga­ty­ňy­za ýe­tir­ýä­ris!

    At­ly ýö­ri­şe ba­dal­ga be­ril­di
    2016-njy ýylyň 5-nji ma­ýyn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ýa­pyk bi­na­lar­da we sö­weş sun­ga­ty bo­ýun­ça V Azi­ýa oýun­la­ry­nyň baş­lan­ma­gy­na 500 gü­nüň gal­ma­gy my­na­sy­bet­li tu­tuş ýur­du­my­zy gur­şap al­jak we paý­tag­ty­myz­da­ky Olim­pi­ýa şä­her­çe­si­niň baş meý­dan­ça­syn­da “Aş­ga­bat 2017”-niň açy­lan gü­nün­de ta­mam­lan­jak owa­dan ahal­te­ke be­de­wleri­ne at­la­nan 17 ça­pyk­su­wa­ryň gat­naş­ma­gyn­da­ky at­ly ýö­ri­şe ba­dal­ga ber­di. Da­ba­ra Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Bi­lim, ylym we me­de­ni­ýet me­se­le­le­ri bo­ýun­ça gu­ra­ma­sy­nyň (ÝU­NES­KO-nyň) Bü­tin­dün­ýä mi­ra­sy­nyň sa­na­wy­na go­şu­lyp, dün­ýä me­de­ni­ýe­ti­niň aý­ryl­maz bö­le­gi hök­­mün­de yk­rar edi­len Ga­dy­my “Nu­saý” döw­let ta­ry­hy-me­de­ni go­rag­ha­na­syn­da ge­çi­ril­di.

    Ça­pyk­su­war­lar ýo­luň
    ýa­ry­sy­ny geç­di
    At­ly ýö­rişe gat­naş­ýan ça­pyk­su­war­lar öz ýo­lu­nyň gyl­la ýa­ry­ny ge­çip, Ahal, Bal­kan we Da­şo­guz se­bit­le­ri­niň oba­dyr şä­her­le­ri­ni aý­la­nyp, Le­bap we­la­ýa­ty­na gelmeginiň öňü­sy­ra­syn­da “Aşgabat 2017”-niň baş­lan­ma­gy­na 250 günüň gal­ma­gy my­na­sy­bet­li Ga­zo­jak şä­he­ri­niň hä­kim­li­gin­de mas­la­hat ge­çi­ril­di. Da­şo­guz hem-de Le­bap we­la­ýat­la­ry­nyň çäk­le­ri­ni ala­mat­lan­dyr­ýan baý­ram­çy­lyk gör­nü­şin­de be­ze­len der­we­zä­niň öňün­de le­bap­ly­lar bu ta­ry­hy ýö­ri­şe gat­naş­ýan 17 ça­pyk­su­wa­ry uly şat­lyk bi­len da­ba­ra­ly gar­şy­la­dy­lar. Bu ýat­dan çyk­ma­jak wa­ka my­na­sy­bet­li Ga­zo­jak şä­he­rin­den 25 ki­lo­metr­lik­dä­ki giň meý­dan­ça­da ar­zy­ly myh­man­lar üçin baý­ram­çy­lyk be­ze­gi­ne bes­le­nen me­de­ni-sport des­ga­la­ry we türk­men ak öý­le­ri­niň ha­ta­ry gu­rul­dy.
    Şat­lyk­ly joş­gun ber­ýän sa­zyň, dep­re­giň, ça­ga­la­ryň şa­dy­ýan ses­le­ri­niň as­tyn­da hor­mat­ly il ýa­şu­lu­la­ry, mil­li ly­bas­da­ky ze­nan­lar at­ly­la­ry myh­man­sö­ýer­li­gi we aba­dan­çy­ly­gy ala­mat­lan­dyr­ýan duz-çö­rek bi­len gar­şy­la­dylar.

    “Ins­pi­ring Ash­ga­bat” synag ýa­ryş­la­ry
    Şu ýy­lyň 23-nji ap­re­lin­de ýur­du­myz­da ge­çi­ril­jek “Aş­ga­bat 2017” oýun­la­ry­nyň baş­lan­ma­gy­na 150 gün ga­lan­dy­gy my­na­sy­bet­li Olim­pi­ýa şä­her­çe­sin­de “Ins­pi­ring Ash­ga­bat” şy­ga­ry bi­len sy­nag ýa­ryş­la­ry­na ba­dal­ga be­ril­di. Se­bit­de de­ňi-ta­ýy bol­ma­dyk sport des­ga­la­ry­ny öz içi­ne al­ýan Aş­ga­bat şä­he­rin­dä­ki Olim­pi­ýa şä­herçesinde agyr at­le­ti­ka bo­ýun­ça ulu­la­ryň ara­syn­da Azi­ýa­nyň çem­pio­na­ty, kik­bok­sing bo­ýun­ça WA­KO gu­ra­ma­sy ta­ra­pyn­dan gur­al­ýan Azi­ýa­nyň çem­pio­na­ty we gys­ga ara­lyga ýüz­mek bo­ýun­ça hal­ka­ra ýa­ry­şy ap­rel aýy­nyň 23-30-y ara­ly­gyn­da ge­çi­ril­di. Sy­nag ýa­ryş­la­ry­ny ge­çir­mek di­ňe iň go­wy Azi­ýa oýun­la­ry­ny ge­çir­mek üçin iş me­ýil­na­ma­nyň wa­jyp tap­gy­ry bol­man, eý­sem, Aş­ga­bat şä­he­ri­niň ýa­şaý­jy­la­ry üçin Olim­pi­ýa şä­her­çe­si­ni syn­la­mak üçin aja­ýyp müm­kin­çi­lik bol­dy.

    Hal­ka­ra me­dia fo­rumy ge­çir­ildi
    Şu ýy­lyň iýun aýyn­da “Aş­ga­bat 2017” oýun­la­ry­nyň baş­la­ma­gy­na 100 gü­nüň gal­ma­gy my­na­sy­bet­li Ma­ry şä­he­ri­niň kö­pu­gur­ly sta­dio­nyn­da uly da­ba­ra ge­çi­ril­di. Bu da­ba­ra­da çy­kyş eden tans­çy­la­ryň we me­de­ni­ýet iş­gär­le­ri­niň aja­ýyp çy­kyş­la­ry­na dün­ýä­niň dür­li kün­jek­le­rin­den ge­len 100-den gow­rak köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň we­kil­le­ri to­ma­şa et­di­ler. Bu çä­re paý­tag­ty­myz Aş­ga­bat­da we Ma­ry şä­he­rin­de bir­nä­çe gün do­wam eden hal­ka­ra me­dia fo­ru­myň çä­gin­de taý­ýar­la­nyl­dy. Aş­ga­bat­da ge­çi­ril­jek Oýun­lar ba­ra­da ha­bar ber­mek we ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­ne bu Oýun­la­ry ge­çir­mä­ge äh­li döw­re­bap des­ga­la­ryň taý­ýar­dy­gy­ny gör­kez­mek üçin bu hal­ka­ra fo­ru­ma bir­nä­çe myh­man­lar ça­gy­ryl­dy. Žur­na­list­ler Türk­me­nis­ta­nyň Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gi we Türk­me­nis­ta­nyñ te­le­wi­de­ni­ýe, ra­dio­gep­le­şik­ler we ki­ne­ma­tog­ra­fi­ýa baradaky döw­let ko­mi­te­ti ta­ra­pyn­dan gur­a­lan Ýa­pyk bi­na­lar­da we sö­weş sun­ga­ty bo­ýun­ça V Azi­ýa oýun­la­ry­na 100 günüň gal­ma­gy my­na­sy­bet­li “Azia­da dün­ýä met­bu­ga­tyn­da” at­ly hal­ka­ra me­dia fo­ru­my­na gat­naş­dy­lar.

    We­lo­si­ped­li ýö­riş ge­çi­ril­di
    Azi­ýa yk­ly­myn­da giň ge­rim­de ge­çi­ril­jek kö­pu­gur­ly sport çä­re­si­niň baş­lan­ma­gy­na 50 günüň galmagy my­na­sy­bet­li 29-njy iýul­da Aş­ga­bat­da köp­çü­lik­le­ýin we­lo­si­ped­li ýö­riş ge­çirildi. Şol bir­wag­tyň özün­de Oýun­la­ra gö­rül­ýän taý­ýar­lyk­la­ryň dep­gi­ni bi­len ta­nyş­dyr­mak üçin met­bu­gat we­kil­le­ri bi­len du­şu­şyk ge­çi­ril­di. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­lan­gy­jy bo­ýun­ça şol gün Aş­ga­ba­dyň kö­çe­le­ri di­ňe we­lo­si­ped­li­ler üçin açyk bol­dy we türk­me­nis­tan­ly­lar we­lo­si­ped sür­mek müm­kin­çi­li­gi­ni elin­den gi­dir­me­di­ler. Gahryman Ar­ka­da­gy­myzyň hut özi hem we­lo­si­ped­li ýö­ri­şe gat­naş­dy. Şeý­le hem, bu çä­rä mi­nistr­lik­le­riň we pu­dak eda­ra­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry hem gat­naş­dy­lar. Ýö­riş­den soň­ra hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ze “Aş­ga­bat 2017”-niň il­kin­ji pe­tegi we il­kin­ji akk­re­di­ta­si­ýa şa­ha­dat­na­ma­sy da­ba­ra­ly ýag­daý­da gow­şu­ryl­dy. Mun­dan baş­ga-da, şol gün Oýun­lar üçin pe­tek sa­tuw­la­ry baş­lan­dy.

    Şow­hun­ly ga­la kon­serti ge­çi­ril­di
    Şu ýy­lyň 17-nji aw­gus­tyn­da Mer­ke­zi Azi­ýa­da şu wag­ta çen­li ge­çi­ri­len iň uly kö­pu­gur­ly sport çä­re­si­ne, ýag­ny Ýa­pyk bi­na­lar­da we sö­weş sun­ga­ty bo­ýun­ça V Azi­ýa oýun­la­ry­na 30 günüň gal­ma­gy my­na­sy­bet­li hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň gat­naş­ma­gyn­da baý­ram­çy­lyk da­ba­ra­la­ry ge­çi­ril­di. Şol gün mil­li Li­de­ri­miz Aş­ga­bat şä­he­rin­de ge­çi­ri­len bir­nä­çe çä­re­le­re, ýag­ny Türk­men ga­wunynyň gününe ba­gyş­la­nan türk­men top­ra­gyn­da ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ril­ýän ga­wun­la­ryň we Azi­ýa­nyň ta­gam­la­ry­nyň ser­gi­si­ne gat­naş­dy. Soň­ra döw­let Baş­tu­ta­ny­myz hor­mat­ly myh­man­lar bi­len bi­le­lik­de, sun­gat us­sat­la­ry­nyň kon­ser­ti­ne to­ma­şa et­di. Dün­ýä bel­li bri­tan aý­dym­çy­sy Jon Nýu­man we ýur­du­my­zyň meş­hur aý­dym­çy­la­ry­ öz çy­kyş­la­ry bi­len kon­ser­te gat­na­şy­jy­la­ra lez­zet ber­di. Olim­pi­ýa şä­her­çe­sin­de ge­çi­ri­len bu çä­re­ler, ýur­du­my­zyň yk­ly­myň iri sport ýa­ry­şy­na taý­ýar­dy­gy­ny ýe­ne-de bir ge­zek tu­tuş dün­ýä gör­kez­di.